12-nji iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda Niderlandlar Patşalygynyň Kronenberg şäherinde şu ýylyň 4-6-njy sentýabrynda geçiriljek Ahalteke atlarynyň arasasynda «Garaşsyz Watanda türkmen bedewi» atly sport we gözellik bäsleşiginiň Dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetine bagyşlanan gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny bütin dünýäde has-da dabaralandyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan we amala aşyrýan tutumly işlerine, şeýle hem dünýä atçylyk jemgyýetçiliginiň ünsüni türkmen bedewleriniň gözelligine we sport ukyplaryna çekmekdäki möhüm ähmiýete eýe bolan Niderlandlar Patşalygynyň Kronenberg şäherinde Ýewropanyň iň uly we häzirki zaman atçylyk toplumlarynyň biri Peelbergen atçylyk merkezinde 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga gönükdirilen halkara çäresiniň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetine bagyşlanan buýsançly gürrüňler edildi. ANNAGÜL ATAJANOWATürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň hünärmeni, kärhananyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy