Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýändigini bellemek gerek. Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi. Sergide görkezilen sungat eserleri, ýurdumyzyň ösüşine, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuna degişli maglumatlar halkymyzyň däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Soňra Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty türkmen halkynyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmagy esasy ugur edinýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli atçylyk we atçylyk sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi häzirden sazlaşykly işiň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipedir. Biz “Bedewlerimiz — kämilligiň nusgasy, gözelligiň ýokary derejesi” diýýäris. Şonuň üçin bedewlerimize bagyşlanýan eserler hem kämil we nepis bolmalydyr. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýady hasaplanýar. Garaşsyzlyk baýramy bilen bagly her bir işimiz, döredýän sungat eserimiz hem şol belent derejä mynasyp bolmalydyr. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize uly ynam bildirýär. Bu belent ynamdan ruhlanyp, asuda, abadan döwletimiziň tutýan toýlaryna dahylly bolmak belent mertebedir. Taryhdan belli bolşy ýaly, at çapyşyklary, umuman, ynsan gylykly bedewler türkmen toýlarynyň baş bezegine öwrülipdir. Türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke bedewlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ganatly bedewleriň taryhy şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmen çapyksuwarlary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän atçylyk sporty boýunça ýaryşlara, halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri milli atçylyk sportunyň we atçylyk sirk sungatynyň dünýäde giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi. Munuň özi türkmen ilinde taryhy ähmiýeti bolan çäreleriň toý-dabaralar bilen utgaşýandygynyň, halkymyzyň durmuşynyň goşa toýlara beslenýändiginiň güwäsidir. Durmuş toýy iň ähmiýetli we ýatda galyjy pursatlara beslenýän dabara hökmünde ykrar edilendir. Bu hakykat 2016-njy ýylyň aprelinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynda-da öz beýanyny tapdy. Asylly däbe görä, durmuşa çykýan gyzyň bagtynyň açyk bolmagy arzuw edildi. Gyz çykarmak, ogul öýermek ynsan durmuşynyň iň ýakymly pursatlary hasaplanýar. Adamlar tutumly toýlaryň rowaç almagyny we onuň her bir maşgala bagt, agzybirlik, rysgal-döwlet getirmegini dileg etdiler. Türkmen halkynyň maşgala dessurlarynyň çuňňur manysy bar. Çünki bu ýörelge nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy emele getirip, durmuş joşgunlylygyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu ýerde guralan dabaralarda degişmeler, şatlyk-şowhun esasy orunda boldy. Bu bolsa toýuň dabarasyny belende göterip, oňa gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Gelnalyjy dessury türkmen toýlarynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onda paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýagşy dessurlary her döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylýar. Häzirki bagtyýar zamanada bolsa bu ýörelgeleriň dabarasy has-da belende göterilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky durmuş toýy babatda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döredipdir. Munuň özi toý dessurlarynyň derejesini artdyrmak bilen bir hatarda, ýaşlary agzybirlige, birek-birege düşünişip ýaşamaga gönükdirilen çagyryş hökmünde kabul edilýär. Bu bolsa türkmen ilinde tutulýan toýlaryň özboluşly däpleriniň çuňňur mana eýedigini äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyz şol pursatlarda ýaşlary durmuş toýy bilen gutlady. Şeýlelikde, şöhratly “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynda ýene bir maşgala emele gelipdi. Ýaşlaryň ene-atalary toýa gatnaşýanlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar öz maşgalalarynyň bagtynyň türkmen bedewleri bilen berk baglanyşyklydygyny belläp, ýaşlara saýlap alan hünärinden bagt tapmaklaryny arzuw etdiler. Munuň özi türkmen toýlarynyň ýagşy dessurlar bilen utgaşýandygynyň beýanyna öwrüldi. Soňra toý dabaralarynyň şatlyk-şowhuny belende göterildi. Soňra dabaraly mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Beýik Britaniýa, RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda atçylyk sungatyna degişli meseleler boýunça şol ýurtlaryň atşynaslary hem-de hünärmenleri bilen maslahatlary geçirdi. Munuň özi Milli Liderimiziň her bir pursatda milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa edendigine, şeýle hem Patyşa Karl III bilen duşuşyp, atçylyk ugrunda iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyna üns çekildi. Şol bir