Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanyp, bir gün öň Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen brifingiň çäklerinde taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegine hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Source

Read More
Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi artýar

Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi artýar

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýärler. Ýetilýän belent sepgitleri bu pudaga degişli hojalyklaryň, edara-kärhanalaryň önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek boýunça şu ýylyň 10 aýyndaky görkezijileri bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Welaýatyň çäginde ýerleşýän häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen pagta egriji kärhanalaryň 4-siniň — Türkmenabadyň pagta egriji we pamyk egriji fabrikleriniň, Seýdiniň pagta we Halajyň nah ýüplük egriji kärhanalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýylyň başyndan bäri 52,1 müň tonna pagta süýümi öndürilipdir. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 4 müň tonna süýümiň artyk öndürilendigini aňladýar. Sebitde gök önümleri öndürmek boýunça hem ýokary netijeleriň gazanylmagy bu ugurda işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň degişli döwründe welaýat boýunça 272,1 müň tonna gök önüm öndürilen bolsa, üstümizdäki ýylyň şu döwründe bu görkeziji 275,3 müň tonna ýetirilipdir. Bu bolsa şu ýylda 3,2 müň tonna hasylyň artyk alnandygyna şaýatlyk edýär. Sebitde azyklyk bakja ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygyna ýylyň 10 aýynyň görkezijileri güwä geçýär. Geçen ýyl lebaply bakjaçylar 182,2 müň tonna bakja önümlerini taýýarlan bolsalar, üstümizdäki ýylda bu görkeziji 183,5 müň tonna ýetirilipdir. Möhüm azyklyk ekinleriniň biri bolan ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirmeklik boýunça-da Gündogar sebitiň daýhanlarynyň baý tejribe toplandygyny ýetilen buýsandyryjy sepgitler görkezýär. Geçen ýylyň 10 aýynda sebit boýunça 128,3 müň tonna ýeralma alnan bolsa, şu ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 133 müň tonna deň bolupdyr. Bu bolsa üstümizdäki ýylda bu azyklyk ekiniň 4,7 müň tonnasynyň artyk alnandygyny, ösüş depgininiň hem 3,7 göterime barabar bolandygyny görkezýär. Welaýatda miwe we dürli ir-iýmişleriň, şeýle hem üzümiň bol hasylyny almak boýunça hem oňyn netijeler gazanylypdyr. Has takygy hojalyklarda işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde şu ýylyň başyndan bäri miwe we dürli ir-iýmişleriň 50,1 müň, üzümiň hem 20,7 müň tonnasy alnyp, bu babatdaky ösüş depgini degişlilikde 2 we 5,6 göterime barabar bolupdyr. Şonuň bilen birlikde welaýatda mallaryň diri agramy boýunça alnanda etiň, süýdüň we balygyň öndürilişiniň hem artandygyny belläp geçmek bolar. Sebitde şu ýylyň 10 aýynda 139,2 müň tonna etiň, 556,1 müň litr süýdüň öndürilmegi, 2025-nji ýylyň 10 aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 1,2 müň tonna etiň, 1,4 müň tonna süýdüň artyk öndürilendigini görkezýär. Welaýatda guş idetmeklige hem aýratyn üns berilýändigini ýumurtga almaklyk boýunça gazanylan ýokary netijeler subut edýär. Has takygy geçen ýylyň degişli döwründe alnan ýumurtganyň sany 227,1 milliona deň bolan bolsa, üstümizdäki ýylyň 10 aýynda bu görkeziji 230,1 milliona barabar bolupdyr. Bu bolsa 2025-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende ýumurtganyň 3 million sanysynyň köp alnandygyny görkezýär. Sebitde balyk tutmaklyk boýunça hem oňyn öňegidişlikler gazanylypdyr. Geçen ýylyň şu döwründe 429,3 tonna balyk tutulan bolsa, üstümizdäki ýylyň 10 aýynda bu san 431,9 tonna deň bolupdyr. Bu görkeziji ýylyň başyndan häzirki döwre çenli ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2,6 tonna balygyň artyk tutulandygyny aňladýar. Gündogar sebitde agrosenagat toplumy boýunça gazanylýan üstünlikler bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň, işçi-daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen utgaşyp, rowaçlyklara beslenýändigine şaýatlyk edýär. Source

Read More
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň 10-njy mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň 10-njy mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 23–24-nji noýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Milletler Köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Agzalan çäräniň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen tarapynyň bu çärä gatnaşmagy döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmäge, amaly bilimler boýunça özara pikir alyşmaga hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeklige oňyn mümkinçilikleri döretdi. Mejlisiň çäklerinde döwlet-hususy hyzmatdaşlyk taslamalarynyň býujet durnuklylygyny üpjün etmek, nyrh elýeterliligi, şertnamalaýyn mehanizmleri kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak, şeýle hem durnukly düzümi ösdürmek ýaly möhüm meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem, mowzuklaýyn maslahatlaşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan çärä gatnaşyjylary döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça kadalaşdyryjy-hukuk we institusional binýady kämilleşdirmek, taslamalary taýýarlamagyň we bahalandyrmagyň netijeli mehanizmlerini kemala getirmek, şeýle hem hünärmenleriň bu ugurlarda hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly milli derejede alnyp barylýan yzygiderli işler bilen tanyşdyrdy. Mejlisiň netijeleri boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamynda dört sany gollanma resminamasy hem-de bir sany halkara ülňüsi kabul edildi, şeýle hem Iş toparynyň 2027-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky halkara forumyny 2027-nji ýylyň 12–14-nji maýynda Portugaliýanyň Mafra şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Source

Read More
Turin şäherinde hünär başarnyklaryny ösdürmek we hünärmenleri taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň çemeleşmeleri tanyşdyryldy

Turin şäherinde hünär başarnyklaryny ösdürmek we hünärmenleri taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň çemeleşmeleri tanyşdyryldy

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Italiýa Respublikasynyň Turin şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýewropa Bilim gaznasy (ÝBG) tarapyndan guralan Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça Ählumumy sammite (Torino Global Skills Summit) gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Sammit zähmet bazarynyň häzirki zaman meýilleri bilen baglylykda bilimi we hünär taýýarlygyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, iş berijileriň we bilermenler jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemledi. «Uzakdan we ýakyndan: başarnyklara halkara garaýyşlar» atly umumy mejlisiň çäklerinde türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de 2030-njy ýyla çenli zähmet bazaryny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň wezipelerine laýyklykda amala aşyrylýan, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatdaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Aýratyn-da, zähmet bazarynyň zerurlyklaryny çaklamagyň we seljeriş maglumatlarynyň esasynda hünärmenleri taýýarlamagy meýilleşdirmegiň mehanizmlerini kämilleşdirmäge üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, sammite gatnaşyjylara ykdysadyýetiň 11 pudagyny öz içine alýan geljegiň 156 hünärinden ybarat Hünärler atlasy, iş berijileriň arasynda geçirilen sanly sowalnamanyň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän milli adam kapitalyny meýilleşdiriş ulgamyny döretmek boýunça işler barada maglumat berildi. Iş berijileriň gönüden-göni gatnaşmagynda hünär bilimi boýunça müňden gowrak okuw maksatnamasynyň täzelenendigi bellenildi. Bu çemeleşmäniň iş ýüzünde ulanylmagynyň ugurlarynyň biri hökmünde Transhazar ulag geçelgesiniň çäklerinde ulag we logistika pudagy üçin işgärleriň mümkinçiliklerini ösdürmek işi görkezildi. Çykyşda Türkmenistanyň Ýewropa Bilim gaznasy bilen otuz ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýän köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti, şeýle hem bu hyzmatdaşlygyň DARYA sebit maksatnamasynyň çäklerinde täze ösüşe eýe bolandygy nygtaldy. Türkmen tarapy halkara ulag geçelgeleriniň zerurlyklaryny nazara almak bilen hünär başarnyklary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, bilelikdäki hünär ugurlaryny işläp taýýarlamak, zähmet bazarynyň zerurlyklaryny seljermek boýunça ylalaşylan çemeleşmeleri kemala getirmek hem-de modul görnüşindäki bilim maksatnamalaryny döretmek meselelerine üns çekildi. Şeýle hem DARYA maksatnamasynyň 2027-nji ýylda tamamlanmagyndan soň onuň gazanan netijeleriniň dowamlylygyny üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi. Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torsti arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem 2027–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ählumumy sammite gatnaşmagy bilim ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, öňdebaryjy tejribe alyşmagyň giňeldilmegine hem-de häzirki zaman ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berdi. Source

Read More
Brýusselde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi

Brýusselde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Brýussel şäherinde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Ýewropa tarapyna bolsa Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdiler. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi S.Pälwanow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewin hem-de Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Syýasy dialogy pugtalandyrmak, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar energetika, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ulag arabaglanyşygy we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilim, ylym, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermek hem-de «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar geljekki ädimleriň ýol kartasyny taýýarlamak meselelerine garadylar we 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy sebit çäreleriniň tertibini ylalaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini bellediler hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Source

Read More