{"id":4513,"date":"2026-06-02T09:06:49","date_gmt":"2026-06-02T04:06:49","guid":{"rendered":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/?p=4513"},"modified":"2026-06-03T09:09:15","modified_gmt":"2026-06-03T04:09:15","slug":"ykdysady-we-ruhy-galkynysyn-belent-sepgitlerine-tarap","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/2026\/06\/02\/ykdysady-we-ruhy-galkynysyn-belent-sepgitlerine-tarap\/","title":{"rendered":"Ykdysady we ruhy galkyny\u015fy\u0148 belent sepgitlerine tarap"},"content":{"rendered":"<p>Ge\u00e7en hepde parahat\u00e7ylyk, d\u00f6redijilik we \u00f6s\u00fc\u015f \u00fdoly bilen ynamly \u00f6\u0148e bar\u00fdan Watanymyzy\u0148 gazan\u00fdan \u00fcst\u00fcnliklerini a\u00fddy\u0148 \u015f\u00f6hlelendir\u00fd\u00e4n m\u00f6h\u00fcm wakalara ba\u00fd boldy. A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcni hem-de nobatdaky okuw \u00fdylyny\u0148 tamamlanmagy mynasybetli \u00abSo\u0148ky ja\u0148\u00bb dabaralary gi\u0148den bellenildi. Milli d\u00e4p-dessurlara la\u00fdyklykda, mukaddes Gurban ba\u00fdramy mynasybetli gurbanlyk sadakalary berildi. Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen durmu\u015fa ge\u00e7irilen gi\u0148 gerimli taslamalary, d\u00f6redijilikli ba\u015flangy\u00e7lary hormatly Prezidentimiz \u00fcst\u00fcnlikli dowam etdir\u00fd\u00e4r. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ruhy-ahlak bin\u00fdadyny d\u00fcz\u00fd\u00e4n, asyrlary\u0148 j\u00fcmm\u00fc\u015finden g\u00f6zba\u015f al\u00fdan \u00f6zbolu\u015fly d\u00e4p-dessurlara, ynsanperwer \u00fd\u00f6relgelere da\u00fdanyp, jemgy\u00fdetde agzybirligi, durnuklylygy pugtalandyrmak, \u00fdurdumyzy\u0148 parahat\u00e7ylykly \u00f6s\u00fc\u015fini \u00fcpj\u00fcn etmek ugrunda uly tagallalary ed\u00fd\u00e4r.<\/p><p>25-nji ma\u00fdda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly i\u015f maslahatyny ge\u00e7irdi. Onda \u00fdurdumyzy\u0148 oba hojalyk toplumynda we wela\u00fdatlarda alnyp baryl\u00fdan i\u015fler bilen baglany\u015fykly meselelere garaldy. Bellenili\u015fi \u00fdaly, galla oragyny gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irmek, ony bellenen m\u00f6hletlerde tamamlamak bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. Gowa\u00e7a ekilen me\u00fddanlarda hatarara bejergi, \u00fdekelemek, otag etmek, \u00f6s\u00fc\u015f suwuny tutmak, mineral d\u00f6k\u00fcnler bilen i\u00fdmitlendirmek i\u015fleri \u00fderine \u00fdetiril\u00fd\u00e4r. \u015eunda oba hojalyk tehnikalaryny\u0148 netijeli pe\u00fddalanylmagyna a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdle hem \u00fdazlyk \u00fderalma, g\u00f6k-bakja we be\u00fdleki azyklyk ekinlere ideg etmek, \u00fdeti\u015fdirilen hasyly \u00fdygnap almak i\u015fleri dowam etdiril\u00fd\u00e4r.<\/p><p>D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz ekeran\u00e7ylyk me\u00fddanlaryndaky agrotehniki \u00e7\u00e4releri\u0148 \u00f6z wagtynda \u00fderine \u00fdetirilmegini\u0148, bu i\u015flerde agrotehniki kadalary\u0148 berk berja\u00fd edilmegini\u0148, \u00f6n\u00fcm\u00e7ilige innowasion usullary\u0148 yzygiderli orna\u015fdyrylmagyny\u0148 m\u00f6h\u00fcmdigine \u00fcnsi \u00e7ekip, bu babatda anyk tab\u015fyryklary berdi.<\/p><p>A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcni mynasybetli pa\u00fdtagtymyzda d\u00f6wrebap \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlary dabaraly \u00fdagda\u00fdda ulanmaga berildi. Berkararlyk etrabyny\u0148 8-nji ki\u00e7i etrap\u00e7asynda 5 gatly, 60 \u00f6\u00fdli, 5 gatly, 80 \u00f6\u00fdli \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlaryny\u0148 a\u00e7yly\u015f dabarasy ge\u00e7irildi. \u015ee\u00fdle hem Bagty\u00fdarlyk etrabyny\u0148 \u201c\u00c7oganly\u201d \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej g\u00f6rn\u00fc\u015fli \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdyny\u0148 a\u00e7arlary t\u00e4ze \u00f6\u00fd e\u00fdelerine dabaraly \u00fdagda\u00fdda gow\u015furyldy. A\u00e7yly\u015f dabaralaryny\u0148 dowamynda t\u00e4ze \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlaryny\u0148 gurlu\u015fygynda tapawutlanan gurlu\u015fyk\u00e7ylara hormatly Prezidentimizi\u0148 adyndan gymmat bahaly sowgatlar gow\u015furyldy.