Daşoguz welaýatynyň gallaçylary şu ýyl bol hasyl almagy maksat edinýärler

Daşoguz welaýatynyň gallaçylary şu ýyl bol hasyl almagy maksat edinýärler

Şu günler Daşoguz welaýatynda ýetip gelýän galla oragyna taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Galla kabul ediji nokatlarynyň we elewatorlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Onuň çäklerinde dürli binalaryň, telärleriň, meýdançalaryň gatlaklarynyň, konweýerleriň, barlaghana enjamlarynyň we terezileriň bellenen kadalara laýyklygy barlanylýar hem-de zerur bolan öňüni alyş abatlaýyş işleri geçirilýär. Şeýle hem sebitde galla orujy kombaýnlaryň, bugdaý daşamakda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesine, guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Welaýatyň gallaçylary şu ýyl bol hasyla garaşýarlar. Hasylyň binýadyny ýerli howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere we dökülmegine çydamly, özüni gowy tarapdan görkezen bugdaýyň «Alekseýewiç» we «Bezostaýa-100» ýaly ýokary hasylly görnüşleri düzýär. Welaýat ýurdumyzyň iň iri galla mekanynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ugrunda yzygiderli amala aşyrylýan işler netijesinde, şu güne çenli bu ýerde doly agrotehniki sikl döredildi. Ol tohumlyk dänäni taýýarlamagy, ekişi, oragy, galla saklamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alýar. Sebitde üç sany ýokary öndürijilikli un öndürýän kärhana we ýedi sany elewator, şeýle hem döwrebap enjamlaşdyrylan onlarça galla kabul ediji nokady bar. Şeýle düzümiň mümkinçiliklerine Görogly etrabyndaky iri galla önümleri kärhanasynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Bu kärhana bugdaýy gaýtadan işlemek we saklamak boýunça bitewi toplum bolup, ol bir wagtyň özünde 50 müň tonna galla saklamaga hem-de ýylda 50 müň tonna ýokary we birinji hilli un öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada, şeýle hem sebitiň ähli döwrebap elewatorlarynda gallany saklamaga kabul etmek we gaýtadan işlemäge ibermek işleri hem awtomobil, hem demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Source

Read More

Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň dört aýynda Diýarymyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, degişli Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Her ýyl mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýaş nesilleriň interaktiw-multimedia usulynda bilim almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çar künjeginde mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary bina edilýär, olar kompýuterler, zerur bolan beýleki enjamlar, okuw gollanmalary bilen üpjün edilýär. Okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimedia, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Ýaşlara türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwretmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar. Bularyň ählisi milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, döredijilik, ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler bilim binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlarda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga höwes döretmek ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Munuň özi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylym-bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady öňdebaryjy dünýä tejribesi, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary esasynda kämilleşdirilýär. Bu bolsa milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine uly itergi berýär. Source

Read More

Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Source

Read More

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli amal etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Pile möwsümi boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça, bugdaýa ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen piläni ýygnamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu

Read More

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri arkaly netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ruhy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy, milli medeni mirasyň dünýäde wagyz edilmegi ýaly wezipeler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň 27-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde duran möhüm wezipelere ünsi çekip, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyna ünsi çekip, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa we dokma senagatyny, oba hojalygyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi, şeýle-de seýşeller tarapyny ýurdumyzda geçirilýän sergilere, halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy. 1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem mejlisde şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çäreler barada maglumat berildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Şolaryň hatarynda her ýyl geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar. Şeýle-de “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary” atly sergiler we maslahatlar, “Kazan halal bazary” halkara ýarmarkasy, “Asylly moda güni” festiwaly geçiriler. Atly sport boýunça hem ýaryşlar guralar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda geçirilmegi olaryň aýratyn ähmiýetini görkezýär. Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor halkara atly oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan sergini guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem mejlisde 9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu çäreler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga ýardam eder. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläp, geçen döwürde gowy netijeleriň gazanylandygyny, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmäge aýratyn ünsi çekip, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek hakynda Karara gol çekdi. 2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Şunda metjidiň, Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýan muzeýiň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýyna aýratyn üns berildi. Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna gatnaşmagy, şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmak, ilaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek, “akylly” şäheriň bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, talyp haklaryny döretmek meseleleri, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe, Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamedden ynanç haty kabul edildi. Diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasy Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu çäre dostlukly ýurduň senagat, eksport kuwwatyny görkezmek hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Olaryň arasynda ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, alyjylaryň arasynda giňden belli bolan hyzmatdaşlar, işjeň gatnaşyklary ýola goýup, geljegi uly türkmen bazarynda orun almagy maksat edinýän işewürler hem bar. 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň gurluşyk, gaz, nebithimiýa toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamyndaky köptaraply innowasion mümkinçilikleri, çig mal gorlaryna baha bermegiň tehnologiýalaryny

Read More

Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Şunda parahatçylygyň, dostlugyň, özara ynanyşmagyň möhüm guraly hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Bu gurama tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumytürki gymmatlyklaryň dünýä derejesinde dabaralandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleriniň TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda guralýan festiwallara, sergilere, konsertlere işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň guralmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda nobatdaky ädimdir. Bu çäre türki halklaryň arasyndaky taryhy we ruhy bitewüligi has-da berkitmek bilen, Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm merkezine öwrülýändigini görkezýär. Konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Türkmenistan — bagy-bossan» atly aýdym bilen açyldy. Onda berkarar döwletimiziň gözel keşbi, owadan tebigaty, halkymyzyň abadan durmuşy çeper beýan edilýär. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Konsertiň dowamynda dünýäniň we türki dünýäniň nusgawy opera sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Sahna ussatlary, belli dirižýorlar tarapyndan türkmen, özbek, gyrgyz, azerbaýjan, gazak we türk dillerindäki milli operalardan bölekler, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen «Romeo we Julýetta», «Paýasy», «Ykbalyň güýji», «Trubadur», «Karmen», «Faust», «Andre Şenýe», «Granada» ýaly italýan, fransuz, nemes, ispan dillerindäki meşhur ariýalardyr aýdymlar ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirildi. Çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsertiň baý maksatnamasy Türkmenistanyň alyp barýan medeni diplomatiýasyny has-da dabaralandyryp, sungatyň halklary birleşdirýän köpri hökmünde ähmiýetini ýene-de bir gezek subut etdi. Şeýle hem bu çäre türki dilli halklaryň umumy köklerine bolan sarpasynyň, dünýäniň nusgawy mirasyna goýulýan belent hormatyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Funikuli funikula» atly meşhur eseri bilen jemlendi. Bu eser parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň senasy bolup ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu çäräni geçirmek babatda döreden giň mümkinçilikleri hem-de beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Read More

Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujy, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen bir hatarda, türki döwletleriň medeniýet işgärleri hem gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda milli medeniýetimizi ösdürmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň durmuşyny ruhy mazmun bilen baýlaşdyryp, ildeşlerimizi her bir işde belent sepgitlere, üstünliklere ruhlandyrýar. Köp sanly döwletleriň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, geçmiş taryha, milli mirasa bagyşlanan ylmy maslahatlardyr forumlar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr. Özara gatnaşyklaryň netijeli serişdesi bolup durýan medeniýet we sungat ýurtlary hem-de halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýa parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşany hökmünde nurana geljegiň hatyrasyna halklary özara birleşdirýär. Hut şu ýörelgeler hem şu günki konsertiň maksatnamasynyň binýadyny emele getirýär. Weli Muhadowyň ýubileýine bagyşlanan bu konsert diňe bir aýdym-saz çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dostlukly döwletler bilen medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy, döwletimiziň gülläp ösýän keşbi sazyň dili bilen beýan edildi. Konsertde opera eserlerine hem giň orun berildi. Muhadowyň «Zöhre we Tahyr», «Kemine we kazy», «Ganly saka» operalaryndan ýerine ýetirilen parçalar türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalarynyň hem-de taryhynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň Muhadowyň lirik aýdymlaryny ýerine ýetirmegi goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazyň güýji arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşany boldy. Konsertiň dowamynda «Jan, Türkmenistan!» sazy tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Bu eserler Türkmenistan Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we abadan durmuşynyň özboluşly senasyna öwrüldi. Şeýle hem konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz we opera sungatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň ruhy bitewüliginiň, taryhy we medeni kökleriniň umumylygynyň nyşanyna öwrülip, medeni hyzmatdaşlygyň hem-de döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Aşyklaryň şäheri» aýdymy çäräniň ajaýyp jemlemesine öwrülip, paýtagtymyz Aşgabadyň parahatçylygyň, söýginiň we dostlugyň halkara merkezi hökmündäki ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyrdy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ussat kompozitor Weli Muhadowyň döredijiligini içgin öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Umuman, bu dabaraly konsert Weli Muhadowyň ajaýyp mirasynyň türkmen saz sungatynyň genji-hazynasyna öwrülmek bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda we medeni diplomatiýada hem möhüm orun tutýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. (TDH)

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 2-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ekologik ýagdaýy, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Onuň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berklik we amatlylyk derejesi döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň degişli derejede amala aşyrylmagyny, Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär. Milli Liderimiz ir säher bilen “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň gurluşyklarynyň dowam edýän ýerine geldi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bahar pasly bu künjegiň tebigatyna gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Köpetdagyň eteginiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şäheriň binagärlik keşbi bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda şäheriň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler, olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi. Hajy Arkadagymyz metjidiň gurluşygyna, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, onuň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň “Allanyň öýi” hasaplanýan kaşaň binanyň ähmiýetine laýyk gelmegini üpjün eder. Bu ýerde metjidiň esasy binasy bilen bir hatarda, onuň minaralarynyň, beýleki ugurdaş desgalaryň girelgesiniň, metjidiň muzeýiniň gurluşyk işleri batly depginde dowam edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň biri bolan metjidiň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine zerur üns berilmelidir. Şunda amala aşyrylýan işleriň uzak geljege gönükdirilýändigini ünsden düşürmeli däldir. Hormatly Arkadagymyz metjidiň girelgeleriniň biriniň ýanynda saklanyp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň derejesine, girelgäniň bezeg aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. “Bu ýerde adamlaryň amatly gelip-gitmekleri, girelgäniň, derwezäniň abadanlaşdyrylyşy degişli binanyň ähmiýetine kybap gelmelidir. Munuň özi tutuş toplumyň binagärlik sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirer” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluny dowam edip, şäheriň ähli çäklerinde bolşy ýaly, metjidiň ýanynda we onuň howlusynda ekiljek bag nahallarynyň hem ylmy esasda seçilip alynmalydygyny, şeýlelikde, bu ýerde ýokary ekologik derejäniň saklanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Bu ýerde oturdyljak bag nahallary, dörediljek gök zolaklar metjidiň keşbi bilen sazlaşmalydyr. Metjidiň minaralarynyň gurluşyk aýratynlyklary, daşynyň bezeg işleri hem-de gümmezleriniň reňk sazlaşygy babatda ýurdumyzyň din wekilleri bilen maslahatlaşyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi wajypdyr. Munuň özi metjidiň binalar toplumynyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere, ykrar edilen kadalara laýyk bolmagyny üpjün eder. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklar nazara alynýar. Bu bolsa şäheriň çäklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň esasy şertleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, metjidiň çäklerinde alnyp barylýan işler bu künjegiň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir. Halkymyzda «Gurýan döwlet gurpludyr» diýlişi ýaly, Arkadag şäheri indi ýurdumyzyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän owadan şäherleriň biri boldy. Ol adamlaryň islegleriniň hasyl bolýan, maksatlarynyň myrat tapýan ýeridir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda bina galdyrmagyň nusgalyk mekdebini döredendigini aýdyp, häzirki döwürde pederlerimiziň dünýä nusgalyk tejribesine daýanylmalydygyny we onuň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belläp, metjidiň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. “Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler Arkadag şäheriniň gözelligine gözellik goşmalydyr we bu işler şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny üpjün etmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze metjidiň esasy girelgesiniň ýanynda saklandy. Häzirki döwürde bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyz metjidiň girelgesiniň toplumyň iň ähmiýetli desgalarynyň biridigini, şoňa görä, onuň bu ýere geljek adamlarda ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz metjidiň esasy girelgesiniň gurluşygyna bolşy ýaly, onuň abadanlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine-de inçelik bilen çemeleşilmelidigini, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny, olaryň geljek nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyz metjidiň çäginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän däpleriniň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar bu ýerde öz beýanyny tapar. Milli Liderimiz muzeýiň daşky bezeg işlerinde ýerleşdirilen özboluşly şekilleri synlap, bu babatda “akylly” şäheriň ýolbaşçylary bilen öz pikirlerini paýlaşdy. Hormatly Arkadagymyz bu muzeýiň metjidiň beýleki binalarynyň üstüni ýetirjek özboluşly desga boljakdygyny belläp, onuň gurluşygynyň depgininiň güýçlendirilmelidigini we beýleki gurulýan desgalar bilen bir hatarda öz wagtynda tamamlanmalydygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem ol bu ýerde durmuş ýoly il-halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet, halkara sylaglary, fotosuratlary, Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän eserleri ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzdan bu barada öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüzlenilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler barada maglumat berýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde ikinji tapgyrda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we durmuş maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, şäher seýilgähiniň çäklerinde ýerleşdiriljek şekilleriň görnüşlerine, halkara çäreleri geçirmek üçin niýetlenen binalaryň gurluşygyna, bezeg işlerine degişli taslamalar hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. D.Orazow şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Milli Liderimiz her bir gurulýan desganyň binýadynyň berkden tutulmalydygyny, gurluşygyna iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, iň esasysy, olaryň hil babatda-da, dünýä ülňülerine laýyklyk babatda-da ýokary görkezijilere kybap gelmelidigini aýdyp, birinji tapgyrda bolşy ýaly, şäheriň ikinji tapgyrynda

Read More

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara maslahat geçirildi. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogy, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan forumlara gatnaşdylar. Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-si amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik desgalaryny doly kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 116,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 115,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 127,5 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine, ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat

Read More