23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda milli ykdysatyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik ulgamynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi.

Aşgabat şäher häkimliginiň binasynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümlerinde köp ýyllaryň dowamynda işläp, has tapawutlanan işgärlerine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň degişli Permanlaryna laýyklykda döwlet sylaglaryny we Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak dabarasy uly ruhubelentlikde geçirildi. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň başlygy A.Gurbangeldiýew Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek boýunça başyny başlan ägirt uly özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwrüň ruhuna laýyk derejede üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp zähmet çekýän ildeşlerimize döwlet sylaglarynyň gowşurulmagy we hormatly atlaryň dakylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Dabara gatnaşyjylar täze taryhy eýýamda Garaşsyz, hemişelik Biatarap Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşup, döredijilikli zähmet çekýän ildeşlerimiziň çekýän zähmetlerini döwlet derejesinde sarpalaýandyklary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan be

GURBANGELDI BAÝRAMDURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyň w.w.ý.ý.

Leave A Comment