Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döredijilik we ösüş syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş strategiýasynyň esasy maksady jemgyýetiň intellektual hem-de ruhy mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler, iri halkara guramalar, abraýly sebit düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam berýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 5-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Bu sapara Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň bilelikde taýýarlaýan hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň esasynda işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýdyp, Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri üpjün etmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belledi we bu ugurda degişli işleri dowam etdirmek, halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny mälim etdi. Türkmenistanyň geljekde-de dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek ugrunda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Arkadagly Gahryman Serdarymyz energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz, ygtybarly iberilmegini üpjün etmegi, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmegi, ulag mümkinçiliklerini doly ulanmagy, daşky gurşawy goramagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezdi. Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyna üns çekilip, ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi, bu babatda şweýsar tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi. Inýasio Kassis, öz gezeginde, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny nygtady hem-de Şweýsariýanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ýurdumyzyň durmuş ugurly içeri syýasatyna ýokary baha berilýär. Bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hem ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladadyr. 5-nji awgustda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatynyň geçirilmegi munuň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýaly strategik ähmiýetli ulgamda alnyp barlan köpýyllyk işleriň jemini jemlemek we täze ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde eneler we ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada diňe bir lukmançylyk wezipesi däl-de, eýsem, uzak möhletli durnukly ösüşiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar. Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilen işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele getirýär. Ýurdumyz boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň döredilmegi ýaş nesiller barada edilýän aladanyň netijesidir. Häzirki wagtda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarda gurlan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler ýokary standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar. Durmuş goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Gazna çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen hem-de ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisini almaga mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermekde iş alyp barýar. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga öňdebaryjy hassahanalarda çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary amala aşyrylýar, hassahanalaryň, ýöriteleşdirilen edaralaryň çagalar bölümleri döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary, zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär. ÝUNISEF bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan çagalaryň saglygyny berkitmäge, olaryň irki ösüşini goldamaga gönükdirilen maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde ählumumy immunizasiýa, çagalary dogry iýmitlendirmek standartlaryny ornaşdyrmak, çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, lukmançylyk işgärleriniň hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr boldy. Bilelikde alnyp barylýan işler ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, çagalaryň kesellerini irki anyklaýyş standartlaryny ornaşdyrmaga, inklýuziw bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Milli «tegelek stol» maslahatyna gatnaşan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wan we ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bu halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Gaznanyň wise-prezidenti, öz gezeginde, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, ÝUNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýan bu duşuşygyň maksadynyň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, 1 — 7-nji awgust aralygynda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmak möhümdir. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde enelerdir çagalaryň saglygyny goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» diýen ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň gerimli işler dowam etdirilýär. “Ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de diňe ene süýdi bilen

Read More

Türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyr

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy Aşgabat — Mary welaýaty — Aşgabat, 10-njy awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna ugramak üçin Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynda möhüm orna eýedir. Ýurdumyz energetika ulgamynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz käni Watanymyzyň tebigy-serişde binýadynyň wajyp bölegi bolup, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini üpjün etjek esasy gaz gory bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan bilen goňşy Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar dostlugyň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ulag-logistika, elektroenergetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler. …Gahryman Arkadagymyz birnäçe wagtdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady. Soňra Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen salamlaşdylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň owgan we türkmen halklarynyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň owgan halkyna berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen we owgan halklarynyň doganlyk halklardygyny, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň bolsa dostluk serhedidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň Owganystan bilen iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Gahryman Arkadagymyzy mübärekläp, sebitde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak we bu ugurda öňde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyrýan saparynyň ähmiýetini belläp, tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda bilelikdäki taslamalara aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň TOPH taslamasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerine diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak möhüm ädim hökmünde hem garaýandygy bellenildi. Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin energiýa çeşmeleri babatda uly ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, owganystanly maýa goýujylara tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin amatly maýa goýum şertlerini üpjün etjekdigini aýtdy. Ol TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitara özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga-da ýardam berer. Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen myhmansöýerlik üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem-de Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Gaz pudagy özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda halkara ähmiýetli düýpli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýar. Şunda üstaşyr geçiriji merkez hökmünde Owganystanyň Hyrat welaýatyna möhüm orun degişlidir. Energiýa serişdeleriniň iberilmegi, üstaşyr mümkinçilikleriň ösdürilmegi uzak möhletli energetika dialogy üçin binýady döredip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşine ýardam berýär. Şu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini bellemek gerek. Bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde wajyp ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine, doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir. Elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, goňşy ýurduň sebitlerini elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Bu taslama sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şunda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi bilen, bu welaýatda uly senagat zolagyny özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy

Read More

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik

Türkmenistan halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen, parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasyny ilerletmäge, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny pugtalandyrmaga, energetika, ulag arabaglanyşygyny üpjün etmäge, suw, ekologiýa ulgamlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen 30-dan gowrak Kararnamany kabul etdi. Döwletimiziň halkara başlangyçlarynyň netijeli we ynsanperwer häsiýeti olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagyny şertlendirýär. Bitarap Watanymyz olary durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezip, durmuş taýdan wajyp wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmek bilen, birnäçe başlangyjy öňe sürdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şol başlangyçlaryň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, yzygiderli ösüşi üpjün etmekde netijeli gurallaryň biri bolup durýandygyna berk ynam bildirdi. Şunda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri amala aşyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şu ýylyň 20-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 47 döwletiň awtordaşlyk etmeginde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama bitaraplyk meselelerine bagyşlanan aýratyn gün tertibiniň çäklerinde kabul edilen resminama boldy. Onda häzirki zaman şertlerinde bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ähmiýeti, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy, parahatçylyk meseleleri boýunça dialogy institutlaşdyrmak ugrunda Türkmenistanyň tagallalary aýratyn bellenilýär. Kararnama täze parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk hukuk we syýasy binýady emele getirýär. Ol gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny berkitmäge, ýurtlaryň arasynda parahatçylyk, dialog, özara hormat goýmak medeniýetini ilerletmäge, bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak arkaly ählumumy meseleleriň deňagramly çözgütlerini tapmakda halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we onuň esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, halkara hukugyň berkidilmegine, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegine, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna munuň esasy şerti hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. 24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu başlangyjyň möhüm ähmiýete eýediginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu resminama ählumumy özgertmeler şertlerinde hukugyň eýeleýän ornuny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmak üçin meýdança öwrülmelidir. Dünýäniň 78 döwletiniň täze Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, BMG-niň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygyň medeniýetini pugtalandyrmak boýunça meýilnamalaýyn işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň nobatdaky diplomatik üstünligini alamatlandyrýan bu waka bilen döwlet Baştutanymyzy gutlap, halkara hukuga hormaty artdyrmaga çagyrýan bu Kararnamanyň döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna agzalan Kararnamany durmuşa geçirmek boýunça teklipleriň toplumy hödürlenildi. Daşary işler ministrligi tarapyndan bu ugurda taýýarlanan teklipleriň hatarynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini kesgitlemegi, beýleki degişli çäreleri göz öňünde tutýan 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly teklip bar. Bu meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak, ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden ybarat pudagara iş toparyny döretmek teklip edildi. 2026 — 2028-nji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda halkara hukugyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary, duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Ilatyň, aýratyn-da, ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugyň esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy, Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk leksiýalary we duşuşyklary guramak boýunça meýilnamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet, maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamagyň, elektron bilim serişdelerini döretmegiň, Halkara hukuk hepdeligini, BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny, ýaşlaryň arasynda halkara hukugyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukuk» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edilýär. Ol halkara hukugy öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl Aşgabat halkara hukuk dialogyny, ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirip bolar. Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan işler teleradioýaýlymlardaky ýörite gepleşiklerde, dokumental filmlerde, metbugatdaky ylmy-köpçülikleýin makalalarda öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle hem bu ýyla bagyşlanan köpdilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek teklip edilýär. Hökümet mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen beýan edilen teklipler BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ýakyndan utgaşdyrmagy ugur edinýär. Şolaryň biri «Halkara hukuk we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde guramanyň agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak bilen baglanyşyklydyr. 2028-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukuk boýunça ýokary derejeli bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär. Beýan edilen teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde Halkara hukuk ýylynyň halkara çäreleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak teklibi hem bar. Şunuň bilen baglylykda, 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň

Read More

Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Awaza, 7-nji awgust (TDH). Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. …Säheriň sergin çagynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda-da ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça amala aşyrylýan işler oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi netijesinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, deňiz kenarynda sport çäreleriniň hem yzygiderli guralýandygyny bellemek gerek. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi saglygy berkitmäge, ýaşlarda tebigata aýawly garamak duýgusyny ösdürmäge ýardam berýär. Iň esasysy bolsa, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri saglygy berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşiň wajyp ugry hökmünde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu ýörelgeler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işlerde-de öz beýanyny tapýar. Syýahatçylyk we şypahana zolagynyň ähli çäklerinde arassaçylygyň, ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine zerur üns berilýär. Bu bolsa Awazanyň syýahatçylyk hem-de şypahana zolagy hökmündäki ähmiýetini artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Hazar deňziniň giňişligini synlady. Deňziň asuda tolkunlary çarlaklaryň owazy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda täsin duýgulary döredýär. Bu künjegiň hoştap howasy deňziň kenarynda, Awazanyň tutuş çäginde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanýandygyny we bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelendigini äşgär edýär. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen dürli maksatly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi deňiz kenaryndaky bagy-bossanlygyň çägini giňeltdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy, onuň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, Hazar deňziniň biodürlüligini baýlaşdyrmak ugrunda möhüm işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa Watanymyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri, saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenýändigini bellemek gerek. Bu ýerde amatly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagty peýdaly we işjeň geçirmek ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şunda ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşi bolan welosipede uly orun degişlidir. Welosiped ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sport ulagy hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir. Welosipedli gezelençler saglyk üçin örän peýdaly bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň gözelligini synlamaga-da mümkinçilik berýär. Boş wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da, säher çagyndaky gezelençler ruhuňy belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artýandygyny nygtamak zerur. Munuň özi welosportuň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Hazaryň kenarynda döredilen tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlarydyr meýdançalar türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak babatda ähli zerur şertleri özünde jemleýär. Bu bolsa Awazanyň halkara sport merkezi hökmündäki derejesini artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, işjeňligi ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Read More
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Konsullygyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Bu maslahata diplomatlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy we işgärleri hem-de Astrahan oblastynda bilim alýan talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda Konsullygyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işgärleri hem-de W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyşlar etdiler. Source

Read More
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada gymmatly maslahatlaryny berýär. Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, okuwlary, durmuşy we ene-atalarynyň ýagdaýy bilen hem içgin gyzyklandy. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar, olaryň geljegi we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň rowaçlanmagy ugrunda uly alada edilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş boldy, olaryň geljekki maksatlary barada gyzyklandy. Munuň özi ýaşlaryň öňde boljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda üstünlik gazanmaklary üçin Milli Liderimiziň ak patasy hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary, bedew atlara erk etmekdäki nusgalyk göreldesi, öwüt-ündewleri ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Häzirki döwrüň ýaşlary baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwletimizde ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary at çapmagyň, çylşyrymly hereketleriň ussady hökmünde ykrar edilen ýaşlardan ybaratdyr. Toparyň dürli ýyllardaky gazanan ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň çäksiz aladasynyň, parasatly öwüt-ündewleriniň, nusgalyk göreldesiniň netijesidir. Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde Türkmenistanyň abraýyny belende göterjek oglan-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, toparyň agzalarynyň üstünlikli çykyş etmekleri ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi we olaryň halkara çärelerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, üstünlik gazanmaklaryny, türkmen tuguny belentde parlatmaklaryny arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalarynyň halkara ýaryşlarda halkymyza mahsus merdanalygy, ussatlygy we saýlap alan hünärine bolan yhlasyny görkezjekdiklerine ynam bildirdi hem-de Watanymyzyň hemişe ýaşlaryň beýik maksatlaryna goldaw berjekdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň barşynda ýaşlaryň Watanymyzyň abraýyny goramaklary, ony jandan eziz görmekleri barada maslahatlaryny berdi. Halkara bäsleşikler jemlenenden soňra, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralary ýaýbaňlandyrylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk we atly sport çäreleriniň ýokary derejede geçiriljekdigine, ahalteke bedewleriniň toý-baýramlaryň bezegine öwrüljekdigine, toparyň çykyşlarynyň şanly wakalary has-da dabaralandyrjakdygyna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň täze oýunlary we çylşyrymly hereketleri bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny arzuw etdi. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagyny üpjün eder. Toparyň agzalary döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödäp, öňde boljak halkara bäsleşiklerde täze ýeňişleri gazanyp, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlara milli atçylyk sportuny ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady. *** Şu günler hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar. Bu ýerde halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewleriniň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara çärelere gatnaşygyny, ähli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny bellemeli. Guraljak çäre, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemek, milli bezeg işleri bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilýär. Şeýle hem öňde boljak çärelere taýýarlygyň dowamynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary ýerli atşynaslar, bu ugur boýunça ylmy işleri alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklary guraýarlar. Munuň özi ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen toparlarynyň çykyşlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň beýanydyr. Kronenberg şäherinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde halkara çäreleri guramaga niýetlenen meýdança bilen tanyşdyrylyş çäresi boldy. Şunda atly sport ýaryşlarynyň, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerleriniň özboluşly aýratynlyklary, ýaryşlary guramagyň tertibi barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlaryň bezegleri, dürli ýazgylar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler. Ýerli hünärmenlerdir atşynaslar özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň milli atşynaslyk däpleri bilen içgin tanyşmak we ony Ýewropa ýurtlarynyň atşynaslarynyň arasynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine üns berdiler. Munuň özi dünýä ýurtlarynda atşynaslyk, aýratyn-da, ahalteke atlaryny seýislemegiň usullary bilen baglanyşykly maglumatlaryň bir ýere jemlenmeginde we onuň dünýä atşynaslary üçin elýeterli bolmagynda ähmiýetlidir. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň atlary seýislemek boýunça taryhyň dowamynda döreden nusgalyk ýörelgeleriniň halkara derejedäki ykrarnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçirilýän duşuşyklarda dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň özboluşly aýratynlyklaryna, bäsleşikleri geçirmegiň tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň güwäsidir. Source

Read More
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbunyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi milli parlamentiň düzümi, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar Berdimuhamedowa Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Boumediene Guennady Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ukyp-başarnyklary, ýokary şahsy häsiýetleri, tejribesi özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk hem-de dostlukly türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Abdelmajid Tebbun,Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti. Source

Read More
Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilmegi dowam etdirilýän doganlyk gatnaşyklary bellediler. Ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýandygy nygtaldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň, hususan-da, migrasiýa babatynda şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugur boýunça işjeň özara gatnaşyklary we tejribe alyşmalary dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady

Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň milli demokratik ýörelgelere, saýlap alan parahatçylyk we döredijilik ýoluna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi bilen bir hatarda, hukuk, dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurmagyň pugta binýady hökmünde demokratik ýörelgeler hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu ugurdaky işlerde asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli tejribäniň, häzirki döwrüň talaplarynyň özboluşly sazlaşygy beýanyny tapýar. Munuň özi türkmenistanlylaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan meselelerini çözmäge işjeň çekilmegine, Watanymyzyň ykbaly, geljegi üçin her bir raýatyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ählihalk forumyna toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, onuň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek möhüm waka bolar. Şunda mejlisiň maksatnamasyny we degişli resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga, raýatlardan gelip gowuşýan tekliplere hem-de ýüzlenmelere garamaga, olary hasaba almaga, ulgamlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. 15-nji iýulda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk forumynda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemleniljekdigini, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şoňa görä-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda taryhy ähmiýetli mejlisiň guramaçylykly geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli tabşyryklary berdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu ählihalk forumyna taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmalydyrlar. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleriň seljerilmelidigini nygtady. Täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenildi. Bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigi aýdyldy. Milli Liderimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermegiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmegiň, teklipleri işläp taýýarlamagyň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmak, ýokary wekilçilikli edaranyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigi nygtaldy. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrýandygyny, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň diňe bir Watanymyzyň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýändiginiň güwäsidir. Şu ýylyň röwşen maksatlary we onuň şygarynyň mazmuny geçirilen hem-de geçirilmegi göz öňünde tutulýan, şol sanda halkara derejedäki çärelerde aýdyň beýanyny tapýar. Şunda meşhur ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga, seýisçilik sungatyny hem-de türkmen halkynyň köpasyrlyk atçylyk däp-dessurlaryny giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezidiumyň mejlisindäki çykyşynda atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaş watandaşlarymyzyň gazanan üstünliklerini kanagatlanma bilen belledi. Olar Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdi. Meşhur çapyksuwarlarymyz Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny dünýäde wagyz etmäge mümkinçilik berjek Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda sentýabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty hem-de ahalteke bedewleriniň аrаsynda gözellik bäsleşigi şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrar. Giň gerimli forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ýewropanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýär. Bu çempionat hem-de bäsleşik diňe bir behişdi bedewlerimiziň ajaýyp häsiýetlerini, gaýtalanmajak gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen medeni we sport gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz beýleki wezipeler bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet

Read More