Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga innowasiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. …Ir bilen hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Şu ýylyň hasyly üçin Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda welaýatyň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanyp, galla oragy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlar netijeli ulanylýar. Tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu bolsa oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. Soňra hormatly Prezidentimiz «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowa degişli bolan bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde kärendeçi döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary, gallaçy kärendeçileri üçin buýsançly wakadygyny belledi. Ol häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde gallaçy babadaýhanlaryň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýändiklerini aýdyp, döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Soňra kärendeçi ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda däne ýygýan kombaýnlar bugdaý hasylyny ormaga girişdiler. Döwlet Baştutanymyz «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň geçirilişini synlady. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagy üçin satyn alyp berýän bugdaý orujy kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyşy, öndürijilik kuwwaty ýokary halkara standartlara doly laýyk gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda edilýän yzygiderli tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda ekerançylykda täze ylmy çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ekerançylygy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda alnyp barylýan işler, hususan-da, “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň ylmyň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň işiniň ilerledilmegini üpjün edýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler ekin dolanyşygyny innowasion esasda alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kärendeçi babadaýhanlary bol hasyl ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny işjeň özleşdirýärler. Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. Kärendeçi döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigini aýtdy. Daýhanyň bereketli toprakdan bol hasyl almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kämil tehnikalar, ýokary hilli tohum we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady. Ýurdumyzda oba hojalyk toplumynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini üpjün etmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy arkaly anyk çäreler görülýär. Sergi Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky hasylyndan alnan undan taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň yhlasly zähmetiniň netijesinde, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem amala aşyrylýan özgertmelere uly goşant goşmak bilen, ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu önümler ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler ähli welaýatlarda galla oragy dowam edip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy. Kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly zähmetini gaýgyrman, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady. Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatyna iş sapary ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli işlemegi, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleriň döredilýändiginiň, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Source

Read More
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagy güýçlendirmek boýunça milli kampaniýa badalga berildi

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagy güýçlendirmek boýunça milli kampaniýa badalga berildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we ÝUNISEF tarapyndan çagalaryň durmuşynyň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini üpjün etmekde eneleri goldamagy güýçlendirmäge gönükdirilen milli kampaniýa badalga berildi. Bu başlangyjyň çäklerinde taýýarlanan wideoşekilleriň tapgyry milli telewideniýede yzygiderli görkezilýär we jemgyýetçilik torlarynda ýerleşdirilýär. Ilkinji netijeler tomaşaçylaryň bu wideoşekillere uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Taslama ýaş maşgalalara we emdirýän enelere gönükdirilendigi sebäpli, wideoşekiller eýýäm köp sanly tomaşaçyny toplady, olaryň esasy ýörelgeleri bolsa internet giňişligindäki ýaş ene-atalaryň jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi. Wideoşekilleri taýýarlamaga degişli ugurlar boýunça lukmançylyk hünärmenleri we ýaş eneler gatnaşdylar. Wideoşekilleriň maksatnamasy çaganyň saglygyny goramagyň tutuş tapgyryny öz içine alýar. Keselleriň öňüni alyş işleri entek göwrelilik döwründen başlanýar: maşgala lukmanlary we ginekologlar geljekki enelere laktasiýa (ene süýdüniň emele gelmegine) taýýarlanmak boýunça amaly maslahatlary berýärler. Hünärmenler materiallarda iň möhüm düzgüne – çaganyň durmuşynyň ilkinji alty aýynda emeli garyndylary bermäge howlukmazlygyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekýärler. Ene süýdi tebigatyň özi tarapyndan döredilen kämil we howpsuz iýmitdir. Ol çagany ösüş üçin zerur bolan energiýa, witaminler we minerallar bilen doly üpjün edýär. – Ene süýdi çaga üçin iň kämil iýmit, sagdynlygyň we ene mähriniň gözbaşydyr. Ol doly bahaly iýmitlenmegi üpjün edýär, immuniteti berkidýär, sagdyn ösmäge we ösüşe ýardam edýär, şeýle hem köp sanly kesellerden goraýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek diňe bir çagalara däl, eýsem, enelere we maşgalalara hem uly bähbit getirýär – diýip, Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýüzlenmesinde bellenilýär. Mundan başga-da, kampaniýanyň çäklerinde maglumat-magaryf çärelerini geçirmek, saglygy goraýyş işgärlerini we ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça jemgyýetçilik geňeşçilerini okatmak, maşgalalary bu işe çekmek boýunça başlangyçlary amala aşyrmak, şeýle-de kanunçylyk we iş berijileriň syýasaty arkaly ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak çärelerini güýçlendirmek göz önünde tutulýar. Köp görkezijili klaster barlagynyň (MICS) iň soňky netijeleri ýurdumyzda çagany doglan badyna ene süýdi bilen iýmitlendirip başlamagyň ýokary derejededigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek tejribesini dowam etdirmekde käbir kynçylyklar ýüze çykýar. Täze doglan çagalaryň agramly bölegi dünýä ineninden soňky ilkinji sagatda ene süýdüni alýarlar. Emma durmuşynyň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çagalaryň paýy durnukly bolman, soňky ýyllarda birmeňzeş peselme meýline eýe boldy. – Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak bu umumy jogapkärçilikdir. Eneler diňe bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl, eýsem, atalaryň, mamalaryň we babalaryň, ýerli jemgyýetçilikleriň hem-de iş berijileriň goldawyna mätäçdirler. Öýde, saglygy goraýyş edaralarynda we iş ýerlerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin amatly şertleri döretmek arkaly, biz has köp zenanlara bu tejribäni dowam etdirmäge kömek edip bileris we çagalaryň has uly böleginiň durmuşa iň sagdyn gadam basmagyny üpjün edip bileris – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belledi. 2026-njy ýylyň maý – awgust aýlary aralygynda dowam etjek kampaniýa ene süýdi bilen iýmitlendirmek baradaky ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligini giňeltmäge, eneler üçin maslahat beriş goldawyny ösdürmäge, maşgalalary we ýerli jemgyýetçilikleri utgaşdyrmaga, şeýle hem ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin amatly syýasaty we zähmet şertlerini öňe sürmäge gönükdirilendir. Kampaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, sosial torlaryndaky jemgyýetçilik pikiri kemala getirijiler, hususy pudagyň iş berijileri we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bar. Şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Olar ýaş ene-atalara ygtybarly lukmançylyk maglumatlaryny öz wagtynda almaga kömek edýär, sagdyn eneligiň medeniýetini kemala getirýär we geljekki nesilleriň saglygy üçin berk binýat goýýar. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Halla Tomasdottire tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Source

