Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 4–8-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Ýyllyk mejlisiň çäklerinde wekiliýet, parlamentara dialogy we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge bagyşlanan «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament dialogy – ÝHHG sebitinde we onuň çäklerinden daşarda ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň mehanizmi» atly ugurdaş çärä hem gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň konstruktiw halkara dialogyny, özara düşünişmegi hem-de umumy gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli mehanizmleriniň biri bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň bu ugurdaky garaýşyny beýan etdi. Ýyllyk mejlisiň çäklerinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampietro bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlarynyň dialogy ilerletmekde, ynanşmagy pugtalandyrmakda we parlament tejribesini alyşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler. Duşuşygyň dowamynda, Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň depgininiň ýokarlanýandygy göz öňünde tutulyp, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn sebit çemeleşmesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Source

Read More
Ýer ýüzünde türkmen bedewleriniň at-abraýy has-da dabaralanýar

Ýer ýüzünde türkmen bedewleriniň at-abraýy has-da dabaralanýar

Gadymy we şöhratly türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý sepleri ýaly milli baýlyklarynyň biri-de onuň gamyşgulak bedew atydyr. Bedewlerimiziň owadanlygynda, duýgurlygynda, ýüwrükliginde, wepalylygynda, ata-babalarymyzyň tükeniksiz azap-aladalary, bahasyna ýetip bolmajak yhlasly halal zähmeti bardyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň zähmetiniň hem-de akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, gözelligiň we okgunly gadamlaryň nyşany bolup durýar. Türkmen atşynaslygynyň möhüm binýadyny emele getiren meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atynyň buýsançly keşbiniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň berkarar Watanymyzyň nurana geljegini wepaly syrdaşy bedew atyň keşbi we okgunly gadamy bilen baglanyşdyrýandygyny görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy Watanymyzyň täze ösüşlere tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezip, her bir türkmenistanlyny täze maksatlara we belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur ahalteke atlaryň gadymdan gelýän şöhraty döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen yzygiderli belende göterilýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň bedewlere bolan belent söýgüsiniň, hormat-sarpasynyň netijesinde atlaryň ahalteke tohumyny gorap saklamak, köpeltmek we wagyz etmek boýunça işler döwlet syýasaty derejesine çykaryldy. Bu işlerde atşynaslyk sungatynyň ýörelgeleriniň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda dowam edilip, has baýlaşdyrylmagy aýratyn orny eýeleýär. Netijede, ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, arassa ganly tohum atlaryň baş sanyny köpeltmek, olaryň nesil goruny saklamak, kämilleşdirmek, ussat çapyksuwarlaryň we atşynaslaryň ýaş neslini kemala getirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Çünki ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň möhüm düzüm bölegidir. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň çäginden alysda hem meşhurlyga eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary abraýly halkara sylaglara, şol sanda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde her ýyl geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynyň baýraklaryna mynasyp boldy. Toparyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly tomaşaçylary haýrana goýup, olara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. Şeýle hem ol asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy esasy ýörelge edinýän halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde ýaýbaňlandyrylýan çäreler Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän şanly ýylyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyryp, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Source

Read More
«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnalynyň ikinji sany neşir edildi

«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnalynyň ikinji sany neşir edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sanyny neşir etdi. Žurnalyň täze sanyna türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, türkmen we daşary ýurt dilleri hem-de edebiýaty, şeýle-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ynsanperwer, tebigy we takyk ylymlary okatmagy kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly we ylmy-usuly makalalar ýerleşdirilen. Mundan başga-da neşirde dermanlyk ösümlikleri öwrenmek, nano-, bio- we himiýa tehnologiýalaryny ösdürmek, şeýle hem ýerli çig malyň esasynda ekologik taýdan arassa önümleri we täze materiallary öndürmek ugurlaryndaky ylmy barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly şu ýylyň başynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda döredildi. Täze neşir türkmen ylmynyň gazananlaryny, ýurduň ylmy-bilim ulgamynda toplanan öňdebaryjy tejribäni giňden wagyz etmek, ýaşlaryň ylmy barlaglara we açyşlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen esaslandyryldy. Žurnalyň mazmuny häzirki zaman okuw-terbiýeçilik usullary, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň utgaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem filologiýa, psihologiýa, tebigy we takyk ylymlar, hukuk, taryh, milli we dünýä mirasy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Žurnalda professorlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň makalalary türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär. Bu bolsa neşiriň diňe bir türkmen okyjylary üçin däl, eýsem, daşary ýurtly gyzyklanýan okyjylar üçin hem elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Elektron žurnal çärýekde bir gezek, ýylda dört gezek neşir edilýär. Onuň ähli sanlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda okyjylar üçin elýeterlidir. Source

