28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli bagyşlanan çäre geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni Gunça Abdyrahmanowa alyp bardy.
Dabaranyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. M.Gurbangulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O.Gurtgeldiýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş energetiginiň w.w.ýe.ýe. P.Ýagşymämmedowdagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir güniniň toý-baýramlara beslenip, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da pugtalanýandygyny, baş baýramymyz bolan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň mahriban halkymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilendigini, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen, milli demokratik ýörelgelerimiziň dabaralanmasynyň aýdyň beýanyny bolan, halk bilen häkimýetiň arasyndaky berk arabaglanşygy aňladýan, türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň şöhlelenmesine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň, 2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, Döwlet münberiniň toplumynda dabaraly harby ýörişiň, «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserdiniň we feýerwergiň, Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygynyň, Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
1991-nji ýylyň altyn güýzünde türkmen halky özüniň arzuwlan Garaşsyz döwletini Türkmenistany bütin dünýäde ykrar etmek bilen, özüniň döwlet gurmak babatynda täze tapgyryna çykyp, baky bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň ýolyna düşdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyna ene dilini, milli däp-dessurlaryny gaýtaryp berdi. Ýurdumyz belent derejelere ýetip, halkymyz bagtyýar we eşretli durmuşyň hözürini görüp, erkana durmuşda ýaşaýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar Diýarymyzda amala aşyrylýan taryhy beýik işler, gazanylýan ösüşler, döwleti dolandyrmak babatdaky asylly özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk eýýamlaryň şan-şöhratydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip, bu mukaddeslige ýokary baha berýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda we at-owazasy dünýä dolan «akylly» Arkadag şäherinde iri möçberli gurluşyklaryň amala aşyrylmagy bolsa, Garaşsyzlygyň halkymyza beren peşgeşi bolup ykdysady kuwwatymyzyň ýokary derejelere göterilendigini bütin dünýä subut edýär. Ähli başlangyçlary diňe halkyň bähbidine gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde bitiren hyzmatlary aýratyn bellärliklidir.
Uly üstünliklere beslenip dowam edýän täze taryhy eýýamymyzyň şöhratly taryhyna ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde ýokary guramçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky taryhy Mejlisine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bolsa bu mejlisiň ýurdymyzyň we halkymyzyň durmuşynda ähmiýetiniň örän ulydygyny görkezýändigini, bu mejlisde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz maksatnamalaýyn çykyş etmeginiň hem-de öz çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan beýik üstünlikleri dogrusynda giňişleýin durup geçmeginiň, şonda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip bellemeginiň ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwlet derejesine göterilýändigini görkezdi diýip çykyş edenler bellediler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň toplumynda geçirilen dabaraly ýörişe işjeň gatnaşan işgärlerini, şeýle hem jemgyýetçilik işlerinde işjeňlik görkezen ýaşlaryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz baky Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni