{"id":4073,"date":"2026-02-02T11:40:52","date_gmt":"2026-02-02T06:40:52","guid":{"rendered":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/?p=4073"},"modified":"2026-02-05T11:48:12","modified_gmt":"2026-02-05T06:48:12","slug":"turkmen-halkynyn-milli-lideri-turkmenistanyn-halk-maslahatynyn-baslygy-gahryman-arkadagymyz-paytagtymyzdaky-olimpiya-sahercesine-bardy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/2026\/02\/02\/turkmen-halkynyn-milli-lideri-turkmenistanyn-halk-maslahatynyn-baslygy-gahryman-arkadagymyz-paytagtymyzdaky-olimpiya-sahercesine-bardy\/","title":{"rendered":"T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gahryman Arkadagymyz pa\u00fdtagtymyzdaky Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esine bardy"},"content":{"rendered":"\n<p><strong><em>T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow pa\u00fdtagtymyzdaky Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esinde bolup, Olimpi\u00fda stadionyny\u0148 \u00f6\u0148de boljak halkara futbol \u00fdary\u015fyna ta\u00fd\u00fdarlygyny\u0148 derejesi bilen tany\u015fdy. H\u00e4zirki wagtda Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen esaslandyrylan \u00abArkadag\u00bb futbol topary AFK-ny\u0148 II \u00c7empionlar ligasyny\u0148 1\/8 finalynda Saud Arabystany Paty\u015falygyny\u0148 \u00abAl-Nassr\u00bb topary bilen ge\u00e7iriljek du\u015fu\u015fyga ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6r\u00fd\u00e4r.<\/em><\/strong><\/p>\n\n\n\n<p>Sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 i\u015fje\u0148 tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz \u00fdurdumyzy\u0148 t\u00e4ze taryhyna altyn harplar bilen \u00fdazylan \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 ge\u00e7irilen \u00fderi bolan Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esine geldi. Milli Liderimiz h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde halkara gi\u0148i\u015flikde \u00fcst\u00fcnlikli \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4n \u201cArkadag\u201d futbol toparyny\u0148 \u00f6\u0148de boljak jogapk\u00e4rli \u00fdary\u015fyny\u0148 ge\u00e7iriljek \u00fderi bolan 45 m\u00fc\u0148 orunlyk, Merkezi Azi\u00fdada i\u0148 uly Olimpi\u00fda stadionyny\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri bilen tany\u015fdy.<\/p>\n\n\n\n<p>Bu \u00fderde \u00fdurdumyzda \u00fcst\u00fcnlikli ge\u00e7irilen \u00abAziada \u2014 2017-ni\u0148\u00bb esasy ny\u015fany bolan alaba\u00fdy\u0148 \u015fekiline \u00fcns berildi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, alaba\u00fdy\u0148 \u015fekili \u015fol o\u00fdunlarda t\u00fcrkmen t\u00fcrgenlerini uly \u00fde\u0148i\u015flere ruhlandyrdy. Bu gezekki \u00fdary\u015fda hem alaba\u00fdy\u0148 \u015fekilini\u0148 halkara futbol b\u00e4sle\u015figini\u0148 ny\u015fany h\u00f6km\u00fcnde se\u00e7ilip alynmagyny\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti barada a\u00fddyldy. \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 k\u00fc\u015ft, futzal, tennis, ta\u00fdboks, sambo, kura\u015f, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda \u00fd\u00fczmek, basketbol, agyr atletika, \u00fde\u0148il atletika, taekwondo, tans sporty, kik-boksing, gu\u015fakly g\u00f6re\u015f, sport g\u00f6re\u015fi, bil\u00fdard sporty, at\u00e7ylyk sporty (konkur), t\u00fcrkmen milli g\u00f6re\u015fi \u00fdaly sportu\u0148 21 g\u00f6rn\u00fc\u015fi bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7irilendigi, onu\u0148 her bir g\u00f6rn\u00fc\u015fini\u0148 \u00f6zbolu\u015fly ny\u015fanyny\u0148 bolandygy nygtaldy.<\/p>\n\n\n\n<p>So\u0148ky \u00fdyllarda T\u00fcrkmenistan iri halkara sport \u00fdary\u015flaryny\u0148 we sportu\u0148 d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e7empionatlaryny\u0148 ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n merkezine \u00f6wr\u00fcldi. Munu\u0148 \u00f6zi halkara gi\u0148i\u015flikde \u00fdurdumyzy\u0148 sagdynlygy\u0148 hem-de ruhubelentligi\u0148 \u00fdurdy h\u00f6km\u00fcnde e\u00fdele\u00fd\u00e4n ornuny has-da pugtalandyr\u00fdar. Gahryman Arkadagymyz \u00fdurdumyzy\u0148 halkara gi\u0148i\u015flikd\u00e4ki sport abra\u00fdyny\u0148 belende galmagyna g\u00f6n\u00fckdirilen o\u0148yn ba\u015flangy\u00e7lary \u00f6\u0148e s\u00fcrdi. H\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde olary\u0148 hormatly Prezidentimizi\u0148 ba\u015ftutanlygynda dowam etdirilmegi bilen, T\u00fcrkmenistan d\u00fcn\u00fd\u00e4 derejeli sport \u00fdary\u015flaryny\u0148 yzygiderli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00fderine \u00f6wr\u00fcldi. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 milli sport ulgamyndaky gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli ba\u015flangy\u00e7laryny\u0148 rowa\u00e7lyklara beslen\u00fd\u00e4ndigi nazara alnyp, sportu\u0148 \u00e4hli g\u00f6rn\u00fc\u015flerini, \u015fol sanda t\u00fcrkmen futbolyny hemmetarapla\u00fdyn \u00f6sd\u00fcrmek ugrunda yzygiderli tagalla edil\u00fd\u00e4r. Bu bolsa o\u0148yn netijelerini hem ber\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmen t\u00fcrgenlerini\u0148 sportu\u0148 d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a halkara \u00fdary\u015flarda gazan\u00fdan \u00fcst\u00fcnlikleri munu\u0148 a\u00fddy\u0148 mysalydyr.<\/p>\n\n\n\n<p>Azi\u00fda we Okeani\u00fda \u00fdurtlaryny\u0148, bosgunlary\u0148 wekillerini\u0148 m\u00fc\u0148ler\u00e7esini\u0148 gatna\u015fmagynda Merkezi Azi\u00fda sebitini\u0148 taryhynda ilkinji gezek ge\u00e7irilen A\u015fgabat Aziadasyny\u0148 \u00fdokary gurama\u00e7ylyk derejesini\u0148 \u00fcpj\u00fcn edilmegi \u00fdurdumyzda halkara sport b\u00e4sle\u015fiklerini ge\u00e7irmek bo\u00fdun\u00e7a toplanan tejrib\u00e4ni\u0148 has-da ba\u00fdla\u015fmagyna gi\u0148 \u00fdol a\u00e7dy. \u015eunda \u00fdary\u015flara T\u00fcrkmenistany\u0148 ba\u015flangyjy bilen Okeani\u00fda \u00fdurtlaryny\u0148 hem-de bosgunlary\u0148 wekillerini\u0148 gatna\u015fdyrylmagy, o\u00fdunlary\u0148 maksatnamasyna t\u00fcrkmen milli g\u00f6re\u015fini\u0148 girizilmegi onu\u0148 tapawutly a\u00fdratynlygy boldy.<\/p>\n\n\n\n<p>M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esi Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy esasynda bina edildi. Sport toplumyny\u0148 d\u00fcrli ugurlar bo\u00fdun\u00e7a \u00fd\u00f6ritele\u015fdirilen binalarynda \u201cAziada \u2014 2017\u201d o\u00fdunlary \u00fda\u00fdba\u0148landyryldy. \u00ddurdumyzy\u0148 sport taryhynda m\u00f6h\u00fcm orny e\u00fdel\u00e4n \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 alawy Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esine getirildi. Bu dabaraly \u00fd\u00f6ri\u015f Di\u00fdarymyz bo\u00fdun\u00e7a 500 g\u00fcnl\u00e4p dowam etdi. Munu\u0148 \u00f6zi Gara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 taryhynda ilkinji gezek ge\u00e7irilen iri \u00fdary\u015flara ta\u00fd\u00fdarlygy\u0148 gi\u0148 gerime e\u00fde bolandygyny alamatlandyrdy.<\/p>\n\n\n\n<p>&#8230;T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri stadiony\u0148 me\u00fddan\u00e7asy, onu\u0148 toma\u015fa\u00e7ylar \u00fc\u00e7in ni\u00fdetlenen oturgy\u00e7lary we be\u00fdleki m\u00fcmkin\u00e7ilikleri bilen i\u00e7gin tan\u015fyp, bu ugurda bar bolan meseleleri\u0148 o\u0148yn \u00e7\u00f6z\u00fclmegini\u0148 m\u00f6h\u00fcm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hi\u00e7 bir mesel\u00e4ni\u0148 \u00fcnsden d\u00fc\u015f\u00fcrilmeli d\u00e4ldigini a\u00fddyp, \u00fdurdumyzy\u0148 sport abra\u00fdyny\u0148 belende galmagynda \u00e4hmi\u00fdetli bolan b\u00e4sle\u015figi\u0148 gurama\u00e7ylyk derejesine \u00f6r\u00e4n jogapk\u00e4r\u00e7ilikli \u00e7emele\u015filmelidigine \u00fcnsi \u00e7ekdi.<\/p>\n\n\n\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy futbol \u00fdary\u015fyny\u0148 gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irilmegini\u0148, futbol jank\u00f6\u00fderleri we toma\u015fa\u00e7ylar \u00fc\u00e7in \u00e4hli zerur \u015fertleri\u0148 d\u00f6redilmegini\u0148 wajyp wezipe h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenendigini nygtady. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, bu ugra degi\u015fli \u00e4hli d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 sazla\u015fykly i\u015fi \u00fdola go\u00fdulmalydyr. Futbol \u00fdary\u015fyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4de gi\u0148den be\u00fdan edilmegi bilen baglany\u015fykly meselelere hemmetarapla\u00fdyn esasda \u00e7emele\u015filmelidir. Bu \u00fderde \u00fdary\u015fa toma\u015fa etjekler \u00fc\u00e7in bol\u015fy \u00fdaly, t\u00fcrgenler we t\u00e4lim\u00e7iler \u00fc\u00e7in hem zerur \u015fertler d\u00f6redilmelidir. \u015eunda h\u00e4zirki zamany\u0148 t\u00e4ze\u00e7il tehnologi\u00fdalaryny\u0148, d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6sen tejribesini\u0148 i\u015fje\u0148 ulanylmalydygyna \u00fcnsi \u00e7ekip, hormatly Arkadagymyz bu babatda degi\u015fli \u00fdolba\u015f\u00e7ylara maslahatlaryny berdi.<\/p>\n\n\n\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 \u00fdanyndaky Arkadag \u015f\u00e4herini\u0148 gurlu\u015fygy bo\u00fdun\u00e7a d\u00f6wlet komitetini\u0148 ba\u015flygy D.Orazow stadiony\u0148 futbol me\u00fddan\u00e7asyny\u0148 ta\u00fd\u00fdarlyk derejesini\u0148 \u00fdokary halkara g\u00f6rkezijilere, h\u00e4zirki zaman talaplaryna doly la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4ndigi hem-de stadionda halkara \u00fdary\u015flary, \u00fdokary derejeli t\u00fcrgenle\u015fikleri ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in \u00e4hli zerur \u015fertleri\u0148 bardygy barada gi\u0148i\u015fle\u00fdin maglumat berdi. Stadiony\u0148 futbol me\u00fddan\u00e7asy o\u00fdundan be\u00fdleki wagtlarda \u00fd\u00f6rite polietilen bilen \u00f6rt\u00fcl\u00fd\u00e4r. Munu\u0148 \u00f6zi me\u00fddan\u00e7any\u0148 hemi\u015fe talabala\u00fdyk derejede saklanmagyny \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4r. Gahryman Arkadagymyz sport ulgamyna degi\u015fli \u00e4hli desgalary\u0148, \u015fol sanda Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esini\u0148 binalaryny\u0148, Olimpi\u00fda stadionyny\u0148 me\u00fddan\u00e7asyny\u0148 ykrar edilen talaplara la\u00fdyk derejede saklanmagy bilen bagly meseleleri\u0148 wajypdygyny belledi.<\/p>\n\n\n\n<p>Milli Liderimiz ba\u015flanmagyna 10 g\u00fcn galan halkara futbol du\u015fu\u015fygyny\u0148 \u00fdokary derejede dabaralandyrylmagy, onu\u0148 mahabat i\u015flerini\u0148 talabala\u00fdyk \u00fdola go\u00fdulmagy, d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fdurtlaryny\u0148 k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin habar beri\u015f seri\u015fdelerini\u0148 netijeli i\u015flemekleri ugrunda \u00e4hli zerur tagallalary\u0148 edilmelidigini a\u00fdtdy we bu babatda degi\u015fli \u00fdolba\u015f\u00e7ylara maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz h\u00e4zirki d\u00f6wr\u00fc\u0148 Olimpi\u00fda hereketini esaslandyryjy P\u00fder de Kuberteni\u0148 \u201cSporta waspnamasyndaky\u201d \u201cSport, sen \u2014 parahat\u00e7ylyk!\u201d di\u00fden s\u00f6zlerini mysal getirdi. Munu\u0148 \u00f6zi d\u00fcn\u00fd\u00e4de ruhubelentligi\u0148 senasy, parahat\u00e7ylygy\u0148, d\u00f6redijiligi\u0148, \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148, \u015fatlygy\u0148 we sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 \u00e7agyry\u015fy, \u00fda\u015flygy\u0148, \u00fde\u0148\u015fe bolan ynamy\u0148 netijesi h\u00f6km\u00fcnde ykrar edilendir.<\/p>\n\n\n\n<p>Hormatly Prezidentimizi\u0148 parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjilikli da\u015fary sy\u00fdasaty we gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli ba\u015flangy\u00e7lary P\u00fder de Kuberteni\u0148 sporty wasp ed\u00fd\u00e4n j\u00fcmleleri bilen sazla\u015fykly utga\u015f\u00fdar. Bu bolsa \u00fdurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy\u0148 ba\u015ftutanlygynda edil\u00fd\u00e4n tagallalary\u0148 tutu\u015f adamzady\u0148 b\u00e4hbidine g\u00f6n\u00fckdiril\u00fd\u00e4ndigini a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p>\n\n\n\n<p>Gahryman Arkadagymyz hem sporty parahat\u00e7ylygy\u0148 il\u00e7isi hasapla\u00fdar. Di\u00fdarymyzy\u0148 d\u00fcrli k\u00fcnjeklerinde, pa\u00fdtagtymyzda hem-de Arkadag \u015f\u00e4herinde