Read More
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryny umumy taryh, köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary bilen döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýokary derejedäki saparlar möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýunynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini bellediler. Onuň dowamynda ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi gatnaşyklary gyzyklanma bildirilýän giň ugurlarda ösdürmäge şert döredýär. Saparyň dowamynda Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň sowgat hökmünde gowşurylmagy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mizemezligini görkezen nobatdaky waka boldy. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dostlukly goňşy ýurda sowgat hökmünde Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygy alnyp barylýar. Mejlise gatnaşyjylar toparyň ozalky mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iş toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça degişli tekliplere garaldy. Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň, sebit dialogynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýärler. Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar öňde boljak çäreler barada durup geçdiler. Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady görkezijilerine aýratyn üns berdiler. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Mejlisde ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Toparyň agzalary işewürlik ugry boýunça özara duşuşyklary, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şeýle çäreleriň özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berjekdigini tassykladylar. Nebitgaz we elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin esas döredýär. Mejlisde iki ýurduň arasynda ulag-logistika, üstaşyr geçirmek, sanly ösüş, telekommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, sebitde üstaşyr geçirmegiň möçberiniň artmagy döwrebap ulag infrastrukturalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy şertlendirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ulag ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy sebitleýin we ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilendir. Ýurtlarymyz halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda möhüm üstaşyr geçirijiler bolup çykyş edýärler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleri üstaşyr geçirmekde iň amatly ýollary üpjün edip, Hazar sebitini kuwwatly logistika merkezine öwürýär. Medeni-ynsanperwer ulgam mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy. Geçen ýyl Azerbaýjanda Türkmenistanyň, şu ýylyň iýun aýynda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirildi. Arkadag hem-de Fizuli şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm waka boldy. Mejlise gatnaşyjylar ylym, taryhy we golýazma edebiýatyny öwrenmek, sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryň uludygyny bellediler. Şeýle-de oba hojalyk, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, şäher gurluşygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Mejlise gatnaşyjylar şu gezekki gepleşikleriň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen degişli Teswirnamada hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikde durmuşa geçiriljek anyk işler kesgitlenildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetleriniň dar düzümdäki duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Source

Read More
Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, täjik wekiliýetine bolsa Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy R.Farhodşoh ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Çärä iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de telekeçiler birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary ykdysady mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak maksady bilen telekeçilik toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigi we dürli ugurlar boýunça giňelýändigi nygtaldy. Türkmen tarapy täjik hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belläp, Türkmenistanyň senagat kärhanalarynyň, himiýa pudagynyň wekilleriniň, ulag-logistika kompaniýalarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy R.Farhodşoh öz gezeginde täjik işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Mejlisiň dowamynda özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, oba hojalyk-senagat toplumy, himiýa pudagy we syýahatçylyk ulgamy boýunça özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerine, erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçiliklerine we ulag düzümini ösdürmegiň ugurlaryna bagyşlanan tanyşdyryş çykyşlary geçirildi. Çäräniň amaly bölümi işewürleriň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam etdirilip, onda işewür toparlaryň wekilleri geljekki bilelikdäki taslamalary we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 8-nji iýulda türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin Duşenbe şäherindäki iri senagat kärhanalaryna tanyşlyk sapary guraldy. Saparyň dowamynda olar kärhanalaryň önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady. Source

