Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak hem-de ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2026-njy ýylyň 20-nji martynda bellemeli. 2. 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmeli. 3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy marty.

Read More

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2026-njy ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly. 2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny 2026-njy ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly. 3. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy marty.

Read More

Resmi habar

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 676-njy belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara

Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda geçirilýän bu giň gerimli çärelerden hem görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Garaşsyzlykdan gözbaş alyp gaýdýan ýoly uly ösüşlere beslenýär. Hormatly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary! Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Hususyýetçilerimiziň özlerine ynanylan taslamalara, il-ýurt bähbitli işlere örän jogapkärli çemeleşýändikleri bizi buýsandyrýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň ileri tutulýan işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär. Bu kärhanalarda täze iş orunlary döredilýär, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygy pugtalandyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hususyýetçilerimiz agzybirlikde döwletlilik ýolumyzdan ynamly öňe barýarlar. Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr. Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw geljekde hem dowam etdiriler. Ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň, abadançylygymyzyň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saýasynda telekeçilerimiziň mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn. Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we halkara forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzda özgertmeleri we maksatnamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsiniň geçilýändigini belledi. Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi. Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sarpalamak dabarasy geçirildi, şeýle hem 7-8-nji martda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Dabaralara gatnaşanlar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, mynasyp zähmet çekmegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirilip, milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň dokuzynjy parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk, parlament işi boýunça özara tejribe alşyldy. Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçileriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ätiýaçlandyryşyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler geljegi uly nebit we gaz ýataklarynda ulanyş, gözleg-barlag guýularynyň gazuw, özleşdirmek işlerini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, buraw işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady hem-de bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu möwsümi agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplar esasynda geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy we Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, täze ýollary gurmak, halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň hilini döwrüň talabyna laýyk getirmek, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýol-ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu sergä döwletimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. “Munuň özi dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Read More

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly ösüşlere, üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan söýgimizi, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Hormatly watandaşlar! Türkmen halkynyň şöhratly ýolunda kemala gelen hem-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, ahlaklylyk, halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly gymmatlyklar biziň milli bitewüligimiziň, ruhy dünýämiziň sarsmaz sütünleridir. Köpasyrlyk taryhy tejribä, ruhy we ahlak köklere daýanýan, täze döwrümiziň binýatlaýyn taglymatlaryna öwrülen bu gymmatlyklar mukaddes Oraza aýynda hem-de keremli Gadyr gijesinde has-da rowaçlanyp, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Oraza aýynda, aýratyn-da, Gadyr gijesiniň hormatyna öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege hoş sözler aýdylyp, tarawa namazlary okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär. Sahawatly Gadyr gijesiniň dessurlarynda ynsana hormat goýmak, rehimdarlyk, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly garaýyşlar hem jemlenendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda pederlerimiziň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, jemgyýetimiziň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle-de mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan haýyr-sahawatlylygymyzyň, belent ynsanperwerligimiziň, watansöýüjilik duýgularymyzyň we milli buýsanjymyzyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Hormatly adamlar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys. Üstünlikli amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen baglylykda, dünýä döwletleri bilen halklaryň medeniýetlerine we gymmatlyklaryna hormat goýmak, dostluk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrýarys. Milli durmuş mekdebimiziň hem-de tejribämiziň özeni bolan baý mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, ynanç-ygtykatlarymyzy halkara derejede wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini yzygiderli giňeldýäris. Biziň syýasatymyz jemgyýetimiziň milli gymmatlyklarymyz esasynda kämilleşdirilmegine, parahatçylyk söýüjilik, dostluk taglymatlarymyzyň dabaralandyrylmagyna, adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek ugrundaky ählumumy wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Dostlugyň we hoşniýetliligiň beýik ýörelgeleri hem-de taglymlary arkaly halklary ýakynlaşdyrmak, dünýä ýurtlary bilen dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini gurmak, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir. Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän tagat-ybadatlaryňyz, berýän agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz Diýarymyzyň berkararlygy, rowaçlygy, milli agzybirligimiz, rysgal-berekedimiz üçin edýän doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy. *** Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi. *** Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda, ýurduň çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, beýleki önümlerden ybarat ynsanperwerlik ýüküni ibermek bellenildi. (TDH)

Read More

Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň gelin-gyzlarynyň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Eziz Diýarymyzda zenan sarpasy ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleriň esasynda dowam edip gelýär. Pederlerimiz olara aýratyn hormat goýupdyrlar, aýal-gyzlary baýdak, ar-namys ýaly mukaddesliklere deňäpdirler, olara maşgalanyň dowamatyny, agzybirligini üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garapdyrlar. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, ýurdumyzda zenanlar döwlet tarapyndan uly alada bilen gurşalýar. Maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze taryhy döwrüň binýadyny berkitmäge işjeň goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olaryň jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna gatnaşmaklary babatda döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisidir. Olaryň döwlet dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, hususy ulgamda, ykdysadyýetiň pudaklarynda alyp barýan netijeli işleri ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Galyberse-de, zenanlar beden we ruhy taýdan kämil nesilleri terbiýelemek bilen, Türkmenistanyň şöhratly geljegini gurmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkara zenanlar gününde hormatly Prezidentimiziň enelerdir zenanlara Gutlag bilen ýüzlenmegi, Şa serpaýyny ýapmagy olaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylýar. Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti-de şeýle çäreleriň biri boldy. Konserte Diýarymyzyň çar ýanyndan zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Oňa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenan işgärleri-de hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Ajaýyp baýramçylyk konserti Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň hem-de birleşen döredijilik-folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adybir kitaby esasynda sahnalaşdyrylan çykyşda mährem eneleriň waspy ýetirilip, zenan mukaddesligi açylyp görkezildi. Türkmen zenanynyň taryhy keşbi bilen bir hatarda, olaryň häzirki döwürde dürli ugurda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň aýal-gyzlara goýýan belent sarpasy çeper beýan edildi. Soňra baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Sahnada zenanlaryň hoşniýetliligini, sadalygyny, asyllylygyny, paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, ene söýgüsini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy. Sahna eserlerinde häzirki zaman zenanynyň ajaýyp keşbi janlandyryldy. Bu bolsa dabaranyň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, her bir zenanyň kalbynda buýsanç duýgusyny oýardy. Mukamlar köşgüniň ajaýyp sahnasynda aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen bir hatarda, sungat äleminde meşhurlyk gazanan ýaş estrada aýdymçylary hem çykyş etdiler. Olar «Dünýäniň bar görki enedir-ene» atly aýdymy tomaşaçylara sowgat hökmünde türkmen, iňlis, rus dillerinde ýerine ýetirdiler. Bu aýdymy estrada aýdymçylarynyň ýaşajyk artistlerden düzülen çagalar hor toparynyň «Mukam» skripkaçylar topary bilen bilelikde ýerine ýetirmegi mährem enelere mähirli duýgulary bagyş etdi. «Güneş» çagalar hor topary, «Şowhun» we «Jahan» çagalar tans toparlary zenanlar üçin aýdym-sazly, tansly baýramçylyk sowgadyny taýýarlady. Munuň özi milli sungatymyzyň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Türkmen zenanynyň ajaýyp keşbi milli sungatymyzda, edebiýatymyzda we medeni mirasymyzda uly orun eýeleýär. Zenan gözelligi aýdymçylar, şahyrlar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigine konsertiň dowamynda ýaňlanan «Owadan sen», «Süýji arzuwlar», «Perizada», «Gara gözleriň», «Arzymanym» ýaly aýdymlaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Çykyşlarda döwrebap aýdymlar bilen bir hatarda, halk aýdymlaryna hem uly orun berildi. «Görogly» şadessanyndan «Suw ber, içeli!» aýdymy, «Gara göz gelin» atly halk aýdymy myhmanlaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ýaňlanan aýdymlaryň Türkmenistanyň Döwlet tans ansamblynyň we «Galkynyş», «Meňli», «Serpaý», «Näzli», «Aşgabat», «Ak mermer» tans toparlarynyň, Arkadag şäheriniň birleşen tans toparynyň, «Laçyn», «Miras» folklor-tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşmagy milli däp-dessurlaryň köpöwüşginliligi bilen häzirki zaman döredijiliginiň özboluşly ugurlarynyň sazlaşygyny görkezdi. Olar tansyň üsti bilen zenanlara bolan mähribanlygy, hormat-sarpany beýan etdiler. Türkmenistanyň halk artisti P.Amandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Kalbymda sen» atly aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň tolgundyryjy pursatlaryny emele getirdi. Bu ajaýyp aýdymda nurana arzuwlar, mährem söýgi we geljege bolan umyt wasp edilýär. Konsertiň «Näzli» tans toparynyň çykyşy bilen utgaşmagy bolsa oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy konserte gatnaşyjylaryň has-da göwnüni göterdi. Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli tansymyz ýurdumyzda geçirilýän dabaralaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz, saýaňyzda bagtyýardyr eneler!» atly ajaýyp aýdym konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlarynyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Iliana Ýotowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bolgariýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, himiýa senagatyny hem diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig mal öndürýän hususy kärhanalary gurmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryna esaslanýan bu pudagyň tebigy gazy hem-de mineral serişdeleri çuňňur gaýtadan işlemek strategiýasy içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, himiýa önümlerini daşarky bazarlara çykarmaga-da mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi döwlet Baştutanymyzyň köpugurly, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen senagatlaşdyrma strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Himiýa pudagynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler ýurdumyzyň we ilatyň bähbitleri üçin türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryndan, uglewodorod serişdelerinden, mineral, gidromineral gorlaryndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Tebigy gazyň we mineral serişdeleriň baý gorlaryna daýanýan bu pudak batly depginde ösdürilip, ägirt uly eksport mümkinçiligine eýe bolan ýokary tehnologiýaly senagata öwrülýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty çig maly çuňňur gaýtadan işlemäge, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ukyply täze önümçilik desgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde adamlaryň gündelik durmuşyny, döwletiň ykdysady ösüşini himiýa önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Himiýa senagaty kärhanalaryny öz içine alýan «Türkmenhimiýa» döwlet konserni pudagyň şu günüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin, ilkinji nobatda, iri döwrebap kärhanalary gurmak, bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda esasy meýilnamalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we beýleki döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp amala aşyrylýar. Himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugry mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmekdir. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki zaman senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan azot, fosfor we kaliý dökünleriniň önümçiligini ep-esli artdyryp, ýerli oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Bu giň gerimli çemeleşme diňe bir oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksportyň geografiýasyny yzygiderli giňeltmäge-de mümkinçilik berýär. Hazar deňzindäki gidromineral çig malyň özboluşly ýataklaryny özleşdirmek milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Bu ýerde ýod, brom we brom önümleri, derman senagatynda, elektronikada, beýleki pudaklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli duzy öndürýän täze, döwrebap önümçilik desgalaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy ekstraksiýa we arassalaýyş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arassa düzümli önümleri öndürmäge mümkinçilik berip, türkmen himiýa önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär. Pudagy ösdürmegiň strategiýasynda senagat taýdan ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna geçmegi alamatlandyrýan gazhimiýa ugruna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda döredilýän innowasion kärhanalar mawy ýangyçdan dürli görnüşli polimer önümleri, şol sanda polietilen we polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu döwrebap materiallar ilatyň köpçülikleýin sarp edýän harytlarynyň, gurluşyk materiallarynyň, gaplama serişdeleriniň önümçiligini höweslendirmek arkaly kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. Munuň özi bazary importyň ornuny tutýan ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmäge ýardam berýär. Daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak himiýa senagatyndaky ähli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm şertidir. Pudagyň desgalaryna ýapyk aýlanyşykly suw ulgamlary, döwrebap arassalaýjy süzgüçler, daşky gurşawyň ýagdaýyna awtomatlaşdyrylan gözegçilik edýän ulgamlar yzygiderli ornaşdyrylýar. Durnukly ösüş ýörelgesine şeýle ygrarlylyk ekologik töwekgelçiligi peseltmäge, senagat taýdan ösüşiň we tebigy deňagramlylygy saklamagyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmäge şert döredýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik meýilnamalaryny ýokary görkezijiler bilen ýerine ýetirmegi ýönekeý bir statistika bolman, eýsem, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň netijesidir. Pudaga gönükdirilýän ägirt uly möçberdäki maýa goýum serişdeleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hil we ekologik taýdan arassalyk babatda bäsleşmäge ukyply innowasion önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan mineral dökünleri öndürýän iri ýurt hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Şunda Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ilkinji kärhanalarynyň biri bolan bu zawod häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, zawodda öndürilýän tehniki kükürt kislotasynyň artýan bölegi daşary ýurtlara-da eksport edilýär. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, hyzmatdaşlarymyzyň hem azyk howpsuzlygyna goşulýan möhüm goşantdyr. Bu zawod ençeme ýyllaryň dowamynda Diýarymyzyň senagat klasteriniň esasy kärhanalarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanda fosforly dökünleri öndürmäge ýöriteleşen ýeke-täk kärhanadyr. Onuň esasy önümleriniň biri ammoniý superfosfatydyr. Mundan başga-da, zawodda fosforly dökünleriň çig mallarynyň biri bolan tehniki kükürt kislotasy öndürilýär. Bu ýerde hereket edýän kuwwatlyklary täzelemek işi yzygiderli alnyp barylýar. 2016-njy ýylda täze kükürt kislotasynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda tehnologik proseslere gözegçiligiň sanlylaşdyrylmagy ileri tutulýan ugur bolup durýar. Önümçilikde ornaşdyrylan datçikler önümiň hilini seljermäge, onuň ISO 9001 halkara standartyna doly laýyk gelmegini üpjün etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijiler zawodyň önümleriniň esasy sarp edijileridir. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän şertlerinde dökünlere bolan zerurlyklaryny doly üpjün edip, azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga goşant goşýarlar. Häzirki wagtda kärhana diňe oba hojalygyna niýetlenen himiýa serişdelerini öndürmek bilen çäklenmeýär. Bu ýerde 30-dan gowrak önüm, şol sanda jemagat hojalygy üçin möhüm bolan suw arassalaýjy koagulýant, polimer önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Zawodda mineral serişdeleriň önümçiliginde ekologik taýdan ylmy çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Ekologiýa strategiýasy diňe bir ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrman, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, hasyl berijiligini gorap saklaýan önümleriň döredilmegini hem göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýän we milli ekologiýa syýasatyna laýyklykda hereket edýän önümçilige öwrülýändigini bellemek gerek. 2026-njy ýylda zawodda çylşyrymly dökünleriň täze görnüşleriniň synaglary işjeňleşdirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde diňe bir ösümlikleri iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, onuň düzümini gowulandyrýan serişdeleri döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu zawodda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň himiýa senagaty üçin möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünini öndürmäge niýetlenen täze toplumyň gurluşygy diňe bir önümçilik meýdanlarynyň giňeldilmegi bolman, eýsem, doly derejeli

Read More