{"id":4687,"date":"2026-07-08T11:24:49","date_gmt":"2026-07-08T06:24:49","guid":{"rendered":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/?p=4687"},"modified":"2026-07-09T11:25:10","modified_gmt":"2026-07-09T06:25:10","slug":"yer-yuzunde-turkmen-bedewlerinin-at-abrayy-has-da-dabaralanyar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/2026\/07\/08\/yer-yuzunde-turkmen-bedewlerinin-at-abrayy-has-da-dabaralanyar\/","title":{"rendered":"\u00dder \u00fd\u00fcz\u00fcnde t\u00fcrkmen bedewlerini\u0148 at-abra\u00fdy has-da dabaralan\u00fdar"},"content":{"rendered":"<p>Gadymy we \u015f\u00f6hratly t\u00fcrkmen halkyny\u0148 nepis halysy, altyn-k\u00fcm\u00fc\u015f \u015fa\u00fd sepleri \u00fdaly milli ba\u00fdlyklaryny\u0148 biri-de onu\u0148 gamy\u015fgulak bedew atydyr. Bedewlerimizi\u0148 owadanlygynda, du\u00fdgurlygynda, \u00fd\u00fcwr\u00fckliginde, wepalylygynda, ata-babalarymyzy\u0148 t\u00fckeniksiz azap-aladalary, bahasyna \u00fdetip bolmajak yhlasly halal z\u00e4hmeti bardyr. T\u00fcrkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigaty\u0148 we adamy\u0148 z\u00e4hmetini\u0148 hem-de akyl-pa\u00fdhasyny\u0148 pe\u015fge\u015f beren aja\u00fdyp sazla\u015fygyny\u0148, g\u00f6zelligi\u0148 we okgunly gadamlary\u0148 ny\u015fany bolup dur\u00fdar. T\u00fcrkmen at\u015fynaslygyny\u0148 m\u00f6h\u00fcm bin\u00fdadyny emele getiren me\u015fhur ahalteke bedewlerini\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty asyrlarbo\u00fdy \u00e4leme dolup gel\u00fd\u00e4r.<\/p><p>\u00ddurdumyzy\u0148 Gara\u015fsyzlygyny alan ilkinji \u00fdyllarynda D\u00f6wlet tugramyzy\u0148 merkezinde i\u0148 gymmatly ba\u00fdlyk h\u00f6km\u00fcnde bedew atyny\u0148 bu\u00fdsan\u00e7ly ke\u015fbini\u0148 \u00fderle\u015fdirilmegi halkymyzy\u0148 berkarar Watanymyzy\u0148 nurana geljegini wepaly syrda\u015fy bedew aty\u0148 ke\u015fbi we okgunly gadamy bilen baglany\u015fdyr\u00fdandygyny g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy\u0148 asylly ba\u015flangy\u00e7lary we hormatly Prezidentimizi\u0148 tagallalary netijesinde halkymyzy\u0148 bu\u00fdsanjyna, tutu\u015f adamzady\u0148 genji-hazynasyna \u00f6wr\u00fclen ahalteke bedewleri Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde halky\u0148 belent ruhuny, \u00f6s\u00fc\u015flerimizi\u0148 \u00fdokary depginini a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. 2026-njy \u00fdyly\u0148 \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2013 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdyly di\u00fdlip atlandyrylmagy Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze \u00f6s\u00fc\u015flere tarap bedew bady bilen ynamly \u00f6\u0148e bar\u00fdandygyny a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkezip, her bir t\u00fcrkmenistanlyny t\u00e4ze maksatlara we belent sepgitlere \u00fdetm\u00e4ge ruhlandyr\u00fdar.<\/p><p>Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde me\u015fhur ahalteke atlary\u0148 gadymdan gel\u00fd\u00e4n \u015f\u00f6hraty d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 ta\u00fdsyz tagallalary bilen yzygiderli belende g\u00f6teril\u00fd\u00e4r. Milli Liderimizi\u0148 we hormatly Prezidentimizi\u0148 bedewlere bolan belent s\u00f6\u00fdg\u00fcsini\u0148, hormat-sarpasyny\u0148 netijesinde atlary\u0148 ahalteke tohumyny gorap saklamak, k\u00f6peltmek we wagyz etmek bo\u00fdun\u00e7a i\u015fler d\u00f6wlet sy\u00fdasaty derejesine \u00e7ykaryldy. Bu i\u015flerde at\u015fynaslyk sungatyny\u0148 \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 