Biziň Kärhanamyz
Hormatly Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, binagärlik paýhasy bilen Türkmenistan watanymyz ýylyň ýylyna ähli ulgamlarda öňe barýar. Gazanylýan üstünliklere Türkmenistanyň “Senagat we gurluşyk önümçiligi” ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” Döwlet kärhanasy hem öz goşandyny goşup, Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda kärhanamyzda zähmet gaýnap joşýar.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň 15-nji maý aýynda ýurdumyzda batly depginler bilen alynyp barylýan gurluşyklara zerur gerek bolan materiallary öndürýän kärhanany açyp bermegi biziň üçin guwandyryjy wakadyr. Kärhananyň açylmagy bilen ýurdumyzyň ilatyna täze iş ýerleri açyldy. Ýurdumyzda täze ýeke-täk gurulyp ulanmaga berilen, demir galyndylaryny gaýtadan işläp çykarýan kärhanamyzyň önümleri Garaşsyz hem Baky Bitarap ýurdumyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabady ösdürmeklikde, şeýle-hem welaýatlarda gurulan binagärlik ulgamyndaky gurluşyklara uly goşant goşýar.
“Türkmendemirönümleri” Döwlet kärhanasy demirönümlerine bolan ýokary islegi kanagatlandyrmak üçin häzirki döwürde netijeli işleri durmuşa geçirýär.
“Türkmendemirönümleri” Döwlet kärhanasynda demir galyndylary saýlanylyp “Elektropolaterediji” sehinde eredilip, himiki goşundylary goşulyp himiki düzümi halkara standartlaryna laýyk getirilip, polat ýarymtaýynçlary guýulýar. Guýulan polat ýarymtaýynçlary hil sozma hatarlaryna geçirilip ýurdumyzyň ähli künjeklerinde güýçli depginlerde alynyp barylýan gurluşyklarda ulanylýan polat armaturalaryň dürli ölçegleri öndürilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli maksatly gurluşyklarynda zerur bolan materiallaryň bolçulygyny döredýär.
Hormatly Arkadag Prezidentimiziň işlemäge gurup beren şeýle ajaýyp kärhanasyna, kärhananyň agzybir işgärleriniň sagbolsunyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyga beslensin.