<\/p><p>A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcn\u00fcnde \u00fdurdumyzy\u0148 \u00e4hli umumybilim ber\u00fd\u00e4n orta mekdeplerinde nobatdaky okuw \u00fdylyny\u0148 tamamlanmagy bilen baglylykda, \u00abSo\u0148ky ja\u0148\u00bb dabarasy ge\u00e7irildi. Asylly d\u00e4be g\u00f6r\u00e4, ir bilen mekdep u\u00e7urymlary, bilim ulgamyny\u0148 i\u015fg\u00e4rleri Watanymyzy\u0148 \u00f6zygty\u00fdarlylygyny\u0148, berkararlygyny\u0148 ny\u015fany bolan Gara\u015fsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Anna\u00fdew adyndaky Arkadag \u015f\u00e4her mugallym\u00e7ylyk orta h\u00fcn\u00e4r okuw mekdebind\u00e4ki we G\u00f6kdepe etrabyny\u0148 Yzgant \u015f\u00e4her\u00e7esind\u00e4ki Berdimuhamet Anna\u00fdew adyndaky 27-nji orta mekdepd\u00e4ki Berdimuhamet Anna\u00fdewi\u0148 \u00fdadyg\u00e4rligine g\u00fcl desselerini go\u00fddular. \u015ee\u00fdle-de wela\u00fdatlary\u0148 ba\u00fddak me\u00fddan\u00e7alarynda g\u00fcl go\u00fdmak dabaralary boldy. Mekdep \u00fdyllarynda d\u00fcrli ders b\u00e4sle\u015fiklerinde, sport \u00fdary\u015flarynda \u00fde\u0148iji bolan, d\u00f6redijilik we \u00e7eper h\u00f6wesje\u0148leri\u0148 g\u00f6zden ge\u00e7irili\u015flerinde \u00e7yky\u015f edip, has tapawutlanan okuw\u00e7ylara, \u015fe\u00fdle-de bilim ulgamyny\u0148 i\u015fg\u00e4rlerine hormatly Prezidentimizi\u0148 adyndan \u00fdadyg\u00e4rlik sowgatlar gow\u015furyldy.<\/p><p>\u00abSo\u0148ky ja\u0148\u00bb dabarasy mynasybetli u\u00e7urymlar \u00fc\u00e7in A\u015fgabat we Arkadag \u015f\u00e4herlerini\u0148, wela\u00fdatlary\u0148 g\u00f6zel \u00fderlerine, medeni-dyn\u00e7 aly\u015f merkezlerine, muze\u00fdlere, se\u00fdilg\u00e4hlere gezelen\u00e7ler guraldy. Ag\u015fam \u00abA\u015fgabat\u00bb a\u00fddym-saz merkezinde ba\u00fdram\u00e7ylyk dabarasy \u00fda\u00fdba\u0148landyryldy. O\u0148a T\u00fcrkmenistany\u0148 Bilim ministrligini\u0148, jemgy\u00fdet\u00e7ilik guramalaryny\u0148, \u00fdokary okuw mekdeplerini\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary, u\u00e7urymlar, bilim i\u015fg\u00e4rleri gatna\u015fdylar. D\u00f6wlet sirkini\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnd\u00e4ki me\u00fddan\u00e7ada medeni\u00fdet we sungat ussatlaryny\u0148 konserti guraldy.<\/p><p>25-nji ma\u00fdda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow \u00ab\u00c7alyk Holding\u00bb kompani\u00fdalar toparyny\u0148 dolandyryjylar ge\u0148e\u015fini\u0148 ba\u015flygy Ahmet \u00c7alygy kabul etdi. Du\u015fu\u015fygy\u0148 dowamynda Di\u00fdarymyzda m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetli gurlu\u015fyk taslamalaryny\u0148 durmu\u015fa ge\u00e7irili\u015fi baradaky meselelere garaldy.<\/p><p>Ahmet \u00c7alyk T\u00fcrki\u00fde Respublikasyny\u0148 Prezidenti Rejep Ta\u00fdyp \u00c4rdogany\u0148 T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, ho\u015fni\u00fdetli arzuwlaryny \u00fdetirdi. \u015ee\u00fdle hem ol Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi, tutu\u015f t\u00fcrkmen halkyny A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcni bilen gutlady.<\/p><p>T\u00fcrki\u00fdeli i\u015few\u00fcr \u00fdolba\u015f\u00e7ylyk ed\u00fd\u00e4n kompani\u00fdasyny\u0148 T\u00fcrkmenistanda alyp bar\u00fdan i\u015flerini\u0148 netijeleri barada hasabat berdi. Nygtaly\u015fy \u00fdaly, h\u00e4zirki wagtda Hazary\u0148 t\u00fcrkmen kenarynda utga\u015fykly dolany\u015fykda i\u015flejek, sebitde iri d\u00f6wrebap elektrik stansi\u00fdasyny\u0148, Balkan wela\u00fdatyny\u0148 T\u00fcrkmenba\u015fy etrabynda d\u00fc\u00fdbi tutulan karbamid \u00f6nd\u00fcr\u00fd\u00e4n t\u00e4ze toplumy\u0148 gurlu\u015fygy batly depginde dowam ed\u00fd\u00e4r. \u00ab\u00c7alyk Holding\u00bb kompani\u00fdalar topary \u00fdurdumyzy\u0148 senagat we durmu\u015f maksatly m\u00f6h\u00fcm binalaryny\u0148, d\u00f6wrebap saglyk merkezlerini\u0148 gurlu\u015fygyna i\u015fje\u0148 gatna\u015f\u00fdar, T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 Ahalteke at\u00e7ylyk toplumyny d\u00f6wrebapla\u015fdyrmak i\u015flerini \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r.