Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Azerbaýjanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň hemme ugurlary ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Dürli derejedäki özara saparlar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna aýratyn üns çekildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu gezekki Medeniýet günleri hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran şol saparynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Fizuli şäherinde azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň bolandygy we häzirki wagtda onuň gurluşyk işleriniň depginli alnyp barylýandygy nygtaldy. Munuň üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi. Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. «Dostluk kompozisiýasy» atly çykyş iki ýurduň we olaryň halklarynyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýändikleriniň çeper beýany boldy. Tomaşaçylar Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, ýurduň Döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, halk artistleriň, beýleki birnäçe aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar. Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna ýurdumyzyň meşhur tans toparlary hem goşuldylar. «Galkynyş» toparynyň “Küştdepdi” tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda sazandalar, aýdymçylar we tansçylar sazyň, aýdymyň hem-de tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini we özboluşlylygyny açyp görkezdiler. Çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdym ýerine ýetirilende has-da aýdyň ýüze çykdy. Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň hem-de ýurdumyzyň «Näzli» tans toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetiren bu çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan XIX asyrdan häzirki güne çenli taryhy döwri öz içine alýan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda Azerbaýjanyň çeper filmleriniň görkezilişi hem boldy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda iki ýurduň nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Azerbaýjan Respublikasy barada fotosergi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, myhmanlar paýtagtymyzyň medeni ojaklaryna, gözel ýerlerine we söwda merkezlerine baryp görerler. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belläp, Türkmenistanda saparda bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň saparynyň dowamynda geçiriljek çäreleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Soňky ýyllarda döwlet we hökümet derejesindäki yzygiderli duşuşyklaryň hem-de özara saparlaryň netijesinde hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ikitaraplaýyn gün tertibinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bilelikdäki medeni çäreleriň ähmiýetini nygtadylar. Bu çäreler medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini belläp, şeýle medeni gatnaşyklaryň halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady. “Bu asylly däbe eýerip, şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Ýurdumyz Azerbaýjanyň medeniýet, sungat işgärlerinden ybarat uly wekiliýetini myhmansöýerlik bilen kabul edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem duşuşykda Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän sergileriň, konsertleriň, şahyrlaryň, akyldarlaryň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň ähmiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň umumy taryhy, medeni mirasynyň döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Source

Read More
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýetirmäge şatdyryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin. Beýik Biribardan tutuş musulman ymmatyna bereket, parahatçylyk hem-de sazlaşykly ösüş dileýärin. Haýsam bin Tarik,Omanyň Soltany. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şwesiýa Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. Source

Read More

ÇAGALAR SAGALDYŞ-DYNÇ ALYŞ MERKEZLERINDE ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI BAŞLANDY

         2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgüniň öňündäki meýdançada mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň gözel jülgesi Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Ýaş nesilleriň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň işgärleriniň çagalary şu ýyl Gökderedäki «Çynar» we «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Ahal» dynç alyş we sagaldyş merkezinde üç tapgyrda dynç alarlar.          Güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanmaga berilen döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli sagdyn bedenli, ylymly-bilimli, il-halar, watansöýüji nesiller, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. EZIZ MERDANGELDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni,kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.

Read More