Read More
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilýän žurnalda ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, kanun çykaryjylyk işiniň, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapýar. Neşiriň täze sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy bilen açylýar. Bu çykyşda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi hem-de sebitleýin ekologiýa gün tertibiniň möhüm meselelerine toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň ähmiýeti nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli halkara meýdança hökmünde bu forumyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň taryhy-medeni ýakynlygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ruhunyň şeýle gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna giň mümkinçilik açandygyny belledi. Ekologiýa meselesi baradaky gürrüň döwlet Baştutanymyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen mejlisindäki çykyşynda-da öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Aral meselesiniň çölleşme, buzluklaryň eremegi hem-de serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ählumumy wehimler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip, Merkezi Aziýada durmuş-ykdysady abadançylygy, ylalaşygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üpjün etmegiň wajyp şerti hökmünde ekologik howpsuzlyga toplumlaýyn çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa wehimlerine milli çemeleşmeleriň sazlaşdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň sebit gurallarynyň, hususan-da, daşary syýasat we pudaklaýyn edaralaryň ugry boýunça utgaşdyryjy hereketleriň düýpli güýçlendirilmegi baradaky pikiri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba alyp, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnama-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagy tizleşdirmek teklip edildi. Munuň özi halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler açar. Hormatly Prezidentimiz bu gaznanyň, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr agentlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitiň ýurtlary bilen häzirki zaman geosyýasy we ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, iki düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasyny bilelikde işläp taýýarlamak meselesine garamagy teklip etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy hem neşiriň bu sanynda ýerleşdirilipdir. Onda ählumumy energetika howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda Türkmenistanyň strategik garaýyşlary beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän, energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara hukuk we beýleki şertlerdir kepillikleri döretmek maksady bilen, jogapkärçilikli, yzygiderli syýasaty alyp barýar. Şoňa görä, türkmen halkynyň Milli Lideri energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip etdi. Bu ugurda möhüm çäreleriň hatarynda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýär. Bu işleri ilerledip, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Neşiriň makalalarynyň köp bölegi ylym-bilim, ýaşlar syýasatyna bagyşlanandyr. “Ylym-bilim syýasaty: milli tejribe we hoşniýetli hyzmatdaşlyk” atly makalada ýurdumyzyň bu ulgamda gazananlary hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary açylyp görkezilýär. “Türkmenistanyň döwlet gullugynda ýaşlaryň orny”, “Talyp ýaşlary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek” atly makalalarda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesilleriň mümkinçiliklerini doly açmak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty öz beýanyny tapýar. “Merkezi Aziýada zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esaslary” atly makala sebitde ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanýar. Onda Türkmenistanyň gender deňligi ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda kanunçylyk binýady beýan edilýär. Okyjylaryň dykgatyna “Türkmenistanyň halkara bilim hyzmatdaşlygynyň hukuk düzgünleşdirilişi” atly makala hem hödürlenilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda adamzat siwilizasiýasynyň depginli ösýän we bütin dünýäde ählumumylaşma hadysasynyň işjeň dowam edýän şertlerinde halkara bilim hyzmatdaşlygynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginiň zerurlygy äşgär duýulýar. Bu zerurlyk häzirki wagtda dünýäde ylmy we medeni alyşmalaryň, akademiki mobilligiň ösmegi, talyplary alyşmalaryň işjeňleşmegi, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine ýardam edýän beýleki birnäçe sebäpler bilen şertlendirilýär. Žurnalyň şu sany däp bolan “Senenama” bölümi bilen jemlenýär. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň ähli halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Mikail Jabbarow mähirli kabul edilendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de myhman döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ornuny belläp, hormatly Prezidentimiziň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynda täze sahypany açandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm goşant boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu mejlisiň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzy hem-de halklarymyzy özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýär. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär, bilelikdäki giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Duşuşykda şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy aýdyldy. Bu sammitiň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän döwründe geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm tapgyr bolandygyna, onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda täze mümkinçilikleri açandygyna üns çekildi. Söhbetdeşler ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara toparyň wajyp ornuny bellediler. Bu topar söwda, logistika, ylym, tehnika ulgamlarynda hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýän utgaşdyryjy gural bolup çykyş edýär. Şeýle hem iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmagyň möhümdigine üns çekildi. Munuň özi energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny kämilleşdirmek, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow däp bolan dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Source

Read More