17-22-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça), kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy N.Seýitmyradow Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan Awazadaky «Daýanç» sagaldyş dynç-alyş merkezinde geçirilen «Bitarap döwletde ýurdum parahat, miwesini berýär goralýan zähmet atly» usuly okuw-maslahatyna we Geňeşiň göçme mejlisine gatnaşdy. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen   has-da ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen usuly  okuw-maslahatynyň we Geňeşiň göçme mejlisiniň çäklerinde dürli ugurly maslahatlar, kärdeşler arkalaşyklarynyň işini mundan beýläkde kämilleşdirmek boýunça duşuşuklar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gyzykly gezelençler, dürli sport çäreleri geçirildi. Usuly okuw-maslahatynyň we Geňeşiň göçme mejlisiniň geçirilýän günlerinde bu okuw-maslahatyna gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň ýazga geçirmeginde ýörite gepleşikler ýazgy edildi.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işini talaba laýyk guramakda möhüm ähmiýete eýedir.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni