Giň gerimli gurluşyklar – milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl okgunly ösüşler bilen badalga aldy. Täze ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy. Olarda bellenilen möhüm wezipeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz: “Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslaryny has-da berkidýäris. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip nygtady. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolan sarp edijilik isleginiň artmagyna getirýär. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurulmagy halkymyz barada edilýän hemmetaraplaýyn aladalaryň, ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň aýdyň mysalydyr. Bu giň gerimli taslamalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Olarda we açylmagy meýilleşdirilýän beýleki obadyr şäherçelerde ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde açylan Bitaraplyk şäherçesiniň çäginde 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, saglyk öýi, edara, durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy. Ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, täze şäherçäniň bir we iki gatly jaýlarynda-da ýaşaýjylar üçin hemme amatly şertler bar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda Diýarymyzda öndürilen döwrebap gurluşyk we bezeg serişdelerinden peýdalanyldy. Jaýlardyr beýleki desgalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda, dynç alyş zolaklarynda dürli bag nahallary oturdyldy. Bu ýerde zerur inžener-tehniki, ýol we durmuş düzümleri hem guruldy. 160 orunlyk çagalar bagynda çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler bar. Döwrebap şäherçäniň 420 orunlyk umumybilim berýän mekdebinde ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly kemala gelmegi babatda zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de şäherçäniň çäginde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Söwda merkezinde harytlaryň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimiz şäherçäniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly mysaly bolup durýandygyny belledi. Bu şäherçe «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň sentýabrynda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy Ahal welaýatynyň ilaty üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ýerdäki oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary işlenip düzülende we gurlanda oba ilatyna mahsus bolan ähli aýratynlyklar göz öňünde tutulypdyr. Her bir jaýyň howlusynda hojalyk desgalary, mellek ýeri bar. Öýleriň bezeginde milli däpleriň we häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklary üpjün edýär. Giň, ýagty otaglar hojalyk tehnikalary, aşhana ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň, edara we durmuş maksatly desgalaryň töweregi döwrebap derejede abadanlaşdyrylypdyr. Döwrebap obada ýaş nesliň bilim almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Multimedia hem-de beýleki okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan iki gatly umumybilim berýän mekdep, oýun meýdançalary bolan çagalar bagy bu ýerde gurlan desgalaryň hataryndadyr. Şeýle hem ýerli ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň berjaý edilmegi üçin saglyk öýi hereket edýär. Oňa ýanaşyk ýerde ýerleşýän dermanhanadan oba ýaşaýjylary zerur bolan derman serişdelerini alyp bilýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlan ähli döwrebap oba-şäherlerde bolşy ýaly, bu ýerde hem häzirki zaman ýol-ulag, aragatnaşyk düzümleri, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlary çekilipdir. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde dabaraly açylan täze oba halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýany hökmünde “Bagtly zamana” diýlip atlandyryldy. Ol 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk öýüni, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny we beýleki desgalary özünde jemleýär. Türkmenistanda ýokary derejeli infrastruktura desgalary bolan şäherçelerdir obalar bilen birlikde, ähli sebitlerde, şäherlerde iri ýaşaýyş toplumlary hem gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylky mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Diýarymyzda möhüm seneleri we baýramçylyklary dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşdyryp bellemek asylly däbe öwrüldi. Geçen ýylda hem şanly senelere gabatlanyp, ýurdumyzyň şäherlerinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi açyldy. Ilata, hususan-da, goşmaça durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulan ýaş maşgalalar üçin hödürlenilýän ipoteka we sarp ediş karzlarynyň möçberi yzygiderli artýar. Türkmenistanda uzak möhletli, ýeňillikli esasda ýaşaýyş jaýlaryny karzlaşdyrmagyň dünýä tejribesine esaslanýan amatly ulgamynyň hereket edýändigi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri bolan ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýaşaýyş jaý, infrastruktura desgalarynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri ähli babatda häzirki zaman şähergurluşygynyň nusgasydyr. Munuň şeýledigi daşary döwletleriň we halkara düzümleriň köp sanly güwänamalary bilen tassyklanyldy. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Onuň gurluşygy degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýokary depginde amala aşyrylýar. 10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalarda işleriň barşy we gurluşygy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde geçirilen duşuşykda ikinji tapgyryň çäklerinde alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak, senagat kärhanalarynyň, lukmançylyk klasteriniň gurluşyklary bilen bagly meselelere garaldy. Oňa Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery», Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň birnäçe döwlet we hususy düzümleriniň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky, Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Milli Liderimiz döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hilini we

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglarda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli atşynaslyk däplerini ösdürmek we giňden wagyz etmek, behişdi bedewlerimiziň arassa ganlylygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünligi hem munuň aýdyň güwäsidir. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar. Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar. Hormatly Prezidentimize şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler. (TDH)

Read More

Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar

Arkadag şäheri, 28-nji ýanwar (TDH). Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende galýar. Şunuň bilen bagly buýsançly wakalaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip at berlen 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda bolup geçmegi ýylyň bu ajaýyp şygaryna laýyk gelip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary arkaly bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä derejesinde giňden dabaralandyrýandygynyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem 27-nji ýanwarda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny hut şu ýerden başlap, şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan ugur alnyp, bu gezekki dabara toýa mahsus ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy we oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlara aýratyn orun berildi. Ajaýyp wakanyň hormatyna guralan çäreler hakyky türkmen toýlaryna mynasyp derejede geçirildi. Oňa gatnaşyjylar şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly çykyşlar bilen köprüden düşüp, Akhan şaýolunyň ugrunda saklandylar. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewlere atlanyp we paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler. “Galkynyşa” sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Şoňa görä-de, toparyň agzalarynyň dabaraly, deň hatarly nyzam bilen geçip gitmekleri dabara gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli atşynaslarymyza, bedewleriň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Soňra ýygnananlar bagtyýar maşgalanyň bäbekhanadan körpejäni alyp gelýän pursatlaryna şaýat boldular. Munuň özi göwünleri galkyndyryp, hemmeleriň kalbynda şatlyk duýgularyny döretdi. Adamlar şol maşgalanyň bagtyýarlygyna goşulyp, bu ajaýyp pursatlary ýüzüne syldylar. Soňra çärä gatnaşyjylar halkymyzyň gelin edinmek dessurynda häzirki wagtda ýerine ýetirilýän toý çäreleriniň birini — ak ýoldan gelnalyjy kerweniniň geçişini synladylar. Uzyn hatarly gelnalyjy kerweniniň döredýän şatlyk-şagalaňy asmana göterilip, alyslara ýaň saldy. Häzirki zaman awtoulagynyň döwrebap bezegler bilen bezelip, onda gelniň alnyp gelinmegi hem-de bu pursatlaryň ýaş çatynjalaryň paýtuna münüp gelmegi arkaly baýlaşdyrylmagy toýlaryň şowhunyny artdyrdy. Soňra dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar. Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. Biraz wagtdan dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasynyň ýanyna geldiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewleri bilen hem-de atly paýtunyň üstünde mynasyp bolan halkara baýraklaryny elinde göterip barýarlar. Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan bu halkara şahadatnamalar ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň beýany bolup, olara ýokary derejede hormat-sarpa bildirilýändiginiň ykrarnamasydyr. «Taýçanak» binasyndan badalga alan atlylar “akylly” şäheriň Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna tarap, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança tarap ýola düşdüler. Olary eli baýdakly talyplar, şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary şatlyk-şowhunly garşyladylar we mübäreklediler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda gazanylan bu halkara üstünlik halkymyzyň buýsanjyny, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli atly ýöriş arkaly barýan kerweniň ýol ugurlarynda dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Atly ýörişe gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşyladylar hem-de gazanan nobatdaky üstünligi bilen gutladylar. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki Arkadag şäheriniň binagärlik keşbine özboluşly bezeg berýär. Onuň nal şekilinde gurlan binasy dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýörite enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edildi. 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen bu desga gysga wagtyň içinde şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlar döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar sirkiň eýwanynda guralan sergini synladylar. Sergide ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik eserleri ýerleşdirilipdir. Bu gymmatlyklaryň hatarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň 2025-nji ýylda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda mynasyp bolan Altyn baýragyna we beýleki ýörite baýraklaryna, şonuň ýaly-da, häzire çenli gazanan hemme beýleki sylaglaryna aýratyn orun berlipdir. Şeýle hem bu ýerde ganatly bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryny bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýerleşdirilipdir. Dürli dillere terjime edilen bu kitaplar giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülip, ahalteke atlaryna gyzyklanmalaryň artmagynda ähmiýetli orny eýeleýär. Soňra «Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalyna bardylar. Bu ýerde esasy dabaralar başlandy. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gowşurylan halkara şahadatnamalar bolsa ýörite bellenilen ýerde ýerleşdirildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen türkmen halkynyň Milli Liderini we hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Bu waka toparyň gazanan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna mynasyp öwüşgin çaýýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hem

Read More

Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň wakalary döredijilikli ýol bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň durnukly ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. 19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny ýerine ýetirmek, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, geljek möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak, ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmek ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin pudagy ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Aýratyn-da, pagta we bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna üns çekildi. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň hünär taýýarlygyny we bilimini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny göz öňünde tutup, bu baýrama hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada resminamalara gol çekdi. 21-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanyň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde azyk howpsuzlygy boýunça gatnaşjak sebitleýin maslahatynyň bu meseleler boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boljakdygyny belledi. Häzirki wagtda FAO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle hem “Ýaşyl” howa gaznasynyň çäklerindäki başlangyçlar, “Bitewi saglyk” konsepsiýasy babatda çemeleşmeler ilerledilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek meseleleri bar. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi. Onda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Şu ýyl üçin öňde goýlan esasy wezipeler hökmünde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleler görkezildi. Geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek ýaly meseleler bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hökümet mejlisiniň dowamynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” şygary bilen geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýony “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşar. Mundan başga-da, fewral aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi. Şeýle hem mart aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Mejlisiň dowamynda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriň «Ýol kartasyny» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak, emeli aňy ösdürmek boýunça milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýän işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen geçiren duşuşygynda hem ABŞ bilen özara hormat goýmaga, düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklar barada pikir alşyldy. 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary halkara ölçeglere, harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýän bu toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy toplumyň dolandyryş binasyna, esgerler ýatakhanasyna, naharhanasyna hem-de harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby düzümlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar, uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynda ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşy hem-de

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uludan toýlanylan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmek, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen dabaralanýan 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň adyndan Size köp sagbolsun aýdýarys. Siziň Gutlagyňyzdaky: «Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýen parasatly sözleriňiz hem-de ýurt goragçylaryna bildirýän belent ynamyňyz biziň her birimizi mukaddes topragymyzy sarsmaz gala we polat galkan bolup goramaga belent çagyryşdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! Mukaddes Garaşsyzlygymyz bu günki gün beýik özgertmeleriň, taryhy üstünlikleriň badalgasyna öwrüldi. Ýurdumyzda halkyň erk-islegi esasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky ençeme asyrlyk arzuwlarynyň wysalydyr, müňýyllyklary nazarlaýan belent maksatlarynyň myradydyr. Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uludan toýlanylýan şanly ýylyň şeýle mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleriň bedew bady bilen dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar. Bu şygarda halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri, behişdi bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky mizemez orny, agzybirlik hem-de jebislik ýaly asylly ýörelgeleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! Siziň halkymyza peşgeş beren gymmatly eserleriňiz nesiller üçin ýol-ýörelgedir, belent maksatlara ýetmekde mizemez çelgidir. Siziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyňyzdaky: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär» diýen sözleriňiz ýurdumyzda her bir özgertmäniň ýurt parahatçylygyny berkitmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, watançy nesilleri kemala getirmäge gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Şundan ugur alyp, gaýratly Watan ogullary her bir işde, şol sanda Watan goragynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň nusgalyk göreldäňize eýerýärler. Siziň ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa götermek babatda durmuşa geçirýän asyrlara barabar işleriňizden ruhlanýarlar. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Siziň Watan goragçylary hakyndaky aladalaryňyzda, tutýan döwletli tutumlaryňyzda aýdyň ýüze çykýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeler bu günki gün giň gerime eýe bolýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri üçin açylyp ulanmaga berlen binalardyr desgalar, baýramçylyk gününde Siziň sowgat beren täze, döwrebap awtoulaglaryňyz hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wakalar biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Biz — Watan goragçylary Siziň aladalaryňyza jogap edip, ýurt goragynda ukyp-başarnyklarymyzy, gujur-gaýratymyzy we yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, dost-doganlyk serhedimiziň mizemezligini goramak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde merdana pederlerimizden nusga alarys. Olaryň beýik watansöýüjiligini, edermenligini, mertligini we gahrymançylygyny mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Size jan aýaman, wepaly gulluk ederis. Mertebesi belent Prezidentimiz! Siz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir» diýip, eziz Watanymyzy mukaddeslik derejesinde arzylaýarsyňyz. Mert pederlerimiziň watansöýüjilik mekdebini mynasyp dowam etdirip, ony dowamata atarýarsyňyz. Biz — Watan goragçylary mukaddes harby borjumyzy ýerine ýetirmekde hemişe Siziň nusgalyk göreldäňize eýerjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys. Sizi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi, agzybir halkymyzyň ýagty ertirleri üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Sizi çuňňur hormatlamak bilen, Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabara gatnaşyjylar.

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribeleri özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa obalaryň we şäherleriň binagärlik babatda häzirki zaman görkezijilerine laýyk derejedäki ösüşini şertlendirýär. Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Gahryman Arkadagymyz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi. Ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr. Milli Liderimiz köpriniň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu ýerlerde gök zolaklaryň döredilmegine häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Köpriniň üstünden Arkadag şäheriniň nurana binalarynyň seleňläp görünýändigini nazara alanyňda, şäher bilen ýoluň özara arabaglanyşygynda bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň merkezine tarap ýola düşdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Nobatdaky tapgyrda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra ol häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär. D.Orazow medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem batly depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilýändigi, ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere kybap gelmelidigine ünsi çekip, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamyň amatlylygy, ykjamlygy, elýeterliligi dogrusynda durup geçdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisi şeýle mümkinçilikleri öz içine almalydyr. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýlekiler babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi. Munuň özi döwrebap jaýlarda halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän mümkinçilikleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. “Şol bir wagtyň özünde bilim edaralarynyň, mekdepleriň otaglary her bir derse mynasyp derejede enjamlaşdyrylmalydyr. Bu bolsa bilim alýan ýaşlaryň saýlap aljak hünärine söýgüsini berkitmekde, nesilleriň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda wajypdyr” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, olary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen bir hatarda, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek boýunça işler hem guramaçylykly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde amatly ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ägirt uly işleriň bitirilmelidigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady we meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we olar öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Read More

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýram parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýar. 2026-njy ýyl Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýar. Bu taryhy sene merdana pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlarboýy kalbynda beslän arzuwlarynyň wysaly hökmünde şöhratlanýar. Biz bütin halkymyz bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhda baýram ederis. Döwletimiziň baş baýramynyň many-mazmunyny, gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçireris. Eziz Watanymyzyň edermen ogullary! Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir. Hut şonuň üçin hem hünär taýdan taýýarlykly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn harby gullukçylarymyzyň ýurdumyzda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde görkezýän merdi-merdanalygy, belent watansöýüjiligi ata-babalarymyzyň watanperwerlik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi milli Ýaragly Güýçlerimizde Watanymyzyň asudalygyny, abadançylygyny berkarar etmäge hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen tutumly işleriň oňyn netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Ol merdana ýurt goragçylarymyzyň Watanymyzy goramakda öz eginlerine düşýän belent jogapkärçilige ygrarlydyklaryny görkezýär. Merdana Watan goragçylary! «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylyp, halkara derejeli iri forumlar hem-de dabaralar geçirildi. Bu çärelerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we ynanyşmak ýörelgeleri has-da dabaralandy. Siz bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsançly gadamlar bilen geçip, ömür ýoly şöhrata beslenen beýik şahsyýetlerimiziň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etmelisiňiz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn. Watanymyzyň wepaly ogullary! Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän milli Ýaragly Güýçlerimiz taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleriniň gowulandyrylmagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin niýetlenen köp sanly gulluk, ýaşaýyş-durmuş maksatly täze binalar we desgalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar. Hormatly Watan gerçekleri! Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar — Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiz, Sizi hem-de ata Watanymyzyň bagtyýar halkyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hormatly Prezidentimiz! Siziň baştutanlygyňyzda zähmet üstünlikleri bilen garşylanan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özeninde halkymyzyň bu milli gymmatlygymyza goýýan belent sarpasy bardyr. Bu şygar biziň milli döwletlilik ýolumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny görkezýär. At türkmen üçin myratdyr, maksada ýetmekdir. Täze ýylyň şygarynda aýdylyşy ýaly, bu mekan arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň bedew batly amala aşyrylýan ýurdudyr. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Taryha ser salanymyzda, türkmen halky bedewleri özüniň iň ýakyn dosty, hemrasy, syrdaşy hasaplapdyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewine uly hormat goýýar. Halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär. Belent mertebeli Prezidentimiz! Geçen ýylyň şanly wakalary hem bedewlerimiziň ýelden ýüwrük bady, dünýä dolan at-owazasy bilen başlanypdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklarynyň başyny başlan waka bolupdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary öz ussatlyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, milli oýunlary bilen halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanýarlar. Siziň tagallalaryňyz bilen türkmen bedewlerine aýratyn üns berlip, atçylyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda hünärmenleriň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleri hem täze ösüşe eýe bolýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Sarpasy belent Prezidentimiz! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri bedew badyna deňelýär. «Akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň sebiti ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň mekany hasaplanýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde at üstünde oýnalýan milli oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde türkmen bedewiniň mynasyp orny eýelemegi halkymyzyň bedew batly ösüşleriniň, beýik başlangyçlarynyň nyşany bolup dabaralanýar. Bularyň ählisi, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyňyzyň berkarar döwletimizde uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Bedew bady bilen gülläp ösýän berkarar Watanymyza gelip gowşan hoş habar — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli Sizi hem-de mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine çykmagyny arzuw edýärin. Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda oba hojalyk toplumynyň strategik ähmiýetini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bugdaýa ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belledi we bol hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki çärelerde toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Azyklyk ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerine aýawly we rejeli çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Şeýle-de welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek ugrunda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More