<\/p><p>Ahmet \u00c7alyk \u201cGalkyny\u015f\u201d milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar toparyny\u0148 Stambul \u015f\u00e4herinde ge\u00e7irilen Halkara etnosport medeni\u00fdeti festiwalynda \u00fcst\u00fcnlikli \u00e7yky\u015f edip, \u00fdokary derejeli ba\u00fdraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. I\u015few\u00fcr bu festiwala Bilal \u00c4rdogany\u0148 hem gatna\u015fyp, behi\u015fdi t\u00fcrkmen bedewlerini\u0148 \u00e7yky\u015flaryna uly h\u00f6wes bilen toma\u015fa edendigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza salamyny, \u201cGalkyny\u015f\u201d toparyny\u0148 gazanan \u00fde\u0148\u015fi mynasybetli gutlaglaryny iberendigini a\u00fdtdy.<\/p><p>I\u015few\u00fcr Niderlandlar Paty\u015falygynda ge\u00e7iriljek at\u00e7ylyk ulgamyna degi\u015fli \u00e7\u00e4relere gatna\u015fmaga isleg bildir\u00fd\u00e4ndigini belledi. Munu\u0148 \u00f6zi ahalteke bedewlerini\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hratyny\u0148 barha art\u00fdandygyny g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p><p>Hormatly Arkadagymyz T\u00fcrkmenistanda amala a\u015fyryl\u00fdan \u00e4hli taslamalara hemi\u015fe ylmy ta\u00fddan esaslandyrylan, innowasion hem-de \u00fdokary netijeli \u00e7\u00f6zg\u00fctleri\u0148 girizilmegini golda\u00fdandygyny a\u00fdtdy. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00ab\u00c7alyk Holding\u00bb kompani\u00fdasyny\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de i\u0148 t\u00e4ze innowasion tehnologi\u00fdalary, k\u00e4mil enjamlary orna\u015fdyrmak arkaly T\u00fcrkmenistanda d\u00f6wlet hem-de sebit \u00e4hmi\u00fdetli t\u00e4ze taslamalary amala a\u015fyrmakda netijeli i\u015fleri dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.<\/p><p>Du\u015fu\u015fykda Milli Liderimiz Ahmet \u00c7alygy\u0148 kakasy Mahmyt \u00c7alygy\u0148 aradan \u00e7ykmagy zerarly \u00e7u\u0148\u0148ur gynanjyny be\u00fdan etdi we i\u015few\u00fcre hem-de onu\u0148 dogan-garynda\u015flaryna, \u00fdakynlaryna medet beriji s\u00f6zlerini a\u00fdtdy.<\/p><p>Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen d\u00f6redilen \u00abGalkyny\u015f\u00bb milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar toparyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 24 \u00fdurdundan, \u015fol sanda \u00ddaponi\u00fda, M\u00fcs\u00fcr, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerba\u00fdjan, Ispani\u00fda, Litwa, Russi\u00fda, Itali\u00fda, \u00d6zbegistan, Meksika, Banglade\u015f, Gruzi\u00fda, Liwan, Tanzani\u00fda we be\u00fdleki d\u00f6wletlerden m\u00fc\u0148den gowrak wekili bir \u00fdere jeml\u00e4n 8-nji Halkara etnosport medeni\u00fdeti festiwalyna gatna\u015fandygyny bellemek gerek. Festiwaly\u0148 \u00e7\u00e4klerinde d\u00fcrli \u00fdurtlardan gelen milli medeni toparlar \u00f6z halklaryny\u0148 d\u00e4p-dessurlaryny, at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlaryny, sportu\u0148 milli g\u00f6rn\u00fc\u015flerini g\u00f6rkezdiler.<\/p><p>26-njy ma\u00fdda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 \u00fdanyndaky \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 nobatdaky mejlisini ge\u00e7irdi. Onda \u00fda\u015fululary\u0148 gatna\u015fmagynda ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n wagyz-nesihat i\u015flerini\u0148 netijeleri we ynsanperwer \u00fd\u00f6relgeleri ilerletmegi\u0148 esasy ugurlary ara alnyp maslahatla\u015fyldy. Gahryman Arkadagymyz \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 mejlisine gatna\u015fyjylary \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdylynda eziz Di\u00fdarymyzda gi\u0148den bellenil\u00fd\u00e4n, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi dabaralandyr\u00fdan Gurban ba\u00fdramy bilen t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden gutlady we okaljak a\u00fdat-t\u00f6wirleri\u0148, ediljek doga-dilegleri\u0148 Be\u00fdik Biribary\u0148 derg\u00e4hinde kabul bolmagyny arzuw etdi.<\/p><p>Mejlisi\u0148 g\u00fcn tertibine la\u00fdyklykda, halkymyzy\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f \u015fertlerini gowulandyrmak, \u00fdurdumyzda durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00f6zgertmeleri wagyz etmek, \u00fderlerde \u00fda\u015f nesilleri watan\u00e7ylyk ruhunda terbi\u00fdelemek, \u00fda\u015f we k\u00f6p \u00e7agaly ma\u015fgalalara, m\u00fcmkin\u00e7iligi \u00e7\u00e4kli \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a alnyp baryl\u00fdan i\u015fleri\u0148 \u00fdagda\u00fdyna we be\u00fdleki meselelere seredildi. Mejlisi\u0148 dowamynda Milli Liderimize \u00fdakynda doglan we hossarsyz galyp, A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 \u00e7agalar \u00f6\u00fd\u00fcnde terbi\u00fdelenil\u00fd\u00e4n gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen \u00fd\u00fczlenildi. Gahryman Arkadagymyz bu \u00e7agany\u0148 mukaddes Gurban a\u00fdynda doglandygyny nazara alyp, \u00fdurdumyzda sahawatly senelere go\u00fdul\u00fdan sarpany\u0148 a\u00fddy\u0148 ny\u015fany h\u00f6km\u00fcnde o\u0148a Arkadag gyzy Gurbang\u00fcl di\u00fdip at dakmagy maslahat berdi. Milli Liderimiz \u00fdurdumyzda hossarsyz-howandarsyz \u00e7agalary\u0148 \u00fdokdugyny, kuwwatly d\u00f6wletimizi\u0148 olary\u0148 arkasynda dag \u00fdaly bolup durandygyny belledi.<\/p><p>Gahryman Arkadagymyz \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 agzalaryny\u0148 d\u00fcz\u00fcmine wekili bellemek baradaky mesel\u00e4 degip ge\u00e7mek bilen, \u00f6z\u00fcni\u0148 hem T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy h\u00f6km\u00fcnde Arkadag \u015f\u00e4herine wekil\u00e7ilik etjekdigini we d\u00f6wletimizde amala a\u015fyryl\u00fdan i\u015flere her bir wekili\u0148 mynasyp go\u015fant go\u015fjakdygyna berk ynam bildir\u00fd\u00e4ndigini a\u00fdtdy.<\/p><p>Ge\u00e7en hepdede Gurban ba\u00fdramy mynasybetli dabaralar Di\u00fdarymyzy gur\u015fap aldy. 27-nji ma\u00fdda \u00fdurdumyzy\u0148 wela\u00fdatlarynda, ak mermerli A\u015fgabatda hem-de Arkadag \u015f\u00e4herinde s\u00e4her bilen jemagat bolup ba\u00fdram namazyny\u0148 okalmagy halkymyzy\u0148 agzybirligini, jebisligini \u00fdene bir gezek \u00e4\u015fg\u00e4r etdi.<\/p><p>T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakdaky T\u00fcrkmenba\u015fyny\u0148 ruhy metjidinde Gurban ba\u00fdramyny\u0148 ba\u015flan\u00fdandygyny alamatlandyr\u00fdan ba\u00fdram namazyny okady. Jemagat bolup okalan namaza T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 \u00fdanyndaky \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 agzalary, k\u00f6p sanly da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 T\u00fcrkmenistanda i\u015fle\u00fd\u00e4n diplomatik wekilhanalaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary gatna\u015fdylar.<\/p><p>Namazdan so\u0148ra, Milli Liderimiz \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 agzalary we da\u015fary \u00fdurtly diplomatlar bilen bilelikde T\u00fcrkmenistany\u0148 ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ny\u00fdazowy\u0148 we onu\u0148 ma\u015fgala agzalaryny\u0148 aram tapan \u00fderine baryp, a\u00fdat okadylar.<\/p><p>Hajy Arkadagymyz Arkadag \u015f\u00e4herinde gurlu\u015fygy alnyp baryl\u00fdan 30 m\u00fc\u0148 orunlyk metjidi\u0148 gurul\u00fdan \u00fderine baryp, gurlu\u015fyk i\u015flerini\u0148 depgini, i\u00e7erki \u00fdylady\u015f ulgamy, namazlyklaryny\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015fleri, ka\u015fa\u0148 binany\u0148 diwarlarynda \u00fderle\u015fdiriljek \u00fdazgylar, minaralary\u0148 \u00f6zbolu\u015flylygy, mermer d\u00fc\u015fekleri\u0148 we metjidi\u0148 haly d\u00fc\u015feklerini\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015fleri, m\u00e4hraby\u0148 bezeg a\u00fdratynlyklary bilen tany\u015fdy. D\u00f6wrebap \u015f\u00e4heri\u0148 gurlu\u015fygyny\u0148 ikinji tapgyrynda alnyp baryl\u00fdan i\u015fleri\u0148 depginini \u00fdokarlandyrmagy\u0148 wajypdygyny bell\u00e4p, Milli Liderimiz metjidi\u0148 gurlu\u015fyk i\u015flerinde \u00fdokary hil derejesini\u0148 \u00fcpj\u00fcn edilmegini\u0148 m\u00f6h\u00fcm talap h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenendigini a\u00fdtdy.<\/p><p>Hajy Arkadagymyz T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 \u00fdanyndaky \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 agzalary, da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 T\u00fcrkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary bilen g\u00fcrr\u00fc\u0148de\u015fligini\u0148 dowamynda Gurban ba\u00fdramyny\u0148 agzybirligi\u0148, jebisligi\u0148 ba\u00fdramydygyny, ony \u00fdakyn dostlar, doganlyk halklar bilen bilelikde dabaralandyrmagy\u0148 t\u00fcrkmen halkyna mahsus \u00fd\u00f6relgeleri\u0148 biridigini nygtady.<\/p><p>Milli Liderimizi\u0148 Arkadag \u015f\u00e4herind\u00e4ki \u00abM\u00e4rkaw\u00bb myhmanhanasynda beren gurbanlyk sadakasy pederlerimizi\u0148 asylly wes\u00fdetlerine we belent ruhy borja ygrarlylygy\u0148 a\u00fddy\u0148 ny\u015fanyna \u00f6wr\u00fcldi.