2026-NJY ÝYLYŇ «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI

         8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.           Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog O.Annadurdyýewdagylar çykyş etdiler.           Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mähriban halkymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünliklere besläp uly zähmet ýeňişlerine besläp, täze 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylyna ýagşy arzuw umytlar bilen gadam basandygyny, şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýdym-sazly baýramçylyk çärelerine giň gerim bilen badalga berilendigini, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyly döwrebap at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigini, bu asylly başlangyjyň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini, bu başlangyjyň mähriban raýatlarymyzyň, aýratyn hem bagtyýar ýaşalaryň Watançylyk ruhyny has-da beýgeldip, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygyny, her bir ýylyň döwrebap atlar bilen atlandyrylmagy özygtyýarly Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini halkara derejesinde giňden wagyz etmäge we şöhlelendirmäge giň mümkinçilikleri döredýändigini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr.» diýmek bilen şanly ýylymyza öz boluşly başlangyç bermeginiň, türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň bedew atlary bilen berk baglanşyklydygyny ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi diýip uly buýsanç bilen bellediler.           Gadymy türkmen halylarymyz, nepis türkmen şaý-seplerimiz, alabaý itlerimiz ýaly Ahalteke bedewi hem merdana halkymyzyň milli buýsanjydyr, maddy medeni mirasyň kämilleşdirilen ajaýyp nusgasy bolmak bilen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Muny diňe bir türkmen halky däl eýsem-de, bütindünýä ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatynyň gaýtadan dikeldilmegine aýratyn uly ünsüň berilmegi, ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmek boýunça dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylmagy, bu ugurda işlejek ussat ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak boýunça tagallalaryň edilmegi behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny we arassa ganlylygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen ýyndamlygy, owadanlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýan türkmen bedewleriniň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Häzirki döwürde bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy bolsa daşary döwletlerdäki atçylyk assosiasiýalary, ylmy-barlag institutlary we beýeki abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly işjeňleşdirilýär. Ştab kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrylmagy, sebitiň iň häzirki zaman «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy atçylygy halkara derejesinde ösdürmekde ýurdumyzda giň gerimli işlere badalga berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde atçylyk pudagynda öňdebaryjy atçylyk merkezleri bilen bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi, tohumçylyk pudagynda tejribeler alşylyp, türkmen bedewiniň genofondyny gorap saklamak boýunça işler alnyp baryldy we bu işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda has-da rowaçlanar.           Ahalteke bedewlerimiziň ýer ýüzündäki at-abaraýyny belende göterilmeginde, milli atşynaslyk däplerimiziň gaýatadan dikeldilmeginde, türkmen ýaşlarynyň durmuş uniwersitetine öwrülen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýratyn hyzmatlary amala aşyrdy. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi, bu toparyň dürli ýyllarda birnäçe halkara sirk festiwallarynda we ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolmagy has-da guwandyryjy wakalaryň biri boldy. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy. Atçylyk pudagynda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2023-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň döredilendigini hem bellemek gerek.           Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. MAKSAT GURBANGULYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Baş inženeri

Read More

2026-NJY ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝIP YGLAN EDILDI

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda          Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.          Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.          Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurduň asuda ösüşi üçin uly tagallalary edýär.          Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi.          Geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.          Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.          Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2026-njy ýyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:          2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmeli. Türkmenistanyň Mejlisiniň BaşlygyD.GULMANOWA. Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 26-njy dekabry.

Read More

TÄZE ÝYL MYNASYBETLI GEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünliklere beslenmegi hem-de täze 2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» tele ýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni G.Abdyrahmanowadagylar gatnaşdy.         Gepleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, amala aşyrylan dünýä nusgalyk işleri, ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleri we olaryň ähmiýetini şöhlelendirýän buýsançly gürrüňler, şeýle hem bosagada duran täze 2026-njy ýyl baradaky ýagşy awzuwlar beýan edildi. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

Read More

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» bagyşlanan ýubileý sylaglarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi

20-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde döwlet sylaglarynyň gowşurylyş çäreleri ýokary derejede guraldy. Bu dabaralar ýurdumyzyň jemgyýetçilik, medeni, ylym we döwlet dolandyryş ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlaryň bitaraplyk ýörelgelerine goşan goşandyny ykrar etmek maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň binasynda hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaralarda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medallary we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Sylag alanlaryň hatarynda döwlet işgärleri, jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet we ylym işgärleri, şeýle-de durmuş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bar. Olaryň bitaraplyk ýörelgelerini berkitmekde, parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary aýratyn bellenildi. Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilendigi we onuň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy. Bu syýasat halkara parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Geçirilen dabaralar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde guralan çäreleriň möhüm bölegi boldy.

Read More

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

        15-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.          Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog O.Annadurdyýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki hwopsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni A.Bazarowdagylar çykyş etdiler.          Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň öňe barýandygyny we gülläp-ösýändigini, täze belent sepgitlere ýetilýändigini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy, binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň ýurdumyzda mynasyp derejede dowam etdirilýändigi barada buýsanç bilen bellenilip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän toýly günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň has-da begendiriji taryhy wakalaryň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Bu ajaýyp kitap ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dost-doganlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3 gezek Bitaraplyk derejesi ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýändigi barada çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler.              Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň geçen taryhy 30 ýylynyň dowamynda amala aşyrylan we ýetilen belent sepgitlerini anyk delilleriň hem-de maglumatlaryň üsti bilen giňden beýan edýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bu ugurda amala aşyrylýan işleri halkara derejesinde bütin dünýä şöhlelendirmekde ajaýyp gollanmadyr. Bu kitap 11 bölümden ybarat bolup, kitabyň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilmegi halkara jemgyýetçiligini, şeýle hem ýurdumyz bilen gyzyklanýan ähli adamlary Bitaraplyk ýyllary içinde gazanan we gazanýan üstünliklerimiz bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Kitapda dürli fotosutalaryň ýerleşdirilmegi kitabyň çeperçilik taýdan has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär.          Hormatly Prezidentimiziň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine we bu gazna tarapyndan amala aşyrylýan beýik işler, ýurdumyzda merdana ata-babalarymyzdan miras galan türkmeniň ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň täze taryhy eýýamda barha rowaçlanýandygyny şöhlelendirmek bilen, ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bölümde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine halkara derejesinde ýokary baha berilýändigi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigi, gaznanyň döredilmeginiň bolsa, Türkmenistanda çuňňur logiki we oýlanşykly ädim bolandygy hem-de Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanmasyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydygy barada buýsançly gürrüňler edilýär. Şeýle hem täze kitapda ýurdumyzyň ÝUNISEF, ÝUNESKO bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy, kabul edilen milli maksatnamalar we strategiýalar, ylym-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, medeni we resmi mirasy goramak ýaly taslamalara işjeň gatnaşmak hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň türkmen nusgasynyň esasy aýratynlyklary giňden beýan edilýär.              Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan energetika ulgamynyň ösüşi we bu ugurda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar, olaryň ähmiýeti, ekologiýa ugry, sebit we sebitara gatnaşyklar, nebitgaz pudagy, himiýa senagaty, awtomobil ýollary, ýolagçy we ýük daşamak boýunça amala aşyrylýan işler, gurluşyk we senagat toplumy hem bu kitapda giňden beýan edilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň «XXI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we ykdysady strategiýasy» atly bölüminde şeýle diýýär: «Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär.». Hakykatdan hem, ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy özgertmeleri täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýär. Täze kitapda hormatly Prezidentimiziň şu ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasynyň ulanylmaga berilendigini, bu desgalaryň işe girizilmeginiň täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna laýyk ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýändigi barada aýdylýar.              Bu ajaýyp kitapda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda neşir edilen bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp kitaplaryndan mysallary, milli buýsanjymyz bolan türkmen halysy, ahalteke bedewlerimiz, arwana düýelerimiz, alabaý itlerimiz hakynda maglumatlary, geçmişde türkmen halkynyň döreden Altyndepe, Parfiýa, Margiana, Ürgenç ýaly gadymy türkmen döwletlerimiz, türkmen halk döredijiligine degişli bolan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarymyz, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiz hakynda buýsançly we çuňňur mana eýe bolan giň pelsepewi gürrüňleri anyk mysallaryň üsti bilen beýan edýär.              Kitapda özygtyýarly döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy we onuň abraýly düzüm birlikleri bilen ýola goýulan hyzmatdaşlyk we onuň çäklerinde amala aşyrylan işler, kabul edilen Kararnamalar baradaky buýsançly gürrüňler bolsa, Bitarap Watanymyza bolan söýgümizi has-da artdyrýar diýip çykyşlarda bellenildi.          Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. AMANGELDI DURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň orunbasary

Read More

«ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERIMIZ SAŇADYR WATAN!» ATLY BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

        5-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gurnamagynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow alyp bardy.         Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy D.Meretgeldiýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň elektron serişdeleriniň operatory A.Atakaýewa, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik sehiniň aýna kesiji operatory K.Balgulyýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Ý.Mawsumowadagylar çykyş etdiler.         Dabarada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň «Ak mermer» folklor etnografiýa aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Geçirilen aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.         Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginiň jemleri boýunça işgärleriň arasynda 1-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň elektron serişdeleriniň operatory A.Atakaýewa, 2-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy D.Meretgeldiýew, 3-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik sehiniň aýna kesiji operatory K.Balgulyýewdagylar mynasyp boldy. Bäsleşigiň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň arasyndaky ugry boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, 2-nji orna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mary «Demirbetonönümleri» kärhanalary mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigi guraýjylaryň adyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.         Dabara gatnaşyjylar we bäsleşikde ýeňiji bolanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Read More

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASY «ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERIMIZ SAŇADYR WATAN!» ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJISI BOLDY

        5-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginde I orna mynasyp boldy.         Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerini amal etmekde möhüm ähmiýete eýedir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

Read More

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

        19-njy noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň gurnamagynda zyýanly ýa-da howply zähmet şertleri bolan işlerde işleýän işgärleri hökmany, deslapky, döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden geçirmegiň tertibi boýunça umumy düşünje bermek maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.         Okuw maslahatynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arassaçylyk gigiýenasy bölüminiň zähmet gigiýenasy bölümçesiniň sanitar lukmany G.Garryýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Saglygy goraýyş gullugynyň lukmany A.Mämmetmyradowdagylar çykyş etdiler.         Çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, ilatymyzyň saglygyny goramak ugrunda ýetilen belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi, şeýle hem kärhanalarda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň degişli maddalaryna laýyklykda iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna işgärleriň zähmet şertnamasy baglaşylanda deslapky we işiň barşynda döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini guramak boýunça borçlary, şunuň bilen baglylykda işgärleriň hukuklary barada umumy düşünjeler berildi.         Şeýle okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi kärhanalarda işgärleriň zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda işlemeklerini gazanmakda, olaryň jan-saglygyny gorap saklamakda, hünär keselleriniň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir. SYLAPBERDI BERDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy

Read More

«RAÝAT GORANYŞY WE DÜRLI GÖRNÜŞLI ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA ÖZÜŇI GORAMAGYŇ TERTIBI» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

        12-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň guramagynda «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramagyň tertibi» boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.         Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.R.Döwletow, Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri kapitan A.Ýaňyýew we «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni K.Baýramnurowdagylar çykyş etdiler.         Çykyşlarda, «Raýat goranyşy hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň tertibi» boýunça, şeýle hem himiýa, radiasiýa, bakteriologiýa we biologiýa bilen bagly işlerde zähmeti goramak we şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünleri, zäherleýji maddalar olaryň häsiýetnamalary we tebigy hadysalar boýunça giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi.         Şeýle wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi adamlaryň jan saglygyny we daşky gurşawy gorap saklamakda, ilatymyzyň raýat goranyşy babatyndaky hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmakda, tehnogen häsiýetli howply ýagdaýlarda, weýrançylyklarda, howply tebigy hadysalarda ýerine ýetirilmeli çäreler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. KEREMNUR BAÝRAMNUROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni

Read More

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI «TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERI HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNDAN GYMMAT BAHALY SOWGATLAR WE HORMAT HATLARY BILEN SYLAGLANDYLAR

        3-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mejlisler jaýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni Y.Hydyrow, Elektro polat erediji sehiniň elektropeçlerde polat eredijisi K.Myratgulyýew, Hil sozma sehiniň gyzgyn sozujy stanoklarynyň post dolandyryş operatory M.Saparmuhammedow, Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň el bilen kebşirleýjide elektro kebşirleýjisi A.Gullyýew we «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň gaz bilen kesijisi D.Gylyjowdagylar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.         Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda işgärleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, işgärleriň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetlerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog

Read More