Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty

Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergini synladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän, bilim ulgamynyň ähli işgärleri we ýaş nesil üçin gollanma öwrülen kitaplaryna aýratyn orun berildi. Döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň netijesinde talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň halkara ders olimpiadalarynda, bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerini, oýlap tapyşlaryny görkezýän gymmatlyklar hem uly gyzyklanma döretdi. Aýdym-sazly çykyşlarda asuda Watanymyzyň waspy ýetirildi. Maslahatyň başynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli bilim özgertmeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde hemmetaraplaýyn bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesil kemala gelýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, sagdyn nesli terbiýelemek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda häzirki zaman kompýuterleri, barlaghana enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky meseleler hem maslahatda esasy üns berlen ugur boldy. Şunuň bilen birlikde, dünýä tejribesi esasynda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny, kitaplary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilip, ylmy-taslama işlerini alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuw-usulyýet toplumlary taýýarlanyldy. Umumybilim edaralarynda dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek işlerine uly orun berlip, okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň peýdalanylmagyny gazanmak babatda tagallalar dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar, olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş mugallymlara halypalyk edýän pedagogik işgärler sylaglanyldy. Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ruhy-ahlak terbiýesi boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm orun berildi. Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär. Bitarap Türkmenistanyň sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş etmegi, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň çözgüdine goşant goşmagy Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrýar. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk derejede bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri hem olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan wezipeler öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Bilimi ösdürmekde ulanylýan täze, geljegi uly ugurlaryň biri-de emeli aň tehnologiýalarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyz bu ugurda halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Maslahatda bilim ulgamynda ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň ugurlaryna hem aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bilim edarasynda berilýän her bir ders ýaşlaryň diňe bir hünär bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem, olaryň pikirleniş medeniýetine, durmuş garaýyşlaryna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de täsirini ýetirýär. Çykyşlarda inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada durlup geçildi. Inklýuziw bilim — bu ukyplaryna we mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde okadylmagydyr. Inklýuziw bilimiň çäginde çagalaryň fiziki, akyl, medeni-ahlak, dil we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, orta mekdeplerde beýleki çagalar bilen bilim almagyna mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi. Gaznanyň işi jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda, ýaşlary ata-babalarymyza mahsus belent adamkärçilik, asyllylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde hem nusgalyk görelde bolup durýar. Maslahatda takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin okuw dersleri öwredilende, kompýuter tehnikalaryndan, innowasion usullardan netijeli peýdalanmak zerurdyr. Şeýle hem halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bilim, medeniýet, döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmak, täze dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hem-de okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyldy. Maslahatyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň usullary barada-da durlup geçildi. Mekdebe çenli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen birlikde, bilim işiniň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna hem gönükdirilendir. Çagalar baglarynda ýörite okuw maksatnamalaryna laýyklykda ilkinji düşünjeler berilýär, endik-başarnyklar kemala getirilýär. Körpeleriň aň-bilim, beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek üçin okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatyndaky çykyşlarda beýan edilenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleriň milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigini aýdyň görkezdi. Onuň ahyrynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynda bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident! Men hanym Petra Dahtleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin. Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti. Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda yzygiderli giňeldýär. Türkmenistan hem-de Germaniýa halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýarlar. Ýurdumyz GFR bilen halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerinde-de hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan bu formata sebit ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýar. Iki ýurt söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň wajyp guraly hökmünde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň alyp barýan işiniň orny nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygy netijeli gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly bolup durýar. Onuň çäklerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, iň gowy Ýewropa lukmançylyk tejribesini öwrenmek üçin germaniýaly bilermenler bilen yzygiderli gatnaşyk alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup, dostlukly halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga hyzmat edýär. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklara, hususan-da, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, döwrebap bilimleridir tejribäni alyşmak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän german-türkmen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mirza Fahrul Islam Alamgire Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mirza Fahrul Islam Alamgire tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Bangladeşiň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)

Read More

Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap

Geçen hepdäniň wakalary «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede öz beýanyny tapýan, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän özgertmeler maksatnamalarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysallary boldy. 19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna baryp, goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyza 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” hem-de “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň, çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, 4 gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri görkezildi. Taslamalar bilen içgin tanşyp, hormatly Prezidentimiz olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde guraljak binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri boýunça aýratyn tabşyryklar berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejeriş işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigi bellenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini hem-de saglygyny berkidýändiklerini nazara alyp, bu ýere gelýänleriň sanynyň artýandygyny aýtdy we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi tabşyrdy. 20-nji awgustda döwlet Baştutanymyz ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi aýdyldy. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde-de özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan özara ymtylyşy nazara almak bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. 21-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, şunda otaglaryň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglar bilen içgin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz, ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda çagalaryň saglygyny dikeltmekde-de emeli aňyň mümkinçiliklerinden, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyna ünsi çekip, merkeziň otaglarynda gurnalan enjamlaryň netijeli, uzak möhletleýin esasda ulanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi geçirilen bejergileriň taryhy bilen islendik döwürde sanly ulgam arkaly tanyşmak mümkinçiligini üpjün eder. Bu bolsa lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça tejribe toplamaklarynda ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde, anyk netijäni nazarlaýan görnüşde geçirilmegi bilen bir hatarda, arassaçylyk ýagdaýyna-da möhüm üns bermegi tabşyrdy. Bölümleriň arassaçylygy, olarda howa çalşygynyň üpjün edilmegi saglygy goraýyş işgärlerine bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bölümleriň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak maksady bilen, olary rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini ýene-de bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk tabşyryklary berip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy. 22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açylmagy meýilleşdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşan germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak hem-de bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda onkologiýa, howply keselleriň öňüni almak we bejermek bilen bagly ugurlarda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Lukman Arkadagymyz bu gurama bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary

Read More

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI «KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ATLY HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNA GATNAŞDYLAR

21-nji awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda öz işine başlan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen – eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen sergi, çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemledi. Geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň golaýlap gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ene-atalara dürli okuw esbaplaryny we lybaslaryny satyn almak üçin iň amatly teklipleri hödürleýän netijeli meýdança öwrülendigini bellemek gerek. Sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzda dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agalarynyň we milli azyk senagatynyň önümlerine aýratyn möhüm orun berilmegi serginiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary halkara sergi-ýarmakasyna gatnaşyjy daşary döwletlerden gelen myhmanlarda uly gyzyklanma döretmegi, işi uly üstünliklere beslenýän bu haýyr sahawat gaznasynyň amala aşyrýan beýik işleriniň barha rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle halkara forumlarynyň yzygiderli geçirilmegi Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny dolulygyna görkezýär. EZIZ MERDANGELDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni, kärhananyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy

Read More

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk Watanymyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugrudyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG köptaraplaýyn kanunylyga eýe bolan ýeke-täk halkara guramadyr. Bu bolsa onuň dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň deňagramly we özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda ählumumy dialog meýdançasy hökmündäki möhüm ornuny kesgitleýär. Ýurdumyz BMG-niň işjeň we jogapkärli agzasy bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmek, netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda şu ýylyň sentýabr aýynda öz işine başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary munuň nobatdaky beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, birnäçe anyk ugurlary öz içine alýan bu resminama 1-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi. BMG-niň işinde öňde duran döwür üçin öz çemeleşmelerini işläp taýýarlamak bilen, Türkmenistan durnuklylygy, abadançylygy, ösüşi üpjün etmegiň esasy, kesgitleýji şerti hökmünde bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyz daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk, açyklyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz eýermegi, dawa-jenjelleri, gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge berk ygrarlylygy esasy ugur hökmünde kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda beýan ediljek Türkmenistanyň täze teklipleri-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olarda Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal öňe sürlen hem-de Baş Assambleýanyň Kararnamalarynda berkidilen başlangyçlaryň logiki dowamy öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda şu ýylyň maý we iýul aýlarynda biragyzdan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» we «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalar bar. Türkmenistan halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek arkaly ynanyşmagy, dialogy hem-de öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Geçen döwrüň içinde ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmak, bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, sebit we ählumumy meseleleriň beýleki wajyp ugurlary boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Bu başlangyçlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy aýdyň beýanyny tapdy. Munuň özi bu filosofiýanyň döwrüň talabyna görä köptaraplydygyny hem-de möhüm ähmiýete eýedigini subut edýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2027 — 2037-nji ýyllary “Birleşen Milletler Guramasynyň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek teklip ediler. Şunda ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlary boýunça sebitleýin we sebitara dialogy ösdürmek üçin meýdançalary döretmek babatda yzygiderli iş alyp barýandygyny nygtamak gerek. Aşgabatda 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi muňa bir mysaldyr. Tejribeden görnüşi ýaly, döredilmegi baradaky başlangyç Milli Liderimize degişli bolan bu merkeziň açylmagy öz wagtynda edilen öňdengörüjilikli ädimdir. Merkez tarapyndan alnyp barylýan işler halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha eýe boldy. 19 ýyldan bäri netijeli iş alyp barýan merkez özüni döwrüň wajyp meselelerini çözmekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa döwletleri bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde tanatdy. Häzirki wagtda merkeziň binýadynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda ýaşlar üçin BMG-niň işi, halkara hukuk, diplomatiýa we parahatçylygy gurmak baradaky bilimlerini ýokarlandyrmaga, liderlik häsiýetlerini ösdürmäge mümkinçilik berýän bilim taslamasy bolan Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatnamalaýyn iş topary we beýlekiler döredildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Ösüş maksatnamasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. Ol sebitiň taryhynda ilkinji özboluşly meýdança bolmak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, zenanlara parahatçylykly we durnukly ösüş işinde öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebit merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Onuň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak üçin ýurdumyz nobatdaky sessiýada «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Parahatçylyk döredijilik hem-de köptaraply diplomatiýany ilerletmek işinde Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Şunda ozal ýurdumyz tarapyndan Halkara araçylyk gününi hem-de Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky teklipleriň öňe sürlendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde beýan eden bu başlangyçlary gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olary kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtamaga, dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynamy, özara düşünişmegi, inklýuziw dialogy berkitmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda öňe sürlüpdi. Bu teklip forumyň netijeleri boýunça kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resmi resminamasy derejesine eýe bolan Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu başlangyjy amala aşyrmak ugrunda nobatdaky ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek bilen bagly geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde sanly özgertmeler, sanly ulgama geçmek, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistan bu ugurda deňhukuklylyk, ynanyşmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we emeli aňyň parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe zyýan ýetirmek üçin ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň gerimini barha giňeldýän köptaraply diplomatiýasynda hem bu ugra aýratyn üns berilýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürer. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň ýardam bermeginde Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalarynyň adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly özgerdýändigi şübhesizdir. Halkara giňişlikde emeli aň diplomatik işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň guraly, maslahatlaşmalaryň we düzgünleşdirmegiň mowzugy hökmünde ýüze çykýar. Emeli aňyň esasy tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de uly göwrümli maglumatlary ýokary tizlikde işläp taýýarlamaga hem-de seljermäge

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer. Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. * * * Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy babatda pikir alşyldy. Şunda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Read More

Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi

Ahal welaýaty, 19-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitabynda ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň esasynda şypahana ulgamyny ösdürmek we ýurdumyzyň halkara derejeli şypahana merkezi hökmündäki ägirt uly kuwwaty beýan edilýär. Türkmen topragy bejeriş häsiýetli mineral çeşmelere baýdyr. Olaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyz ir bilen türkmen tebigatynyň gözel künjeginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Halkymyzyň saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan we lukman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp, şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna, olaryň üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” hem-de “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, dört gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri bar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de toplumyň otaglarynda döredilýän mümkinçilikler bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tamamlaýjy tapgyrda ýaýbaňlandyrylan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, meýilleşdirilen gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli berjaý edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary depginde alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri üns merkezinde saklanmalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda şypahananyň ähli çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Hormatly Prezidentimiz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk hem ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejeriş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Binanyň anyklaýyş otaglarynyň hemmesi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde lukmanlaryň netijeli işlemegi, şeýle hem saglygyny berkidýän raýatlar üçin hem ähli amatlyklar döredilýär. Bölümlerde ornaşdyrylan enjamlaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarydygyny we olaryň sebitde iň täzeleridigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hiline zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladanyň, şypahana düzümlerinde saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanydyr. Şypahana düzümine degişli täze binalary gurmak we desgalary düýpli döwrebaplaşdyrmak işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Şunda lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmagy, ynsan saglygyny goramakda ýokary derejeli anyklaýyş usullarynyň ulanylmagy möhümdir. Binanyň SPA bölümine degişli otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu bölümde mineral suwlar bilen bejeriş, gidro, gala we aromaterapiýa ýaly otaglara bardy we ilata hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini synlady. Şeýle hem bu bölümde dürli görnüşli hammamlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu binada degişli sanly hyzmatlaryň mümkinçilikleriniň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, munuň üçin otaglarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan ugur alnyp, ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Bu ýerdäki sanlylaşdyrylan enjamlar boýun we bil-oňurga synalarynyň saglygyny berkitmekde ähmiýetli hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyň dowamynda onuň ýatymlaýyn otaglarynyň üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Otaglarda raýatlarymyz üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, otaglaryň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, içki bezeg aýratynlyklaryna ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Hususan-da, ýatymlaýyn otaglarda döredilýän şertler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu ýerde saglygyny berkidýän raýatlarymyzyň wagtyny peýdaly geçirmekleri, dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilmelidir. Bölümiň türgenleşik zalynyň enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Onda gurnalan enjamlaryň her biri adam synalaryna oňyn täsirini ýetirýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli berjaý etmek adamlaryň ýürek urşuny, gan basyşyny kadalaşdyrýar we ruhuny göterýär. Şeýle hem binada çagalar üçin niýetlenen oýun otagynyň enjamlaşdyrylandygyny bellemek ýakymly. Şypahanada maşgala bolup dynç alýanlaryň çagalarynyň oýun otagynda dürli güýmenjeleriň kömegi arkaly wagtyny şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler bar. Soňra hormatly Prezidentimiz şypahananyň mineral suw içilýän bölümine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mineral suwuň ýokumlylyk derejesi, olaryň ýylylygy we mineral suwlary içmegiň kadasy barada lukmanlaryň maslahatlarynyň yzygiderli guralmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi mineral suwlary içmegiň saglygy goraýyş we şypahana ulgamynyň kesgitlenen kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmegini üpjün eder. Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini we saglyklaryny berkidýändiklerini nazara alanyňda, bu ýere gelýänleriň sanynyň artýandygyny belledi we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi tabşyrdy. Şypahananyň çäklerinde degişli ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertleriň derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Dynç alýanlar şypahananyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydyrlar, olar ulaglaryny awtoulag duralgalarynda goýup, arkaýyn dynç alyp bilmelidirler. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleri we kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Read More

Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär

Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda — eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi. Sergi şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemleýän meýdança bolup hyzmat edýär. Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen meýdança köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar. Çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlary we tansly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. “Jahan” döredijilik merkeziniň sungat gurnaklaryna gatnaýan çagalaryň çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Mälim bolşy ýaly, döredijilik merkeziniň çagalary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän festiwallara, medeni çärelere işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak işine goşant goşýarlar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder. Hormatly Prezidentimiz halkara gözden geçirilişiň ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini baýlaşdyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtap, häzirki döwrüň bilim ulgamynyň sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwürmek bilen, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýandygyny belledi. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar. Soňra ýygnananlar halkara sergi-ýarmarkanyň gyzykly we özüne çekiji diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary taýýarlaýan, şeýle-de ýokumly iýmit garyndylaryny öndürýän kärhanalarynyň 100-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleriniň satyn alynmagy üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz körpe nesli atalyk aladalary bilen gurşap, durmuş ýagdaýlary sebäpli hossarsyz galan çagalaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Şu maksatlar bilen, gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn ähmiýet berýär. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy häzirki wagtda çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hem-de gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär. Kärhana Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berlendir. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda öndürilýän, görnüş babatda yzygiderli baýlaşdyrylýan ýokary hilli çaga iýmiti hem-de lukmançylyk serişdeleri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleriniň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Halkara sergi-ýarmarka golaýlap gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelere dürli okuw esbaplaryny we lybaslaryny satyn almak üçin amatly teklipleri hödürleýär. Şunuň bilen baglylykda, Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär. Gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary döredilipdir. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýerli hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler öz beýanyny tapýar. Şeýle döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde mekdep okuwçylary halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş nesliň kadaly dynç almagy hem hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine degişli sergi diwarlyklarynda tomusky dynç alyş möwsüminden şadyýan pursatlar şöhlelendirilipdir. Şu möwsümde çagalaryň müňlerçesi Gökderede, Awazada we Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitdi. Munuň özi olaryň okuw ýylyna täze güýç, uly ruhubelentlik bilen başlamaklaryny şertlendirýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň diwarlygynda çagalar üçin hödürlenilýän multfilmler we dürli suratlar bilen milli öwüşginde bezelen kitaplar tanyşdyrylýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirýär hem-de beýleki döwletler, abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ozaldan gelýän hyzmatdaşymyz — eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar. Dört günläp dowam etjek forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Şunda sergä gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi däl-de, eýsem, olaryň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi hem özüne çekýär. Täze doglan çagalar üçin harytlaryň uly toplumy — geýimler, gap-gaçlar, bäbejikleri iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmit garyndylary, arassaçylyk serişdeleri we beýleki önümler, ilkinji nobatda, ýaş ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Halkara sergi-ýarmarkanyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hatarynda Eýran Yslam Respublikasy, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly döwletlerden iri kompaniýalar bar. Halkymyzyň köp çagalylyga, köp çagaly maşgalalara hemişe aýratyn hormat bilen garaýandygyny nazara alyp, sergini guraýjylar pawilýonlaryň bezeginde bu ugra aýratyn üns beripdirler. Sergi diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäreleriniň toplumyny özünde

Read More

Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden halk wekillerini bir ýere jemlejek umumymilli foruma diňe bir şu ýylyň dowamynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylan sepgitlere däl, eýsem, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri geçilen 35 ýyllyk ýola nazar aýlamak, uzak möhletleýin geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemek üçin hem taryhy ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge düýpli taýýarlyk görüp başlamalydygyny nygtap, bu babatda degişli tabşyryklary beripdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, 15-nji iýulda umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk topary bilen bilelikde ýerine ýetirmeli işleri barada durlup geçildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, degişli dolandyryş we halk wekilçilikli edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde onuň ýerine ýetirýän işiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň, çykyşlaryň, duşuşyklaryň guralmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite makalalar, teleradiogepleşikler yzygiderli esasda taýýarlanylyp, giň jemgyýetçilige ýetirilýär. Bu bolsa halka we ýurda dahylly wajyp çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Munuň özi dünýewi, demokratik döwletleriň ählisine mahsus ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bellenilişi ýaly, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzdaky özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Ýokary halk wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň kanunyň öňündäki deňligi, adam hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine möhüm ähmiýetli çözgütler kabul edilýän syýasy meýdança bolup durýar. Halk üçin, halkyň bähbidine hem-de halk köpçüligi tarapyndan amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçda ýurduň hiç bir raýaty çetde durman, oňa işjeň gatnaşmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady. Şeýle hem Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamagyň we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygy bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan esaslandyrylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünliklere beslenýän täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymdan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygardan gözbaş alýar. Bu işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Şu ýylyň şygary Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende götermäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl Diýarymyzyň sebitlerinde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň köp sanlysy ulanmaga berildi we olaryň gurluşygyna girişildi. Şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýynyň, köp sanly söwda we hyzmat öýleriniň, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziniň açylmagy meýilleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak boýunça başyny başlan toplumlaýyn işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş merkezleri yzygiderli gurulýar. Şu ýyl paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň, “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy şu ýylda meýilleşdirilen açylyş dabaralarynyň üstüni ýetirer. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, umumybilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň gurulmagy ylym-bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça işleriň ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Şanly ýylyň ýyl ýazgysyna giren möhüm wakalar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyryny, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde gurluşygyna ak pata berlen täze, döwrebap şäherçäni aýratyn bellemek gerek. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda 161 döwlet hem-de halkara guramalaryň 55-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy

Read More