<\/p><p>D\u00e4p bol\u015fy \u00fdaly, her \u00fdyly\u0148 ma\u00fd a\u00fdyny\u0148 so\u0148ky \u00fdek\u015fenbesinde \u00fdurdumyzda T\u00fcrkmen halysyny\u0148 ba\u00fdramy bellenil\u00fd\u00e4r. \u015eu \u00fdyl bu ba\u00fdram\u00e7ylyk mynasybetli haly we haly \u00f6n\u00fcmlerini\u0148 sergisi, T\u00fcrkmen haly\u015fynaslaryny\u0148 b\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdetini\u0148 XXVI mejlisi ge\u00e7irildi. Mejlise belli alymlar we h\u00fcn\u00e4rmenler, \u00fdurdumyzy\u0148 ugurda\u015f d\u00fcz\u00fcmlerini\u0148 wekilleri, ylym-bilim, medeni\u00fdet, sungat i\u015fg\u00e4rleri, d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 ylmy, i\u015few\u00fcr jemgy\u00fdet\u00e7iligini\u0148 agzalary, alymlar, haly\u015fynaslar gatna\u015fdylar.<\/p><p>T\u00fcrkmen halysyny\u0148 milli muze\u00fdinde T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 Permanyna la\u00fdyklykda, halylarymyzy\u0148 g\u00f6zelligini, nepisligini d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fda\u00fdmakda, hala \u00e7eper nagy\u015flary salmakda bitiren uly hyzmatlary \u00fc\u00e7in hem-de k\u00f6p \u00fdyllary\u0148 dowamynda \u00e7eken halal we yhlasly z\u00e4hmetini, h\u00fcn\u00e4r ussatlygyny nazara alyp, \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 at gazanan haly\u00e7ysy\u00bb di\u00fden hormatly ada mynasyp bolan haly\u00e7ylary sarpalamak dabarasy ge\u00e7irildi. T\u00fcrki medeni\u00fdeti\u0148 halkara guramasy (T\u00dcRKSO\u00dd) tarapyndan t\u00fcrki d\u00fcn\u00fd\u00e4de haly\u00e7ylyk senedini\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegine go\u015f\u00fdan go\u015fantlary \u00fc\u00e7in \u00abT\u00fcrkmenhaly\u00bb d\u00f6wlet birle\u015figine \u00fd\u00f6rite diplom we \u00f6\u0148debaryjy haly\u00e7ylara Minnetdarlyk hatlary gow\u015furyldy. Bellenili\u015fi \u00fdaly, halylar di\u0148e bir dokma \u00f6n\u00fcmi bolmak bilen \u00e7\u00e4klenm\u00e4n, e\u00fdsem, t\u00fcrki halklary\u0148 taryhy k\u00f6klerini, \u00e7eper d\u00f6redijiligini, ruhy ba\u00fdlygyny \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4n maddy gymmatlykdyr, d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetine go\u015fan \u00e4girt uly go\u015fandy we ga\u00fdtalanmajak mirasydyr.<\/p><p>\u015ee\u00fdlelikde, ge\u00e7en hepd\u00e4ni\u0148 wakalary Watanymyzy\u0148 mukaddes Gara\u015fsyzlygyny\u0148 35 \u00fdyllygyna beslen\u00fd\u00e4n, \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u015fygary astynda ge\u00e7\u00fd\u00e4n \u015fu \u00fdylda \u00fdurdumyzy\u0148 ykdysady we ruhy ta\u00fddan \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 t\u00e4ze belentliklerine tarap ynamly \u00f6\u0148e bar\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 be\u00fdanyna \u00f6wr\u00fcldi.<\/p><p><a rel=\"nofollow\" href=\"https:\/\/turkmenistan.gov.tm\/tk\/habar\/106961\/ykdysady-we-ruhy-galkynysyn-belent-sepgitlerine-tarap\">Source<\/a><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Ge\u00e7en hepde parahat\u00e7ylyk, d\u00f6redijilik we \u00f6s\u00fc\u015f \u00fdoly bilen ynamly \u00f6\u0148e bar\u00fdan Watanymyzy\u0148 gazan\u00fdan \u00fcst\u00fcnliklerini a\u00fddy\u0148 \u015f\u00f6hlelendir\u00fd\u00e4n m\u00f6h\u00fcm wakalara ba\u00fd boldy. A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcni hem-de nobatdaky okuw \u00fdylyny\u0148 tamamlanmagy mynasybetli \u00abSo\u0148ky ja\u0148\u00bb dabaralary gi\u0148den bellenildi. Milli d\u00e4p-dessurlara la\u00fdyklykda, mukaddes Gurban ba\u00fdramy mynasybetli gurbanlyk sadakalary berildi. Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen durmu\u015fa ge\u00e7irilen gi\u0148 gerimli taslamalary, d\u00f6redijilikli ba\u015flangy\u00e7lary hormatly Prezidentimiz \u00fcst\u00fcnlikli dowam etdir\u00fd\u00e4r. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ruhy-ahlak bin\u00fdadyny d\u00fcz\u00fd\u00e4n, asyrlary\u0148 j\u00fcmm\u00fc\u015finden g\u00f6zba\u015f al\u00fdan \u00f6zbolu\u015fly d\u00e4p-dessurlara, ynsanperwer \u00fd\u00f6relgelere da\u00fdanyp, jemgy\u00fdetde agzybirligi, durnuklylygy pugtalandyrmak, \u00fdurdumyzy\u0148 parahat\u00e7ylykly \u00f6s\u00fc\u015fini \u00fcpj\u00fcn etmek ugrunda uly tagallalary ed\u00fd\u00e4r. 25-nji ma\u00fdda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly i\u015f maslahatyny ge\u00e7irdi. Onda \u00fdurdumyzy\u0148 oba hojalyk toplumynda we wela\u00fdatlarda alnyp baryl\u00fdan i\u015fler bilen baglany\u015fykly meselelere garaldy. Bellenili\u015fi \u00fdaly, galla oragyny gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irmek, ony bellenen m\u00f6hletlerde tamamlamak bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. Gowa\u00e7a ekilen me\u00fddanlarda hatarara bejergi, \u00fdekelemek, otag etmek, \u00f6s\u00fc\u015f suwuny tutmak, mineral d\u00f6k\u00fcnler bilen i\u00fdmitlendirmek i\u015fleri \u00fderine \u00fdetiril\u00fd\u00e4r. \u015eunda oba hojalyk tehnikalaryny\u0148 netijeli pe\u00fddalanylmagyna a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdle hem \u00fdazlyk \u00fderalma, g\u00f6k-bakja we be\u00fdleki azyklyk ekinlere ideg etmek, \u00fdeti\u015fdirilen hasyly \u00fdygnap almak i\u015fleri dowam etdiril\u00fd\u00e4r. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz ekeran\u00e7ylyk me\u00fddanlaryndaky agrotehniki \u00e7\u00e4releri\u0148 \u00f6z wagtynda \u00fderine \u00fdetirilmegini\u0148, bu i\u015flerde agrotehniki kadalary\u0148 berk berja\u00fd edilmegini\u0148, \u00f6n\u00fcm\u00e7ilige innowasion usullary\u0148 yzygiderli orna\u015fdyrylmagyny\u0148 m\u00f6h\u00fcmdigine \u00fcnsi \u00e7ekip, bu babatda anyk tab\u015fyryklary berdi. A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcni mynasybetli pa\u00fdtagtymyzda d\u00f6wrebap \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlary dabaraly \u00fdagda\u00fdda ulanmaga berildi. Berkararlyk etrabyny\u0148 8-nji ki\u00e7i etrap\u00e7asynda 5 gatly, 60 \u00f6\u00fdli, 5 gatly, 80 \u00f6\u00fdli \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlaryny\u0148 a\u00e7yly\u015f dabarasy ge\u00e7irildi. \u015ee\u00fdle hem Bagty\u00fdarlyk etrabyny\u0148 \u201c\u00c7oganly\u201d \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej g\u00f6rn\u00fc\u015fli \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdyny\u0148 a\u00e7arlary t\u00e4ze \u00f6\u00fd e\u00fdelerine dabaraly \u00fdagda\u00fdda gow\u015furyldy. A\u00e7yly\u015f dabaralaryny\u0148 dowamynda t\u00e4ze \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlaryny\u0148 gurlu\u015fygynda tapawutlanan gurlu\u015fyk\u00e7ylara hormatly Prezidentimizi\u0148 adyndan gymmat bahaly sowgatlar gow\u015furyldy. A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcn\u00fcnde \u00fdurdumyzy\u0148 \u00e4hli umumybilim ber\u00fd\u00e4n orta mekdeplerinde nobatdaky okuw \u00fdylyny\u0148 tamamlanmagy bilen baglylykda, \u00abSo\u0148ky ja\u0148\u00bb dabarasy ge\u00e7irildi. Asylly d\u00e4be g\u00f6r\u00e4, ir bilen mekdep u\u00e7urymlary, bilim ulgamyny\u0148 i\u015fg\u00e4rleri Watanymyzy\u0148 \u00f6zygty\u00fdarlylygyny\u0148, berkararlygyny\u0148 ny\u015fany bolan Gara\u015fsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Anna\u00fdew adyndaky Arkadag \u015f\u00e4her mugallym\u00e7ylyk orta h\u00fcn\u00e4r okuw mekdebind\u00e4ki we G\u00f6kdepe etrabyny\u0148 Yzgant \u015f\u00e4her\u00e7esind\u00e4ki Berdimuhamet Anna\u00fdew adyndaky 27-nji orta mekdepd\u00e4ki Berdimuhamet Anna\u00fdewi\u0148 \u00fdadyg\u00e4rligine g\u00fcl desselerini go\u00fddular. \u015ee\u00fdle-de wela\u00fdatlary\u0148 ba\u00fddak me\u00fddan\u00e7alarynda g\u00fcl go\u00fdmak dabaralary boldy. Mekdep \u00fdyllarynda d\u00fcrli ders b\u00e4sle\u015fiklerinde, sport \u00fdary\u015flarynda \u00fde\u0148iji bolan, d\u00f6redijilik we \u00e7eper h\u00f6wesje\u0148leri\u0148 g\u00f6zden ge\u00e7irili\u015flerinde \u00e7yky\u015f edip, has tapawutlanan okuw\u00e7ylara, \u015fe\u00fdle-de bilim ulgamyny\u0148 i\u015fg\u00e4rlerine hormatly Prezidentimizi\u0148 adyndan \u00fdadyg\u00e4rlik sowgatlar gow\u015furyldy. \u00abSo\u0148ky ja\u0148\u00bb dabarasy mynasybetli u\u00e7urymlar \u00fc\u00e7in A\u015fgabat we Arkadag \u015f\u00e4herlerini\u0148, wela\u00fdatlary\u0148 g\u00f6zel \u00fderlerine, medeni-dyn\u00e7 aly\u015f merkezlerine, muze\u00fdlere, se\u00fdilg\u00e4hlere gezelen\u00e7ler guraldy. Ag\u015fam \u00abA\u015fgabat\u00bb a\u00fddym-saz merkezinde ba\u00fdram\u00e7ylyk dabarasy \u00fda\u00fdba\u0148landyryldy. O\u0148a T\u00fcrkmenistany\u0148 Bilim ministrligini\u0148, jemgy\u00fdet\u00e7ilik guramalaryny\u0148, \u00fdokary okuw mekdeplerini\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary, u\u00e7urymlar, bilim i\u015fg\u00e4rleri gatna\u015fdylar. D\u00f6wlet sirkini\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnd\u00e4ki me\u00fddan\u00e7ada medeni\u00fdet we sungat ussatlaryny\u0148 konserti guraldy. 25-nji ma\u00fdda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow \u00ab\u00c7alyk Holding\u00bb kompani\u00fdalar toparyny\u0148 dolandyryjylar ge\u0148e\u015fini\u0148 ba\u015flygy Ahmet \u00c7alygy kabul etdi. Du\u015fu\u015fygy\u0148 dowamynda Di\u00fdarymyzda m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetli gurlu\u015fyk taslamalaryny\u0148 durmu\u015fa ge\u00e7irili\u015fi baradaky meselelere garaldy. Ahmet \u00c7alyk T\u00fcrki\u00fde Respublikasyny\u0148 Prezidenti Rejep Ta\u00fdyp \u00c4rdogany\u0148 T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, ho\u015fni\u00fdetli arzuwlaryny \u00fdetirdi. \u015ee\u00fdle hem ol Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi, tutu\u015f t\u00fcrkmen halkyny A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 g\u00fcni bilen gutlady. T\u00fcrki\u00fdeli i\u015few\u00fcr \u00fdolba\u015f\u00e7ylyk ed\u00fd\u00e4n kompani\u00fdasyny\u0148 T\u00fcrkmenistanda alyp bar\u00fdan i\u015flerini\u0148 netijeleri barada hasabat berdi. Nygtaly\u015fy \u00fdaly, h\u00e4zirki wagtda Hazary\u0148 t\u00fcrkmen kenarynda utga\u015fykly dolany\u015fykda i\u015flejek, sebitde iri d\u00f6wrebap elektrik stansi\u00fdasyny\u0148, Balkan wela\u00fdatyny\u0148 T\u00fcrkmenba\u015fy etrabynda d\u00fc\u00fdbi tutulan karbamid \u00f6nd\u00fcr\u00fd\u00e4n t\u00e4ze toplumy\u0148 gurlu\u015fygy batly depginde dowam ed\u00fd\u00e4r. \u00ab\u00c7alyk Holding\u00bb kompani\u00fdalar topary \u00fdurdumyzy\u0148 senagat we durmu\u015f maksatly m\u00f6h\u00fcm binalaryny\u0148, d\u00f6wrebap saglyk merkezlerini\u0148 gurlu\u015fygyna i\u015fje\u0148 gatna\u015f\u00fdar, T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 Ahalteke at\u00e7ylyk toplumyny d\u00f6wrebapla\u015fdyrmak i\u015flerini \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. Ahmet \u00c7alyk \u201cGalkyny\u015f\u201d milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar toparyny\u0148 Stambul \u015f\u00e4herinde ge\u00e7irilen Halkara etnosport medeni\u00fdeti festiwalynda \u00fcst\u00fcnlikli \u00e7yky\u015f edip, \u00fdokary derejeli ba\u00fdraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. I\u015few\u00fcr bu festiwala Bilal \u00c4rdogany\u0148 hem gatna\u015fyp, behi\u015fdi t\u00fcrkmen bedewlerini\u0148 \u00e7yky\u015flaryna uly h\u00f6wes bilen toma\u015fa edendigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza salamyny, \u201cGalkyny\u015f\u201d toparyny\u0148 gazanan \u00fde\u0148\u015fi mynasybetli gutlaglaryny iberendigini a\u00fdtdy. I\u015few\u00fcr Niderlandlar Paty\u015falygynda ge\u00e7iriljek at\u00e7ylyk ulgamyna degi\u015fli \u00e7\u00e4relere gatna\u015fmaga isleg bildir\u00fd\u00e4ndigini belledi. Munu\u0148 \u00f6zi ahalteke bedewlerini\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hratyny\u0148 barha art\u00fdandygyny g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. Hormatly Arkadagymyz T\u00fcrkmenistanda amala a\u015fyryl\u00fdan \u00e4hli taslamalara hemi\u015fe ylmy ta\u00fddan esaslandyrylan, innowasion hem-de \u00fdokary netijeli \u00e7\u00f6zg\u00fctleri\u0148 girizilmegini golda\u00fdandygyny a\u00fdtdy. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00ab\u00c7alyk Holding\u00bb kompani\u00fdasyny\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de i\u0148 t\u00e4ze innowasion tehnologi\u00fdalary, k\u00e4mil enjamlary orna\u015fdyrmak arkaly T\u00fcrkmenistanda d\u00f6wlet hem-de sebit \u00e4hmi\u00fdetli t\u00e4ze taslamalary amala a\u015fyrmakda netijeli i\u015fleri dowam etdirjekdigine ynam bildirildi. Du\u015fu\u015fykda Milli Liderimiz Ahmet \u00c7alygy\u0148 kakasy Mahmyt \u00c7alygy\u0148 aradan \u00e7ykmagy zerarly \u00e7u\u0148\u0148ur gynanjyny be\u00fdan etdi we i\u015few\u00fcre hem-de onu\u0148 dogan-garynda\u015flaryna, \u00fdakynlaryna medet beriji s\u00f6zlerini a\u00fdtdy. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen d\u00f6redilen \u00abGalkyny\u015f\u00bb milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar toparyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 24 \u00fdurdundan, \u015fol sanda \u00ddaponi\u00fda, M\u00fcs\u00fcr, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerba\u00fdjan, Ispani\u00fda, Litwa, Russi\u00fda, Itali\u00fda, \u00d6zbegistan, Meksika, Banglade\u015f, Gruzi\u00fda, Liwan, Tanzani\u00fda we be\u00fdleki d\u00f6wletlerden m\u00fc\u0148den gowrak wekili bir \u00fdere jeml\u00e4n 8-nji Halkara etnosport medeni\u00fdeti festiwalyna gatna\u015fandygyny bellemek gerek. Festiwaly\u0148 \u00e7\u00e4klerinde d\u00fcrli \u00fdurtlardan gelen milli medeni toparlar \u00f6z halklaryny\u0148 d\u00e4p-dessurlaryny, at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlaryny, sportu\u0148 milli g\u00f6rn\u00fc\u015flerini g\u00f6rkezdiler. 26-njy ma\u00fdda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 \u00fdanyndaky \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 nobatdaky mejlisini ge\u00e7irdi. Onda \u00fda\u015fululary\u0148 gatna\u015fmagynda ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n wagyz-nesihat i\u015flerini\u0148 netijeleri we ynsanperwer \u00fd\u00f6relgeleri ilerletmegi\u0148 esasy ugurlary ara alnyp maslahatla\u015fyldy. Gahryman Arkadagymyz \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 mejlisine gatna\u015fyjylary \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdylynda eziz Di\u00fdarymyzda gi\u0148den bellenil\u00fd\u00e4n, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi dabaralandyr\u00fdan Gurban ba\u00fdramy bilen t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden gutlady we okaljak a\u00fdat-t\u00f6wirleri\u0148, ediljek doga-dilegleri\u0148 Be\u00fdik Biribary\u0148 derg\u00e4hinde kabul bolmagyny arzuw etdi. Mejlisi\u0148 g\u00fcn tertibine la\u00fdyklykda, halkymyzy\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f \u015fertlerini gowulandyrmak, \u00fdurdumyzda durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00f6zgertmeleri wagyz etmek, \u00fderlerde \u00fda\u015f nesilleri watan\u00e7ylyk ruhunda terbi\u00fdelemek, \u00fda\u015f we k\u00f6p \u00e7agaly ma\u015fgalalara, m\u00fcmkin\u00e7iligi \u00e7\u00e4kli \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a alnyp baryl\u00fdan i\u015fleri\u0148 \u00fdagda\u00fdyna we be\u00fdleki meselelere seredildi. Mejlisi\u0148 dowamynda Milli Liderimize \u00fdakynda doglan we hossarsyz galyp, A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 \u00e7agalar \u00f6\u00fd\u00fcnde terbi\u00fdelenil\u00fd\u00e4n gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen \u00fd\u00fczlenildi. Gahryman Arkadagymyz bu \u00e7agany\u0148 mukaddes Gurban a\u00fdynda doglandygyny nazara alyp, \u00fdurdumyzda sahawatly senelere go\u00fdul\u00fdan sarpany\u0148 a\u00fddy\u0148 ny\u015fany h\u00f6km\u00fcnde o\u0148a Arkadag gyzy Gurbang\u00fcl di\u00fdip at dakmagy maslahat berdi. Milli Liderimiz \u00fdurdumyzda hossarsyz-howandarsyz \u00e7agalary\u0148 \u00fdokdugyny, kuwwatly d\u00f6wletimizi\u0148 olary\u0148 arkasynda dag \u00fdaly bolup durandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz \u00dda\u015fulular ge\u0148e\u015fini\u0148 agzalaryny\u0148 d\u00fcz\u00fcmine wekili bellemek baradaky mesel\u00e4 degip ge\u00e7mek bilen, \u00f6z\u00fcni\u0148 hem T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy h\u00f6km\u00fcnde Arkadag<\/p>\n","protected":false},"author":1,"featured_media":4227,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[62],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4513"}],"collection":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/users\/1"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/comments?post=4513"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4513\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":4524,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4513\/revisions\/4524"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/media\/4227"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/media?parent=4513"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/categories?post=4513"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/tags?post=4513"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}