Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk Watanymyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugrudyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG köptaraplaýyn kanunylyga eýe bolan ýeke-täk halkara guramadyr. Bu bolsa onuň dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň deňagramly we özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda ählumumy dialog meýdançasy hökmündäki möhüm ornuny kesgitleýär. Ýurdumyz BMG-niň işjeň we jogapkärli agzasy bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmek, netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda şu ýylyň sentýabr aýynda öz işine başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary munuň nobatdaky beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, birnäçe anyk ugurlary öz içine alýan bu resminama 1-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi. BMG-niň işinde öňde duran döwür üçin öz çemeleşmelerini işläp taýýarlamak bilen, Türkmenistan durnuklylygy, abadançylygy, ösüşi üpjün etmegiň esasy, kesgitleýji şerti hökmünde bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyz daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk, açyklyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz eýermegi, dawa-jenjelleri, gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge berk ygrarlylygy esasy ugur hökmünde kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda beýan ediljek Türkmenistanyň täze teklipleri-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olarda Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal öňe sürlen hem-de Baş Assambleýanyň Kararnamalarynda berkidilen başlangyçlaryň logiki dowamy öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda şu ýylyň maý we iýul aýlarynda biragyzdan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» we «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalar bar. Türkmenistan halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek arkaly ynanyşmagy, dialogy hem-de öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Geçen döwrüň içinde ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmak, bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, sebit we ählumumy meseleleriň beýleki wajyp ugurlary boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Bu başlangyçlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy aýdyň beýanyny tapdy. Munuň özi bu filosofiýanyň döwrüň talabyna görä köptaraplydygyny hem-de möhüm ähmiýete eýedigini subut edýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2027 — 2037-nji ýyllary “Birleşen Milletler Guramasynyň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek teklip ediler. Şunda ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlary boýunça sebitleýin we sebitara dialogy ösdürmek üçin meýdançalary döretmek babatda yzygiderli iş alyp barýandygyny nygtamak gerek. Aşgabatda 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi muňa bir mysaldyr. Tejribeden görnüşi ýaly, döredilmegi baradaky başlangyç Milli Liderimize degişli bolan bu merkeziň açylmagy öz wagtynda edilen öňdengörüjilikli ädimdir. Merkez tarapyndan alnyp barylýan işler halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha eýe boldy. 19 ýyldan bäri netijeli iş alyp barýan merkez özüni döwrüň wajyp meselelerini çözmekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa döwletleri bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde tanatdy. Häzirki wagtda merkeziň binýadynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda ýaşlar üçin BMG-niň işi, halkara hukuk, diplomatiýa we parahatçylygy gurmak baradaky bilimlerini ýokarlandyrmaga, liderlik häsiýetlerini ösdürmäge mümkinçilik berýän bilim taslamasy bolan Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatnamalaýyn iş topary we beýlekiler döredildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Ösüş maksatnamasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. Ol sebitiň taryhynda ilkinji özboluşly meýdança bolmak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, zenanlara parahatçylykly we durnukly ösüş işinde öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebit merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Onuň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak üçin ýurdumyz nobatdaky sessiýada «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Parahatçylyk döredijilik hem-de köptaraply diplomatiýany ilerletmek işinde Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Şunda ozal ýurdumyz tarapyndan Halkara araçylyk gününi hem-de Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky teklipleriň öňe sürlendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde beýan eden bu başlangyçlary gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olary kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtamaga, dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynamy, özara düşünişmegi, inklýuziw dialogy berkitmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda öňe sürlüpdi. Bu teklip forumyň netijeleri boýunça kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resmi resminamasy derejesine eýe bolan Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu başlangyjy amala aşyrmak ugrunda nobatdaky ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek bilen bagly geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde sanly özgertmeler, sanly ulgama geçmek, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistan bu ugurda deňhukuklylyk, ynanyşmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we emeli aňyň parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe zyýan ýetirmek üçin ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň gerimini barha giňeldýän köptaraply diplomatiýasynda hem bu ugra aýratyn üns berilýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürer. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň ýardam bermeginde Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalarynyň adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly özgerdýändigi şübhesizdir. Halkara giňişlikde emeli aň diplomatik işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň guraly, maslahatlaşmalaryň we düzgünleşdirmegiň mowzugy hökmünde ýüze çykýar. Emeli aňyň esasy tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de uly göwrümli maglumatlary ýokary tizlikde işläp taýýarlamaga hem-de seljermäge