k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin bedenterbi\u00fd\u00e4ni, \u00fdokary netijeli sporty \u00f6sd\u00fcrmek, halkara \u00fdary\u015flary guramak, t\u00fcrgenle\u015fikleri ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in \u00e4girt uly m\u00fcmkin\u00e7ilikleri \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4n d\u00f6wrebap sport toplumlary we k\u00f6pugurly stadionlar hereket ed\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00fdurdumyzda gurul\u00fdan durmu\u015f maksatly binalary\u0148 taslamalary ta\u00fd\u00fdarlananda, olarda sport me\u00fddan\u00e7alaryny\u0148 g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulmagy m\u00f6h\u00fcm talap h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenildi. K\u00f6pugurly sport toplumlary we t\u00fcrgenle\u015fik merkezleri jemgy\u00fdetde sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 berkidilmeginde wajyp \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedir.<\/p>\n\n\n\n<p>Stadionlary\u0148, h\u00e4zirki zaman sport toplumlaryny\u0148 gurlu\u015f a\u00fdratynlyklary \u015f\u00e4herleri\u0148 ugurda\u015f desgalary bilen bir bitewi sazla\u015fygy emele getir\u00fd\u00e4r. 2017-nji \u00fdylda \u00fcst\u00fcnlikli ge\u00e7irilen \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 esasy ny\u015fany bolan bedewi\u0148 \u00e7eper-monumental ke\u015fbi \u015fol g\u00f6rn\u00fc\u015fi\u0148 ga\u00fdtalanmajak binag\u00e4rlik alamatyna \u00f6wr\u00fcldi. Bu aja\u00fdyp ke\u015fpde \u201cAziada \u2014 2017-ni\u0148\u201d \u00e4hli pikir konsepsi\u00fdasy, T\u00fcrkmenistany\u0148 belent maksatlara, d\u00fcn\u00fd\u00e4de parahat\u00e7ylyga hem-de halklary\u0148 arasyndaky dostluga, \u00e4hlumumy rowa\u00e7lygy\u0148 b\u00e4hbidine d\u00f6redijilikli gatna\u015fyklara, sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini berkarar etm\u00e4ge ygrarlylygy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 teklibine la\u00fdyklykda, Olimpi\u00fda stadionynda \u00fderle\u015fdirilen bedewi\u0148 \u015fekilini\u0148, halkymyzy\u0148 asylly d\u00e4bi esasynda, \u00fcz\u00e4rligi\u0148 dessesi we \u00f6r\u00fclen alaja bilen bezelmegi \u00fdurdumyzda ha\u00fdyr i\u015fleri\u0148 milli dessurlar bilen utga\u015fdyryl\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 be\u00fdanydyr.<\/p>\n\n\n\n<p>Sebitde de\u0148i-ta\u00fdy bolmadyk Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esi halkymyzy\u0148 milli bu\u00fdsanjyna \u00f6wr\u00fcldi. Bu desgalar toplumynda sportu\u0148 d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a halkara \u00fdary\u015flar \u00fcst\u00fcnlikli ge\u00e7irildi. \u015eolary\u0148 hatarynda 2017-nji \u00fdylda ge\u00e7irilen \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny, 2018-nji \u00fdyldaky Agyr atletika bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e7empionatyny, 2023-nji \u00fdyldaky Kura\u015f bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e7empionatyny, 12 \u00fda\u015fa \u00e7enli \u00fda\u015f t\u00fcrgenleri\u0148 arasynda tennis bo\u00fdun\u00e7a Merkezi Azi\u00fdany\u0148 toparla\u00fdyn \u00fdary\u015fyny g\u00f6rkezmek bolar.<\/p>\n\n\n\n<p>M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, Halkara futbol federasi\u00fdasyny\u0148 prezidenti Janni Infantino 2023-nji \u00fdylda \u00fdurdumyza amala a\u015fyran saparyny\u0148 dowamynda d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz bilen bolan du\u015fu\u015fygynda FIFA-ny\u0148 resmi topuny \u00fdadyg\u00e4rlik sowgady h\u00f6km\u00fcnde gow\u015furypdy. Munu\u0148 \u00f6zi T\u00fcrkmenistany\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 sport gi\u0148i\u015fligind\u00e4ki barha art\u00fdan abra\u00fdyny we \u00fdurdumyzy\u0148 futbol infrastrukturasyny \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge ygrarlydygyny tassykla\u00fdan waka boldy. \u015ee\u00fdle hem FIFA-ny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysyny\u0148 \u00fdurdumyza sapary futbol gymmatlyklaryny ilerletmekde ygtybarly hyzmatda\u015f h\u00f6km\u00fcnde T\u00fcrkmenistany\u0148 e\u00fdele\u00fd\u00e4n ornuny pugtalandyryp, iri halkara \u00fdary\u015flary ge\u00e7irmek we sporty \u00f6sd\u00fcrmek \u00fc\u00e7in t\u00e4ze g\u00f6z\u00fdetimleri a\u00e7dy.