15-nji iýulda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan gepleşik ýazgy edildi.

Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow gatnaşdy.
Gepleşigiň dowamynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda gazanylýan üstünlikler, pudagy mundan beýläkde has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we bu ugurda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan buýsançly gürrüňler edildi.

ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we
tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog, kärhananyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy

Leave A Comment