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer. Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. * * * Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy babatda pikir alşyldy. Şunda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Read More

Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi

Ahal welaýaty, 19-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitabynda ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň esasynda şypahana ulgamyny ösdürmek we ýurdumyzyň halkara derejeli şypahana merkezi hökmündäki ägirt uly kuwwaty beýan edilýär. Türkmen topragy bejeriş häsiýetli mineral çeşmelere baýdyr. Olaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyz ir bilen türkmen tebigatynyň gözel künjeginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Halkymyzyň saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan we lukman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp, şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna, olaryň üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” hem-de “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, dört gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri bar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de toplumyň otaglarynda döredilýän mümkinçilikler bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tamamlaýjy tapgyrda ýaýbaňlandyrylan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, meýilleşdirilen gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli berjaý edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary depginde alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri üns merkezinde saklanmalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda şypahananyň ähli çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Hormatly Prezidentimiz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk hem ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejeriş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Binanyň anyklaýyş otaglarynyň hemmesi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde lukmanlaryň netijeli işlemegi, şeýle hem saglygyny berkidýän raýatlar üçin hem ähli amatlyklar döredilýär. Bölümlerde ornaşdyrylan enjamlaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarydygyny we olaryň sebitde iň täzeleridigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hiline zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladanyň, şypahana düzümlerinde saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanydyr. Şypahana düzümine degişli täze binalary gurmak we desgalary düýpli döwrebaplaşdyrmak işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Şunda lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmagy, ynsan saglygyny goramakda ýokary derejeli anyklaýyş usullarynyň ulanylmagy möhümdir. Binanyň SPA bölümine degişli otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu bölümde mineral suwlar bilen bejeriş, gidro, gala we aromaterapiýa ýaly otaglara bardy we ilata hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini synlady. Şeýle hem bu bölümde dürli görnüşli hammamlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu binada degişli sanly hyzmatlaryň mümkinçilikleriniň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, munuň üçin otaglarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan ugur alnyp, ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Bu ýerdäki sanlylaşdyrylan enjamlar boýun we bil-oňurga synalarynyň saglygyny berkitmekde ähmiýetli hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyň dowamynda onuň ýatymlaýyn otaglarynyň üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Otaglarda raýatlarymyz üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, otaglaryň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, içki bezeg aýratynlyklaryna ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Hususan-da, ýatymlaýyn otaglarda döredilýän şertler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu ýerde saglygyny berkidýän raýatlarymyzyň wagtyny peýdaly geçirmekleri, dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilmelidir. Bölümiň türgenleşik zalynyň enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Onda gurnalan enjamlaryň her biri adam synalaryna oňyn täsirini ýetirýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli berjaý etmek adamlaryň ýürek urşuny, gan basyşyny kadalaşdyrýar we ruhuny göterýär. Şeýle hem binada çagalar üçin niýetlenen oýun otagynyň enjamlaşdyrylandygyny bellemek ýakymly. Şypahanada maşgala bolup dynç alýanlaryň çagalarynyň oýun otagynda dürli güýmenjeleriň kömegi arkaly wagtyny şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler bar. Soňra hormatly Prezidentimiz şypahananyň mineral suw içilýän bölümine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mineral suwuň ýokumlylyk derejesi, olaryň ýylylygy we mineral suwlary içmegiň kadasy barada lukmanlaryň maslahatlarynyň yzygiderli guralmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi mineral suwlary içmegiň saglygy goraýyş we şypahana ulgamynyň kesgitlenen kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmegini üpjün eder. Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini we saglyklaryny berkidýändiklerini nazara alanyňda, bu ýere gelýänleriň sanynyň artýandygyny belledi we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi tabşyrdy. Şypahananyň çäklerinde degişli ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertleriň derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Dynç alýanlar şypahananyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydyrlar, olar ulaglaryny awtoulag duralgalarynda goýup, arkaýyn dynç alyp bilmelidirler. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleri we kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Read More

Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär

Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda — eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi. Sergi şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemleýän meýdança bolup hyzmat edýär. Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen meýdança köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar. Çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlary we tansly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. “Jahan” döredijilik merkeziniň sungat gurnaklaryna gatnaýan çagalaryň çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Mälim bolşy ýaly, döredijilik merkeziniň çagalary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän festiwallara, medeni çärelere işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak işine goşant goşýarlar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder. Hormatly Prezidentimiz halkara gözden geçirilişiň ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini baýlaşdyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtap, häzirki döwrüň bilim ulgamynyň sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwürmek bilen, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýandygyny belledi. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar. Soňra ýygnananlar halkara sergi-ýarmarkanyň gyzykly we özüne çekiji diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary taýýarlaýan, şeýle-de ýokumly iýmit garyndylaryny öndürýän kärhanalarynyň 100-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleriniň satyn alynmagy üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz körpe nesli atalyk aladalary bilen gurşap, durmuş ýagdaýlary sebäpli hossarsyz galan çagalaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Şu maksatlar bilen, gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn ähmiýet berýär. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy häzirki wagtda çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hem-de gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär. Kärhana Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berlendir. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda öndürilýän, görnüş babatda yzygiderli baýlaşdyrylýan ýokary hilli çaga iýmiti hem-de lukmançylyk serişdeleri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleriniň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Halkara sergi-ýarmarka golaýlap gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelere dürli okuw esbaplaryny we lybaslaryny satyn almak üçin amatly teklipleri hödürleýär. Şunuň bilen baglylykda, Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär. Gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary döredilipdir. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýerli hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler öz beýanyny tapýar. Şeýle döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde mekdep okuwçylary halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş nesliň kadaly dynç almagy hem hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine degişli sergi diwarlyklarynda tomusky dynç alyş möwsüminden şadyýan pursatlar şöhlelendirilipdir. Şu möwsümde çagalaryň müňlerçesi Gökderede, Awazada we Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitdi. Munuň özi olaryň okuw ýylyna täze güýç, uly ruhubelentlik bilen başlamaklaryny şertlendirýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň diwarlygynda çagalar üçin hödürlenilýän multfilmler we dürli suratlar bilen milli öwüşginde bezelen kitaplar tanyşdyrylýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirýär hem-de beýleki döwletler, abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ozaldan gelýän hyzmatdaşymyz — eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar. Dört günläp dowam etjek forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Şunda sergä gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi däl-de, eýsem, olaryň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi hem özüne çekýär. Täze doglan çagalar üçin harytlaryň uly toplumy — geýimler, gap-gaçlar, bäbejikleri iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmit garyndylary, arassaçylyk serişdeleri we beýleki önümler, ilkinji nobatda, ýaş ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Halkara sergi-ýarmarkanyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hatarynda Eýran Yslam Respublikasy, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly döwletlerden iri kompaniýalar bar. Halkymyzyň köp çagalylyga, köp çagaly maşgalalara hemişe aýratyn hormat bilen garaýandygyny nazara alyp, sergini guraýjylar pawilýonlaryň bezeginde bu ugra aýratyn üns beripdirler. Sergi diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäreleriniň toplumyny özünde

Read More

Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden halk wekillerini bir ýere jemlejek umumymilli foruma diňe bir şu ýylyň dowamynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylan sepgitlere däl, eýsem, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri geçilen 35 ýyllyk ýola nazar aýlamak, uzak möhletleýin geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemek üçin hem taryhy ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge düýpli taýýarlyk görüp başlamalydygyny nygtap, bu babatda degişli tabşyryklary beripdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, 15-nji iýulda umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk topary bilen bilelikde ýerine ýetirmeli işleri barada durlup geçildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, degişli dolandyryş we halk wekilçilikli edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde onuň ýerine ýetirýän işiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň, çykyşlaryň, duşuşyklaryň guralmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite makalalar, teleradiogepleşikler yzygiderli esasda taýýarlanylyp, giň jemgyýetçilige ýetirilýär. Bu bolsa halka we ýurda dahylly wajyp çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Munuň özi dünýewi, demokratik döwletleriň ählisine mahsus ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bellenilişi ýaly, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzdaky özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Ýokary halk wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň kanunyň öňündäki deňligi, adam hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine möhüm ähmiýetli çözgütler kabul edilýän syýasy meýdança bolup durýar. Halk üçin, halkyň bähbidine hem-de halk köpçüligi tarapyndan amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçda ýurduň hiç bir raýaty çetde durman, oňa işjeň gatnaşmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady. Şeýle hem Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamagyň we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygy bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan esaslandyrylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünliklere beslenýän täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymdan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygardan gözbaş alýar. Bu işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Şu ýylyň şygary Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende götermäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl Diýarymyzyň sebitlerinde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň köp sanlysy ulanmaga berildi we olaryň gurluşygyna girişildi. Şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýynyň, köp sanly söwda we hyzmat öýleriniň, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziniň açylmagy meýilleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak boýunça başyny başlan toplumlaýyn işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş merkezleri yzygiderli gurulýar. Şu ýyl paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň, “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy şu ýylda meýilleşdirilen açylyş dabaralarynyň üstüni ýetirer. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, umumybilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň gurulmagy ylym-bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça işleriň ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Şanly ýylyň ýyl ýazgysyna giren möhüm wakalar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyryny, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde gurluşygyna ak pata berlen täze, döwrebap şäherçäni aýratyn bellemek gerek. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda 161 döwlet hem-de halkara guramalaryň 55-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy

Read More

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ata Watanymyzda ýokary hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, iň kämil tilsimatlardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda ýaş raýatlaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işlemegi, bilim-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan mekanynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanýan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň asylly däbe öwrülip, Diýarymyzda her ýyl giň gerimde guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder. Häzirki döwrüň bilim ulgamy sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwrülip, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýar. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar. Munuň şeýledigine şu gün dabaraly açylyp, öz işine başlaýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň mysalynda-da doly göz ýetirmek bolýar. Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Türkmenistan çagalyk, ýetginjeklik döwrüni adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem-de çagalary jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şu günki açylýan halkara sergi-ýarmarkada hem çagalaryň aň taýdan ösüşine, döredijiligiň, aýdym-sazyň, sungatyň, sportuň olaryň durmuşyndaky ähmiýetine bagyşlanan bölümleriň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýurdumyzda emele getirilen sagdyn, abadan durmuş gurşawy çagalaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerine, olaryň ukyp-başarnyklaryny, köptaraply zehinini ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge şert döredýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka şol köptaraply mümkinçilikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen birlikde, özboluşly bäsleşikleriň, gyzykly ýaryşlaryň guralýan ýerine, ene-atalar we çagalar üçin baýramçylyk çäresine öwrüler. Eziz watandaşlar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Ruhy däpleriň dowamaty