<\/p>\n\n\n\n<p>Milli Liderimiz so\u0148ky \u00fdyllarda halkara gi\u0148i\u015flikde uly \u00fcst\u00fcnliklere e\u00fde bol\u00fdan \u201cArkadag\u201d toparyny\u0148 \u00fde\u0148i\u015f gazanmagyny\u0148 \u00fdurdumyz \u00fc\u00e7in uly abra\u00fddygyny, de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan pursatlarynda bolsa, il i\u00e7inde a\u00fddyly\u015fy \u00fdaly, \u201ck\u00f6r abra\u00fddygyny\u201d belledi. Eger futbol\u00e7ylarymyzy\u0148 utulan \u00fdagda\u00fdynda hem bu b\u00e4sle\u015figi\u0148 bizi\u0148 halkymyz \u00fc\u00e7in to\u00fd-ba\u00fdrama \u00f6wr\u00fcljekdigini, t\u00fcrgenlerimizi\u0148 bolsa \u00fdene-de uly \u00fcst\u00fcnliklere ymtyljakdygyny a\u00fddyp, Gahryman Arkadagymyz olary\u0148 yhlasyny ga\u00fdgyrman, arassa hem owadan o\u00fdun g\u00f6rkezjekdiklerine ynam bildirdi.<\/p>\n\n\n\n<p>T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri hemmelere \u00f6\u0148de go\u00fdlan maksatlara abra\u00fd bilen \u00fdetmekde \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw edip, bu \u00fderden ugrady.<\/p>\n\n\n\n<p><strong>(TDH)<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow pa\u00fdtagtymyzdaky Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esinde bolup, Olimpi\u00fda stadionyny\u0148 \u00f6\u0148de boljak halkara futbol \u00fdary\u015fyna ta\u00fd\u00fdarlygyny\u0148 derejesi bilen tany\u015fdy. H\u00e4zirki wagtda Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen esaslandyrylan \u00abArkadag\u00bb futbol topary AFK-ny\u0148 II \u00c7empionlar ligasyny\u0148 1\/8 finalynda Saud Arabystany Paty\u015falygyny\u0148 \u00abAl-Nassr\u00bb topary bilen ge\u00e7iriljek du\u015fu\u015fyga ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6r\u00fd\u00e4r. Sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 i\u015fje\u0148 tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz \u00fdurdumyzy\u0148 t\u00e4ze taryhyna altyn harplar bilen \u00fdazylan \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 ge\u00e7irilen \u00fderi bolan Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esine geldi. Milli Liderimiz h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde halkara gi\u0148i\u015flikde \u00fcst\u00fcnlikli \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4n \u201cArkadag\u201d futbol toparyny\u0148 \u00f6\u0148de boljak jogapk\u00e4rli \u00fdary\u015fyny\u0148 ge\u00e7iriljek \u00fderi bolan 45 m\u00fc\u0148 orunlyk, Merkezi Azi\u00fdada i\u0148 uly Olimpi\u00fda stadionyny\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri bilen tany\u015fdy. Bu \u00fderde \u00fdurdumyzda \u00fcst\u00fcnlikli ge\u00e7irilen \u00abAziada \u2014 2017-ni\u0148\u00bb esasy ny\u015fany bolan alaba\u00fdy\u0148 \u015fekiline \u00fcns berildi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, alaba\u00fdy\u0148 \u015fekili \u015fol o\u00fdunlarda t\u00fcrkmen t\u00fcrgenlerini uly \u00fde\u0148i\u015flere ruhlandyrdy. Bu gezekki \u00fdary\u015fda hem alaba\u00fdy\u0148 \u015fekilini\u0148 halkara futbol b\u00e4sle\u015figini\u0148 ny\u015fany h\u00f6km\u00fcnde se\u00e7ilip alynmagyny\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti barada a\u00fddyldy. \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 k\u00fc\u015ft, futzal, tennis, ta\u00fdboks, sambo, kura\u015f, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda \u00fd\u00fczmek, basketbol, agyr atletika, \u00fde\u0148il atletika, taekwondo, tans sporty, kik-boksing, gu\u015fakly g\u00f6re\u015f, sport g\u00f6re\u015fi, bil\u00fdard sporty, at\u00e7ylyk sporty (konkur), t\u00fcrkmen milli g\u00f6re\u015fi \u00fdaly sportu\u0148 21 g\u00f6rn\u00fc\u015fi bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7irilendigi, onu\u0148 her bir g\u00f6rn\u00fc\u015fini\u0148 \u00f6zbolu\u015fly ny\u015fanyny\u0148 bolandygy nygtaldy. So\u0148ky \u00fdyllarda T\u00fcrkmenistan iri halkara sport \u00fdary\u015flaryny\u0148 we sportu\u0148 d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e7empionatlaryny\u0148 ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n merkezine \u00f6wr\u00fcldi. Munu\u0148 \u00f6zi halkara gi\u0148i\u015flikde \u00fdurdumyzy\u0148 sagdynlygy\u0148 hem-de ruhubelentligi\u0148 \u00fdurdy h\u00f6km\u00fcnde e\u00fdele\u00fd\u00e4n ornuny has-da pugtalandyr\u00fdar. Gahryman Arkadagymyz \u00fdurdumyzy\u0148 halkara gi\u0148i\u015flikd\u00e4ki sport abra\u00fdyny\u0148 belende galmagyna g\u00f6n\u00fckdirilen o\u0148yn ba\u015flangy\u00e7lary \u00f6\u0148e s\u00fcrdi. H\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde olary\u0148 hormatly Prezidentimizi\u0148 ba\u015ftutanlygynda dowam etdirilmegi bilen, T\u00fcrkmenistan d\u00fcn\u00fd\u00e4 derejeli sport \u00fdary\u015flaryny\u0148 yzygiderli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00fderine \u00f6wr\u00fcldi. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 milli sport ulgamyndaky gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli ba\u015flangy\u00e7laryny\u0148 rowa\u00e7lyklara beslen\u00fd\u00e4ndigi nazara alnyp, sportu\u0148 \u00e4hli g\u00f6rn\u00fc\u015flerini, \u015fol sanda t\u00fcrkmen futbolyny hemmetarapla\u00fdyn \u00f6sd\u00fcrmek ugrunda yzygiderli tagalla edil\u00fd\u00e4r. Bu bolsa o\u0148yn netijelerini hem ber\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmen t\u00fcrgenlerini\u0148 sportu\u0148 d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a halkara \u00fdary\u015flarda gazan\u00fdan \u00fcst\u00fcnlikleri munu\u0148 a\u00fddy\u0148 mysalydyr. Azi\u00fda we Okeani\u00fda \u00fdurtlaryny\u0148, bosgunlary\u0148 wekillerini\u0148 m\u00fc\u0148ler\u00e7esini\u0148 gatna\u015fmagynda Merkezi Azi\u00fda sebitini\u0148 taryhynda ilkinji gezek ge\u00e7irilen A\u015fgabat Aziadasyny\u0148 \u00fdokary gurama\u00e7ylyk derejesini\u0148 \u00fcpj\u00fcn edilmegi \u00fdurdumyzda halkara sport b\u00e4sle\u015fiklerini ge\u00e7irmek bo\u00fdun\u00e7a toplanan tejrib\u00e4ni\u0148 has-da ba\u00fdla\u015fmagyna gi\u0148 \u00fdol a\u00e7dy. \u015eunda \u00fdary\u015flara T\u00fcrkmenistany\u0148 ba\u015flangyjy bilen Okeani\u00fda \u00fdurtlaryny\u0148 hem-de bosgunlary\u0148 wekillerini\u0148 gatna\u015fdyrylmagy, o\u00fdunlary\u0148 maksatnamasyna t\u00fcrkmen milli g\u00f6re\u015fini\u0148 girizilmegi onu\u0148 tapawutly a\u00fdratynlygy boldy. M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esi Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy esasynda bina edildi. Sport toplumyny\u0148 d\u00fcrli ugurlar bo\u00fdun\u00e7a \u00fd\u00f6ritele\u015fdirilen binalarynda \u201cAziada \u2014 2017\u201d o\u00fdunlary \u00fda\u00fdba\u0148landyryldy. \u00ddurdumyzy\u0148 sport taryhynda m\u00f6h\u00fcm orny e\u00fdel\u00e4n \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 alawy Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esine getirildi. Bu dabaraly \u00fd\u00f6ri\u015f Di\u00fdarymyz bo\u00fdun\u00e7a 500 g\u00fcnl\u00e4p dowam etdi. Munu\u0148 \u00f6zi Gara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 taryhynda ilkinji gezek ge\u00e7irilen iri \u00fdary\u015flara ta\u00fd\u00fdarlygy\u0148 gi\u0148 gerime e\u00fde bolandygyny alamatlandyrdy. &#8230;T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri stadiony\u0148 me\u00fddan\u00e7asy, onu\u0148 toma\u015fa\u00e7ylar \u00fc\u00e7in ni\u00fdetlenen oturgy\u00e7lary we be\u00fdleki m\u00fcmkin\u00e7ilikleri bilen i\u00e7gin tan\u015fyp, bu ugurda bar bolan meseleleri\u0148 o\u0148yn \u00e7\u00f6z\u00fclmegini\u0148 m\u00f6h\u00fcm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hi\u00e7 bir mesel\u00e4ni\u0148 \u00fcnsden d\u00fc\u015f\u00fcrilmeli d\u00e4ldigini a\u00fddyp, \u00fdurdumyzy\u0148 sport abra\u00fdyny\u0148 belende galmagynda \u00e4hmi\u00fdetli bolan b\u00e4sle\u015figi\u0148 gurama\u00e7ylyk derejesine \u00f6r\u00e4n jogapk\u00e4r\u00e7ilikli \u00e7emele\u015filmelidigine \u00fcnsi \u00e7ekdi. T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy futbol \u00fdary\u015fyny\u0148 gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irilmegini\u0148, futbol jank\u00f6\u00fderleri we toma\u015fa\u00e7ylar \u00fc\u00e7in \u00e4hli zerur \u015fertleri\u0148 d\u00f6redilmegini\u0148 wajyp wezipe h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenendigini nygtady. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, bu ugra degi\u015fli \u00e4hli d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 sazla\u015fykly i\u015fi \u00fdola go\u00fdulmalydyr. Futbol \u00fdary\u015fyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4de gi\u0148den be\u00fdan edilmegi bilen baglany\u015fykly meselelere hemmetarapla\u00fdyn esasda \u00e7emele\u015filmelidir. Bu \u00fderde \u00fdary\u015fa toma\u015fa etjekler \u00fc\u00e7in bol\u015fy \u00fdaly, t\u00fcrgenler we t\u00e4lim\u00e7iler \u00fc\u00e7in hem zerur \u015fertler d\u00f6redilmelidir. \u015eunda h\u00e4zirki zamany\u0148 t\u00e4ze\u00e7il tehnologi\u00fdalaryny\u0148, d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6sen tejribesini\u0148 i\u015fje\u0148 ulanylmalydygyna \u00fcnsi \u00e7ekip, hormatly Arkadagymyz bu babatda degi\u015fli \u00fdolba\u015f\u00e7ylara maslahatlaryny berdi. T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 \u00fdanyndaky Arkadag \u015f\u00e4herini\u0148 gurlu\u015fygy bo\u00fdun\u00e7a d\u00f6wlet komitetini\u0148 ba\u015flygy D.Orazow stadiony\u0148 futbol me\u00fddan\u00e7asyny\u0148 ta\u00fd\u00fdarlyk derejesini\u0148 \u00fdokary halkara g\u00f6rkezijilere, h\u00e4zirki zaman talaplaryna doly la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4ndigi hem-de stadionda halkara \u00fdary\u015flary, \u00fdokary derejeli t\u00fcrgenle\u015fikleri ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in \u00e4hli zerur \u015fertleri\u0148 bardygy barada gi\u0148i\u015fle\u00fdin maglumat berdi. Stadiony\u0148 futbol me\u00fddan\u00e7asy o\u00fdundan be\u00fdleki wagtlarda \u00fd\u00f6rite polietilen bilen \u00f6rt\u00fcl\u00fd\u00e4r. Munu\u0148 \u00f6zi me\u00fddan\u00e7any\u0148 hemi\u015fe talabala\u00fdyk derejede saklanmagyny \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4r. Gahryman Arkadagymyz sport ulgamyna degi\u015fli \u00e4hli desgalary\u0148, \u015fol sanda Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esini\u0148 binalaryny\u0148, Olimpi\u00fda stadionyny\u0148 me\u00fddan\u00e7asyny\u0148 ykrar edilen talaplara la\u00fdyk derejede saklanmagy bilen bagly meseleleri\u0148 wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz ba\u015flanmagyna 10 g\u00fcn galan halkara futbol du\u015fu\u015fygyny\u0148 \u00fdokary derejede dabaralandyrylmagy, onu\u0148 mahabat i\u015flerini\u0148 talabala\u00fdyk \u00fdola go\u00fdulmagy, d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fdurtlaryny\u0148 k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin habar beri\u015f seri\u015fdelerini\u0148 netijeli i\u015flemekleri ugrunda \u00e4hli zerur tagallalary\u0148 edilmelidigini a\u00fdtdy we bu babatda degi\u015fli \u00fdolba\u015f\u00e7ylara maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz h\u00e4zirki d\u00f6wr\u00fc\u0148 Olimpi\u00fda hereketini esaslandyryjy P\u00fder de Kuberteni\u0148 \u201cSporta waspnamasyndaky\u201d \u201cSport, sen \u2014 parahat\u00e7ylyk!\u201d di\u00fden s\u00f6zlerini mysal getirdi. Munu\u0148 \u00f6zi d\u00fcn\u00fd\u00e4de ruhubelentligi\u0148 senasy, parahat\u00e7ylygy\u0148, d\u00f6redijiligi\u0148, \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148, \u015fatlygy\u0148 we sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 \u00e7agyry\u015fy, \u00fda\u015flygy\u0148, \u00fde\u0148\u015fe bolan ynamy\u0148 netijesi h\u00f6km\u00fcnde ykrar edilendir. Hormatly Prezidentimizi\u0148 parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjilikli da\u015fary sy\u00fdasaty we gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli ba\u015flangy\u00e7lary P\u00fder de Kuberteni\u0148 sporty wasp ed\u00fd\u00e4n j\u00fcmleleri bilen sazla\u015fykly utga\u015f\u00fdar. Bu bolsa \u00fdurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy\u0148 ba\u015ftutanlygynda edil\u00fd\u00e4n tagallalary\u0148 tutu\u015f adamzady\u0148 b\u00e4hbidine