Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýärler. Ýetilýän belent sepgitleri bu pudaga degişli hojalyklaryň, edara-kärhanalaryň önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek boýunça şu ýylyň 10 aýyndaky görkezijileri bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Welaýatyň çäginde ýerleşýän häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen pagta egriji kärhanalaryň 4-siniň — Türkmenabadyň pagta egriji we pamyk egriji fabrikleriniň, Seýdiniň pagta we Halajyň nah ýüplük egriji kärhanalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýylyň başyndan bäri 52,1 müň tonna pagta süýümi öndürilipdir. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 4 müň tonna süýümiň artyk öndürilendigini aňladýar.
Sebitde gök önümleri öndürmek boýunça hem ýokary netijeleriň gazanylmagy bu ugurda işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň degişli döwründe welaýat boýunça 272,1 müň tonna gök önüm öndürilen bolsa, üstümizdäki ýylyň şu döwründe bu görkeziji 275,3 müň tonna ýetirilipdir. Bu bolsa şu ýylda 3,2 müň tonna hasylyň artyk alnandygyna şaýatlyk edýär. Sebitde azyklyk bakja ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygyna ýylyň 10 aýynyň görkezijileri güwä geçýär. Geçen ýyl lebaply bakjaçylar 182,2 müň tonna bakja önümlerini taýýarlan bolsalar, üstümizdäki ýylda bu görkeziji 183,5 müň tonna ýetirilipdir.
Möhüm azyklyk ekinleriniň biri bolan ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirmeklik boýunça-da Gündogar sebitiň daýhanlarynyň baý tejribe toplandygyny ýetilen buýsandyryjy sepgitler görkezýär. Geçen ýylyň 10 aýynda sebit boýunça 128,3 müň tonna ýeralma alnan bolsa, şu ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 133 müň tonna deň bolupdyr. Bu bolsa üstümizdäki ýylda bu azyklyk ekiniň 4,7 müň tonnasynyň artyk alnandygyny, ösüş depgininiň hem 3,7 göterime barabar bolandygyny görkezýär.
Welaýatda miwe we dürli ir-iýmişleriň, şeýle hem üzümiň bol hasylyny almak boýunça hem oňyn netijeler gazanylypdyr. Has takygy hojalyklarda işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde şu ýylyň başyndan bäri miwe we dürli ir-iýmişleriň 50,1 müň, üzümiň hem 20,7 müň tonnasy alnyp, bu babatdaky ösüş depgini degişlilikde 2 we 5,6 göterime barabar bolupdyr. Şonuň bilen birlikde welaýatda mallaryň diri agramy boýunça alnanda etiň, süýdüň we balygyň öndürilişiniň hem artandygyny belläp geçmek bolar. Sebitde şu ýylyň 10 aýynda 139,2 müň tonna etiň, 556,1 müň litr süýdüň öndürilmegi, 2025-nji ýylyň 10 aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 1,2 müň tonna etiň, 1,4 müň tonna süýdüň artyk öndürilendigini görkezýär.
Welaýatda guş idetmeklige hem aýratyn üns berilýändigini ýumurtga almaklyk boýunça gazanylan ýokary netijeler subut edýär. Has takygy geçen ýylyň degişli döwründe alnan ýumurtganyň sany 227,1 milliona deň bolan bolsa, üstümizdäki ýylyň 10 aýynda bu görkeziji 230,1 milliona barabar bolupdyr. Bu bolsa 2025-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende ýumurtganyň 3 million sanysynyň köp alnandygyny görkezýär.
Sebitde balyk tutmaklyk boýunça hem oňyn öňegidişlikler gazanylypdyr. Geçen ýylyň şu döwründe 429,3 tonna balyk tutulan bolsa, üstümizdäki ýylyň 10 aýynda bu san 431,9 tonna deň bolupdyr. Bu görkeziji ýylyň başyndan häzirki döwre çenli ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2,6 tonna balygyň artyk tutulandygyny aňladýar.
Gündogar sebitde agrosenagat toplumy boýunça gazanylýan üstünlikler bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň, işçi-daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen utgaşyp, rowaçlyklara beslenýändigine şaýatlyk edýär.