Arkadag şäheri, 14-nji awgust (TDH). Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Ol döwrebap şäheriň täze metjidiniň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylyp, hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna bagyşlandy. Arkadag şäherindäki «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezinde berlen toý sadakasyna gelenler bu ýerde görnükli ýerleşdirilen, täze metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamany ýüzlerine syldylar. Mälim bolşy ýaly, 13-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanşanyndan soň, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, Arkadag şäherinde bina edilýän 30 müň adama niýetlenen metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli tertipde resmileşdirilendigi baradaky hoş habar ýetirildi. Sadakada Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Onda ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň agzybirligi we saçaklarynyň rysgal-berekede baý bolmagy, Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi, Arkadag şäheriniň metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagynyň gutly-mübärek bolmagy, metjidiň halkymyzyň abadançylygynyň, agzybirliginiň we ruhy bitewüliginiň bähbidine hyzmat etmegi dileg edildi. Soňra sadaka gatnaşyjylara, däp bolşy ýaly, dürli milli tagamlar hödür edildi. Duz-tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp, «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ynsanperwer ýörelgeleriň merkezine öwrülmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi hem-de Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde hemişe üstünlikleriň ýar bolmagy dileg edildi. Soňra sadaka gatnaşan ýaşulular bu ýerden Gökdepe metjidine ugradylar. Olar bu mukaddes ýerde uly sogaply juma namazyny okadylar. Toý sadakasyndaky iň päk we ýagşy arzuw-dilegler juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ol ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrundaky tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezdi. Gökdepe metjidinde agzybirlik bilen juma namazynyň okalmagy gadymy milli däbiň we musulmançylyk borjunyň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy. Namaz wagty ýagşy dilegleriň, umyt-arzuwlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi. Munuň özi türkmen halkynyň yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan gymmatlyklara aýratyn gadyr goýmak däbiniň taryhyň jümmüşinden gelýändiginiň we dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna laýyk ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ildeşlerimiziň mukaddes parzy ýerine ýetirmegi türkmen ilinde agzybirlik ýörelgeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň hem-de Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň milli gymmatlyklary esasy ugur edinýän başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu günki juma namazynda-da mukaddes Gurhandan aýatlar okalyp, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň agzybir, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli giň gerimli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi. Şeýlelikde, Arkadag şäherinde gurulýan uly metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna bagyşlanyp berlen toý sadakasyndaky iň ýagşy dilegler juma namazynda Gurhandan okalan aýatlaryň sogaby bilen utgaşyp, ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman hajy Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda haýyrly we sogaply işler esasynda ynsanperwer ýörelgeleri ugur edinýän belent maksatlaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Read More

Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen

Geçen hepde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nobatdaky tapgyry bilen tapawutlandy. Parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleri, ekologiýa diplomatiýasyny we sporty işjeň ilerletmegi özünde jemlän geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ugruny aýdyň görkezdi. 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň özboluşly ekoulgamyny goramak üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýän Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi bilen, her ýyl bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreler geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda deňiz gurşawyny aýawly saklamaga hem-de dikeltmäge gönükdirilen bu möhüm halkara resminamanyň güýje girmegine 20 ýyl doldy. «Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, gojaman Hazar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde giňden tanalýar. Ol özüniň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik dürlüligi, ykdysady, geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Taryhyň dowamynda Hazar halklary birleşdirip, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly şertleri döredip geldi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Hazar sebitinde ýaşaýan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümliklerdir haýwanlaryň, şol sanda Hazar düwlenleriniň, balyklaryň, guşlaryň dürli görnüşleriniň, beýleki haýwanlaryň goragyny üpjün etmekde “Hazar” döwlet goraghanasynyň ähmiýetine we Hazar ylmy hyzmatdaşlygyny döretmek baradaky tekliplere ünsi çekdiler. Şeýle-de çykyşlarda Hazar sebitinde söwda-ykdysady, ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajyplygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde, ekologik abadançylygy üpjün etmekde ýaşlaryň orny aýratyn bellenildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňziniň güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary, hususan-da, Hazar sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan maslahata gatnaşyjylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady. Soňra Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň belleýşi ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygy bellenildi. Mundan başga-da, Abdul Gani Baradar Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle-de ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana hoşallygyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen myhmansöýerlik üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi. Türkmenistan hem-de Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Halkara ähmiýetli düýpli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýan gaz pudagy özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň ähmiýeti bellenildi. Bu taslama sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi bilen, bu welaýatda uly senagat zolagyny özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmeginde, goňşy ýurtda abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orna eýedir. Duşuşykda yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi. 2017-nji ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek hem-de bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmegi, ýükleriň ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini ösdürmäge aýratyn üns bermegi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň ýöredilmegini, “Bir penjire” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamagy teklip edipdi. Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi. Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk

Read More

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerini we beýleki degişli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Prabowo Subianto tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More