Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär: 1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly. 2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Mejlis bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji iýuly. Source

Read More
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary! Bilşiňiz ýaly, şu ýylyň 10-njy iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli tabşyryklar berildi. Biz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçeris. Bagtyýar halkymyz her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýar. Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, şanly wakadyr. Ýakynda Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Biz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçireris. Mejlisde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Şu günki mejlisimizde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalary kabul ederis. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, olara hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serederis. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär. Şu ýylyň başyndan bäri atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. Atşynaslardyr hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdiler. Meşhur çapyksuwarlarymyz Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Görşümiz ýaly, bedew ýylynda ahalteke atlarymyz babatda köp sanly uly ähmiýetli işler amala aşyryldy. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmaly. Geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermeli. Şunuň bilen baglylykda, täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary bolmalydyr. Şeýle hem bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmeli. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmeli. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany guramaçylyk topary bilen bilelikde aşakdaky işleri ýokary derejede alyp barmaly: 1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmaly; 2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmaly; 3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamaly we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmaly; 4. Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli; 5. Raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleri alyp barmaly; 6. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaly; 7. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamaly; 8. Mejlise taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmaly; 9. Türkmenistanyň Mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmeli; 10. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk alyp barmaly. Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary! Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde hem uly wezipeler durýar. Halk Maslahaty ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Hormatly adamlar! Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin täze teklipleriň üstünde işlemeli. Esasy maksadymyz bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin

Read More
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak häzirki wagtda wajyp wezipeleriň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde 10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçirilendigini, onda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenendigini belläp, çykyşyna başlady. “Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli tabşyryklar berildi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz şu mejlisiň gün tertibiniň esasy soragynyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygyny aýdyp, mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak hakynda we beýleki dürli soraglar kesgitlenildi. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet we häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, bagtyýar halkymyzyň her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyna, Garaşsyzlyk baýramynyň ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, şanly wakadygyna ünsi çekdi. Ýakynda Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini nygtady. “Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Şu günki mejlisimizde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalary kabul ederis. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, olara hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serederis” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär. Şu ýylyň başyndan bäri atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. Atşynaslardyr hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdiler. Meşhur çapyksuwarlarymyz Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Umuman, bedew ýylynda ahalteke atlarymyz babatda köp sanly uly ähmiýetli işler amala aşyryldy. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmalydyr. Geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidir. Şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary bolmalydyr. Şeýle hem bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidir. “Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmelidir hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany guramaçylyk topary bilen bilelikde aşakdaky işleri ýokary derejede alyp barmalydyr” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we anyk wezipeleri kesgitledi. Hususan-da: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmaly; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmaly; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamaly we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmaly; Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli; Raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleri alyp barmaly; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaly; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen

Read More

Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap

Şu ýyl eziz Watanymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyga halkymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny hasyl eden mukaddes gymmatlyk hökmünde garalýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şygary bolsa taryhy üstünliklere beslenip geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýeten belent sepgitleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 161 döwleti hem-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň 54-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, deňagramly, inklýuziw ählumumy gün tertibiniň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar. Watanymyzyň özboluşly daşary syýasy ugry köp babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamalarda üç gezek resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda kämilleşdirildi. Bu ykbal kesgitleýji saýlaw ýurdumyzyň ösüş ýolunda möhüm tapgyr bolup, harby bileleşiklere goşulyşmazlyga, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, özboluşly milli aýratynlygymyzy kemala getirmäge ýardam etdi. Munuň özi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertine öwrülendigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ähli ädimlerini, gazanan üstünliklerini, ägirt uly netijelerini kesgitleýän, ýurdumyzyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidigini nygtady. Bu gazanylan tejribe Bitaraplygyň bähbitleriň ýakynlaşmagynyň we sazlaşygynyň, hormat goýmak, deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biljekdigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürýän, döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin pikirdeşleriniň tagallalaryny utgaşdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Watanymyz halkara giňişlikde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly kepili hökmünde bitaraplyk, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog gymmatlyklaryny işjeň ilerledýär. Ýurdumyz 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş edip, parahatçylygy, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Ýurdumyz milli döwletliligini ösdürmekde öňdebaryjy halkara tejribä hem-de türkmenistanlylaryň goldawyna daýanýar. Munuň özi ähli giň gerimli özgertmeleriň, ýetilen sepgitleriň üstünliklere beslenmegini kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi häkimiýet bilen jemgyýetiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy, Watanymyzyň durnuklylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekde halkymyzyň esasy ornuny tassyklaýar. Bu maksatnamalaýyn ýörelge her bir şahsyýetiň abadançylygyny, hukuklaryny, bähbitlerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň yzygiderli dowamydyr. Bu strategiýa adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän, adamy goramagyň, goldamagyň, oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigini nygtaýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň adam maýasyna gönükdirilmegi Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, häzirki döwre çenli onuň aýdyň durmuş häsiýetini kesgitledi. Munuň şeýledigini birnäçe görkezijiler hem tassyklaýar. 2026-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 54,9 göterimi medeni-durmuş maksatly desgalaryň, 45,1 göterimi bolsa önümçilik maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti düýpli özgertmäge, ony döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän, birtaraply çig mal nusgasyndan bazar gatnaşyklaryna geçirmäge, hususy pudagy okgunly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe tapgyrlaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugry hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmak we täze, düşewüntli pudaklary döretmek, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak, döwrebap düzümi kemala getirmek, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri çykarýan, kuwwatly önümçilik ulgamly, senagatlaşan döwlete öwürmek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Ählumumy ösüş meýillerine laýyklykda, sanly özgertmeler netijeli amala aşyrylýar, öňdebaryjy ylmyň gazananlary, döwrebap tehnologiýalar tejribä ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde duran giň gerimli wezipeler we olary çözmegiň ýollary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir. Geçen döwrüň dowamynda durnukly ykdysady ösüş oýlanyşykly döwlet strategiýasy, içerki we daşarky maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň netijeli maýalaşdyrylmagy arkaly üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, Hytaýa we Eýrana çenli uzaýan täze gaz geçirijiler çekildi. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uglewodorod çig malynyň dürli eksport ugurly bazarlara iberilmegi bilen bir hatarda, dünýäde uly islegden peýdalanylýan we onuň gaýtadan işlenilmeginden alynýan, ýokary goşulan bahaly önümleriň — benziniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň ýurdumyzda öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen senagat toplumlarynyň biri-de Owadandepede ýerleşýän, ekologik taýdan arassa «Euro-5» standartly benzini (ECO-93), suwuklandyrylan uglewodorod gazyny, dizel ýangyjyny öndürýän innowasion zawoddyr. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň «TIGAS» tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan bu zawod 2019-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede ösen binýatlyk pudagy hasaplanýan elektroenergetika pudagy hem Diýarymyzyň baý uglewodorod serişdelerini peýdalanmaga gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz diňe bir içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere durnukly eksport etmekde hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe boldy. Esasy elektrik öndürijilik kuwwatlyklary iri elektrik stansiýalarynda, şol sanda Mary, Lebap, Derweze, Aşgabat, Abadan, Balkanabat döwlet elektrik stansiýalarynda we beýlekilerde jemlenendir. Balkan welaýatynda döwrebap,

Read More

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär: 1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmeli. 2. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermeli. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji iýuly. Source

Read More