h\u00e4zirki zaman tehnologi\u00fdalary esasynda dowam edilip, has ba\u00fdla\u015fdyrylmagy a\u00fdratyn orny e\u00fdele\u00fd\u00e4r. Netijede, \u00fdurdumyzda milli at\u015fynaslyk pudagy t\u00e4ze belentliklere \u00e7ykarylyp, at\u00e7ylyk sport d\u00fcz\u00fcmlerini, at\u00e7ylyk sportuny\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015flerini we milli at\u015fynaslyk d\u00e4plerini \u00f6sd\u00fcrmek, arassa ganly tohum atlary\u0148 ba\u015f sanyny k\u00f6peltmek, olary\u0148 nesil goruny saklamak, k\u00e4mille\u015fdirmek, ussat \u00e7apyksuwarlary\u0148 we at\u015fynaslary\u0148 \u00fda\u015f neslini kemala getirmek ugrunda gi\u0148 gerimli i\u015fler durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r, bu ugurda halkara hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r. \u00c7\u00fcnki ahalteke bedewleri milli mirasymyzy\u0148 m\u00f6h\u00fcm d\u00fcz\u00fcm b\u00f6legidir. Ahalteke at\u00e7ylyk sungaty we atlary bezemek d\u00e4plerini\u0148 t\u00fcrkmen sungatyny\u0148 na\u00fdba\u015fy g\u00f6rn\u00fc\u015flerini\u0148 biri h\u00f6km\u00fcnde \u00ddUNESKO-ny\u0148 Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizilmegi milli we d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetini\u0148 gudraty hasaplan\u00fdan ahalteke bedewlerini\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4d\u00e4ki at-abra\u00fdyny has-da \u015f\u00f6hratlandyrdy.<\/p><p>Watanymyzy\u0148 mukaddes Gara\u015fsyzlygyny\u0148 \u015fanly 35 \u00fdyllygyna beslen\u00fd\u00e4n \u015fu \u00fdylda ahalteke atlaryny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4d\u00e4ki \u015fan-\u015f\u00f6hratyny belende galdyrmak maksady bilen, \u00fdurdumyzda we da\u015fary d\u00f6wletlerde birn\u00e4\u00e7e \u00e7\u00e4releri\u0148 ge\u00e7irilmegi me\u00fdille\u015fdirildi. \u00ddurdumyzy\u0148 \u00e7\u00e4ginden alysda hem me\u015fhurlyga e\u00fde bolan \u00abGalkyny\u015f\u00bb milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar topary abra\u00fdly halkara sylaglara, \u015fol sanda Monako Kn\u00fdazlygyny\u0148 Monte-Karlo \u015f\u00e4herinde her \u00fdyl ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n halkara sirk sungaty festiwalyny\u0148 ba\u00fdraklaryna mynasyp boldy. Topary\u0148 aja\u00fdyp \u00e7yky\u015flary da\u015fary \u00fdurtly toma\u015fa\u00e7ylary ha\u00fdrana go\u00fdup, olara \u00fdatdan \u00e7ykmajak t\u00e4sirleri bagy\u015fla\u00fdar. \u015ee\u00fdle hem ol asyrlary\u0148 dowamynda parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjiligi, ho\u015fni\u00fdetli go\u0148\u015fu\u00e7ylygy esasy \u00fd\u00f6relge edin\u00fd\u00e4n halkymyzy\u0148 ba\u00fd taryhy-medeni mirasyny gi\u0148den wagyz etm\u00e4ge \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r.<\/p><p>\u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2013 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdylynda \u00fdurdumyzda we da\u015fary d\u00f6wletlerde \u00fda\u00fdba\u0148landyryl\u00fdan \u00e7\u00e4reler Watanymyzy\u0148 Gara\u015fsyzlygyny\u0148 35 \u00fdyllygyna beslen\u00fd\u00e4n \u015fanly \u00fdyly\u0148 many-mazmunyny has-da ba\u00fdla\u015fdyryp, behi\u015fdi bedewleri\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hratyny \u00e4leme \u00fda\u00fd\u00fdar.<\/p><p><a rel=\"nofollow\" href=\"https:\/\/turkmenistan.gov.tm\/tk\/habar\/108153\/yer-yuzunde-turkmen-bedewlerinin-abrayy-has-da-dabaralanyar\">Source<\/a><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Gadymy we \u015f\u00f6hratly t\u00fcrkmen halkyny\u0148 nepis halysy, altyn-k\u00fcm\u00fc\u015f \u015fa\u00fd sepleri \u00fdaly milli ba\u00fdlyklaryny\u0148 biri-de onu\u0148 gamy\u015fgulak bedew atydyr. Bedewlerimizi\u0148 owadanlygynda, du\u00fdgurlygynda, \u00fd\u00fcwr\u00fckliginde, wepalylygynda, ata-babalarymyzy\u0148 t\u00fckeniksiz azap-aladalary, bahasyna \u00fdetip bolmajak yhlasly halal z\u00e4hmeti bardyr. T\u00fcrkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigaty\u0148 we adamy\u0148 z\u00e4hmetini\u0148 hem-de akyl-pa\u00fdhasyny\u0148 pe\u015fge\u015f beren aja\u00fdyp sazla\u015fygyny\u0148, g\u00f6zelligi\u0148 we okgunly gadamlary\u0148 ny\u015fany bolup dur\u00fdar. T\u00fcrkmen at\u015fynaslygyny\u0148 m\u00f6h\u00fcm bin\u00fdadyny emele getiren me\u015fhur ahalteke bedewlerini\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty asyrlarbo\u00fdy \u00e4leme dolup gel\u00fd\u00e4r. \u00ddurdumyzy\u0148 Gara\u015fsyzlygyny alan ilkinji \u00fdyllarynda D\u00f6wlet tugramyzy\u0148 merkezinde i\u0148 gymmatly ba\u00fdlyk h\u00f6km\u00fcnde bedew atyny\u0148 bu\u00fdsan\u00e7ly ke\u015fbini\u0148 \u00fderle\u015fdirilmegi halkymyzy\u0148 berkarar Watanymyzy\u0148 nurana geljegini wepaly syrda\u015fy bedew aty\u0148 ke\u015fbi we okgunly gadamy bilen baglany\u015fdyr\u00fdandygyny g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy\u0148 asylly ba\u015flangy\u00e7lary we hormatly Prezidentimizi\u0148 tagallalary netijesinde halkymyzy\u0148 bu\u00fdsanjyna, tutu\u015f adamzady\u0148 genji-hazynasyna \u00f6wr\u00fclen ahalteke bedewleri Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde halky\u0148 belent ruhuny, \u00f6s\u00fc\u015flerimizi\u0148 \u00fdokary depginini a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. 2026-njy \u00fdyly\u0148 \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2013 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdyly di\u00fdlip atlandyrylmagy Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze \u00f6s\u00fc\u015flere tarap bedew bady bilen ynamly \u00f6\u0148e bar\u00fdandygyny a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkezip, her bir t\u00fcrkmenistanlyny t\u00e4ze maksatlara we belent sepgitlere \u00fdetm\u00e4ge ruhlandyr\u00fdar. Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde me\u015fhur ahalteke atlary\u0148 gadymdan gel\u00fd\u00e4n \u015f\u00f6hraty d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 ta\u00fdsyz tagallalary bilen yzygiderli belende g\u00f6teril\u00fd\u00e4r. Milli Liderimizi\u0148 we hormatly Prezidentimizi\u0148 bedewlere bolan belent s\u00f6\u00fdg\u00fcsini\u0148, hormat-sarpasyny\u0148 netijesinde atlary\u0148 ahalteke tohumyny gorap saklamak, k\u00f6peltmek we wagyz etmek bo\u00fdun\u00e7a i\u015fler d\u00f6wlet sy\u00fdasaty derejesine \u00e7ykaryldy. Bu i\u015flerde at\u015fynaslyk sungatyny\u0148 \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 h\u00e4zirki zaman tehnologi\u00fdalary esasynda dowam edilip, has ba\u00fdla\u015fdyrylmagy a\u00fdratyn orny e\u00fdele\u00fd\u00e4r. Netijede, \u00fdurdumyzda milli at\u015fynaslyk pudagy t\u00e4ze belentliklere \u00e7ykarylyp, at\u00e7ylyk sport d\u00fcz\u00fcmlerini, at\u00e7ylyk sportuny\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015flerini we milli at\u015fynaslyk d\u00e4plerini \u00f6sd\u00fcrmek, arassa ganly tohum atlary\u0148 ba\u015f sanyny k\u00f6peltmek, olary\u0148 nesil goruny saklamak, k\u00e4mille\u015fdirmek, ussat \u00e7apyksuwarlary\u0148 we at\u015fynaslary\u0148 \u00fda\u015f neslini kemala getirmek ugrunda gi\u0148 gerimli i\u015fler durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r, bu ugurda halkara hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r. \u00c7\u00fcnki ahalteke bedewleri milli mirasymyzy\u0148 m\u00f6h\u00fcm d\u00fcz\u00fcm b\u00f6legidir. Ahalteke at\u00e7ylyk sungaty we atlary bezemek d\u00e4plerini\u0148 t\u00fcrkmen sungatyny\u0148 na\u00fdba\u015fy g\u00f6rn\u00fc\u015flerini\u0148 biri h\u00f6km\u00fcnde \u00ddUNESKO-ny\u0148 Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizilmegi milli we d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetini\u0148 gudraty hasaplan\u00fdan ahalteke bedewlerini\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4d\u00e4ki at-abra\u00fdyny has-da \u015f\u00f6hratlandyrdy. Watanymyzy\u0148 mukaddes Gara\u015fsyzlygyny\u0148 \u015fanly 35 \u00fdyllygyna beslen\u00fd\u00e4n \u015fu \u00fdylda ahalteke atlaryny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4d\u00e4ki \u015fan-\u015f\u00f6hratyny belende galdyrmak maksady bilen, \u00fdurdumyzda we da\u015fary d\u00f6wletlerde birn\u00e4\u00e7e \u00e7\u00e4releri\u0148 ge\u00e7irilmegi me\u00fdille\u015fdirildi. \u00ddurdumyzy\u0148 \u00e7\u00e4ginden alysda hem me\u015fhurlyga e\u00fde bolan \u00abGalkyny\u015f\u00bb milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar topary abra\u00fdly halkara sylaglara, \u015fol sanda Monako Kn\u00fdazlygyny\u0148 Monte-Karlo \u015f\u00e4herinde her \u00fdyl ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n halkara sirk sungaty festiwalyny\u0148 ba\u00fdraklaryna mynasyp boldy. Topary\u0148 aja\u00fdyp \u00e7yky\u015flary da\u015fary \u00fdurtly toma\u015fa\u00e7ylary ha\u00fdrana go\u00fdup, olara \u00fdatdan \u00e7ykmajak t\u00e4sirleri bagy\u015fla\u00fdar. \u015ee\u00fdle hem ol asyrlary\u0148 dowamynda parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjiligi, ho\u015fni\u00fdetli go\u0148\u015fu\u00e7ylygy esasy \u00fd\u00f6relge edin\u00fd\u00e4n halkymyzy\u0148 ba\u00fd taryhy-medeni mirasyny gi\u0148den wagyz etm\u00e4ge \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r. \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2013 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdylynda \u00fdurdumyzda we da\u015fary d\u00f6wletlerde \u00fda\u00fdba\u0148landyryl\u00fdan \u00e7\u00e4reler Watanymyzy\u0148 Gara\u015fsyzlygyny\u0148 35 \u00fdyllygyna beslen\u00fd\u00e4n \u015fanly \u00fdyly\u0148 many-mazmunyny has-da ba\u00fdla\u015fdyryp, behi\u015fdi bedewleri\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hratyny \u00e4leme \u00fda\u00fd\u00fdar. Source<\/p>\n","protected":false},"author":1,"featured_media":4689,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[62],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4687"}],"collection":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/users\/1"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/comments?post=4687"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4687\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":4688,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/posts\/4687\/revisions\/4688"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/media\/4689"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/media?parent=4687"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/categories?post=4687"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/turkmendemironumleri.com.tm\/index.php\/wp-json\/wp\/v2\/tags?post=4687"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}