Read More

Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň 8-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Zähmetsöýer gallaçylaryň ýetişdiren galla hasylyny bellenen möhletlerde, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek hakynda Karara gol çekdi. 8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Robert Floýd ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Türkmenistan bu Şertnama ilkinjileriň hatarynda gol çekdi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hemişe ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. Taraplar Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Ýurdumyz Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak ýaly möhüm Şertnamalara gatnaşyjylaryň biri hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär. Ýurdumyza amala aşyran saparynyň dowamynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bu Şertnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli sebitleýin maslahata gatnaşdy. 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada teklip hödürlenildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny has-da döwrebaplaşdyrmak, senagat we gurluşyk pudagyny, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek, dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyply görnüşleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň dünýäniň ylmy giňişligine işjeň goşulyşmagy, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek babatda anyk meýilnamalar barada aýdyldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýunda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Bellenilişi ýaly, Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi. Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Ýokary derejeli özara döwlet, resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär. Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparynyň netijeleri iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz birnäçe Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy, “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy. Gol çekilen resminamalara laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri öz serişdeleriniň hasabyna degişli hytaý kompaniýalary bilen garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulanyş hem-de gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan degişli möçberdäki polat, oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada şertnama baglaşarlar. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli halkymyzy ýurdumyzda her ýyl 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda doktorlyk we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda we ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işlerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy. Soňra

Read More
Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen «Ählumumy howpsuzlyga sebit goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy gurmak» atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. «Ýeni Azerbaýjan» partiýasy tarapyndan guralan foruma Azerbaýjan, Türkiýe, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý, Pakistan, Belarus we beýleki döwletleriň syýasy toparlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň hem-de partiýa düzümleriniň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etmek bilen garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň Azerbaýjanyň Günorta Kawkazy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwürmek boýunça alyp barýan tagallalary bilen sazlaşýandygyny belledi. Diplomat öz çykyşynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň, döwletleriň özygtyýarlygyna we çäk bitewiligine hormat goýulmagynyň, şeýle hem halklaryň kanuny bähbitleriniň nazara alynmagynyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň hukuk döwletiniň ýörelgelerini pugtalandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Maslahatyň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek maksady bilen halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň möhümdigini bellediler hem-de sebitlerde durnukly parahatçylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlary bilelikde öňe sürmegiň wajypdygyny tassykladylar. Source

Read More
Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň milli çykyşynda Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem Şertnamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygy aýratyn bellenildi. Çykyşda Türkmenistanyň CTBTO bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara gözegçilik ulgamynyň PS44 «Alibek» seýsmiki stansiýasynyň işleýşi hem-de gözegçilik we barlag ulgamlary boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýdyň ýurdumyza amala aşyran saparyna aýratyn üns berildi. Saparyň çäklerinde Aşgabat şäherinde CTBTO-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli sebit duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Şertnama we onuň barlag ulgamyna bolan umumy ygrarlylygyny tassyklady. Saparyň dowamynda milli maglumat merkezleri üçin sebit okuw maslahaty hem-de sebit ýaşlarynyň arasynda parahatçylyk, howpsuzlyk we ýadro ýaragsyzlanmagy meseleleri boýunça pikir alyşmagy ösdürmäge gönükdirilen Ýaşlar forumy geçirildi. Türkmenistan mundan beýläk hem CTBTO bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem ählumumy barlag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady. Source

Read More