g\u00f6n\u00fckdiril\u00fd\u00e4ndigini a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. Gahryman Arkadagymyz hem sporty parahat\u00e7ylygy\u0148 il\u00e7isi hasapla\u00fdar. Di\u00fdarymyzy\u0148 d\u00fcrli k\u00fcnjeklerinde, pa\u00fdtagtymyzda hem-de Arkadag \u015f\u00e4herinde k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin bedenterbi\u00fd\u00e4ni, \u00fdokary netijeli sporty \u00f6sd\u00fcrmek, halkara \u00fdary\u015flary guramak, t\u00fcrgenle\u015fikleri ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in \u00e4girt uly m\u00fcmkin\u00e7ilikleri \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4n d\u00f6wrebap sport toplumlary we k\u00f6pugurly stadionlar hereket ed\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00fdurdumyzda gurul\u00fdan durmu\u015f maksatly binalary\u0148 taslamalary ta\u00fd\u00fdarlananda, olarda sport me\u00fddan\u00e7alaryny\u0148 g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulmagy m\u00f6h\u00fcm talap h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenildi. K\u00f6pugurly sport toplumlary we t\u00fcrgenle\u015fik merkezleri jemgy\u00fdetde sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 berkidilmeginde wajyp \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedir. Stadionlary\u0148, h\u00e4zirki zaman sport toplumlaryny\u0148 gurlu\u015f a\u00fdratynlyklary \u015f\u00e4herleri\u0148 ugurda\u015f desgalary bilen bir bitewi sazla\u015fygy emele getir\u00fd\u00e4r. 2017-nji \u00fdylda \u00fcst\u00fcnlikli ge\u00e7irilen \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny\u0148 esasy ny\u015fany bolan bedewi\u0148 \u00e7eper-monumental ke\u015fbi \u015fol g\u00f6rn\u00fc\u015fi\u0148 ga\u00fdtalanmajak binag\u00e4rlik alamatyna \u00f6wr\u00fcldi. Bu aja\u00fdyp ke\u015fpde \u201cAziada \u2014 2017-ni\u0148\u201d \u00e4hli pikir konsepsi\u00fdasy, T\u00fcrkmenistany\u0148 belent maksatlara, d\u00fcn\u00fd\u00e4de parahat\u00e7ylyga hem-de halklary\u0148 arasyndaky dostluga, \u00e4hlumumy rowa\u00e7lygy\u0148 b\u00e4hbidine d\u00f6redijilikli gatna\u015fyklara, sagdyn durmu\u015f \u00fd\u00f6relgelerini berkarar etm\u00e4ge ygrarlylygy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 teklibine la\u00fdyklykda, Olimpi\u00fda stadionynda \u00fderle\u015fdirilen bedewi\u0148 \u015fekilini\u0148, halkymyzy\u0148 asylly d\u00e4bi esasynda, \u00fcz\u00e4rligi\u0148 dessesi we \u00f6r\u00fclen alaja bilen bezelmegi \u00fdurdumyzda ha\u00fdyr i\u015fleri\u0148 milli dessurlar bilen utga\u015fdyryl\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 be\u00fdanydyr. Sebitde de\u0148i-ta\u00fdy bolmadyk Olimpi\u00fda \u015f\u00e4her\u00e7esi halkymyzy\u0148 milli bu\u00fdsanjyna \u00f6wr\u00fcldi. Bu desgalar toplumynda sportu\u0148 d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a halkara \u00fdary\u015flar \u00fcst\u00fcnlikli ge\u00e7irildi. \u015eolary\u0148 hatarynda 2017-nji \u00fdylda ge\u00e7irilen \u00ddapyk binalarda we s\u00f6we\u015f sungaty bo\u00fdun\u00e7a V Azi\u00fda o\u00fdunlaryny, 2018-nji \u00fdyldaky Agyr atletika bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e7empionatyny, 2023-nji \u00fdyldaky Kura\u015f bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e7empionatyny,<\/p>\n","protected":false},"author":1,"featured_media":4074,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[62],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4073"}],"collection":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/users\/1"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/comments?post=4073"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4073\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":4075,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4073\/revisions\/4075"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/media\/4074"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/media?parent=4073"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/categories?post=4073"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/tags?post=4073"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}