Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk Watanymyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugrudyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG köptaraplaýyn kanunylyga eýe bolan ýeke-täk halkara guramadyr. Bu bolsa onuň dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň deňagramly we özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda ählumumy dialog meýdançasy hökmündäki möhüm ornuny kesgitleýär. Ýurdumyz BMG-niň işjeň we jogapkärli agzasy bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmek, netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda şu ýylyň sentýabr aýynda öz işine başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary munuň nobatdaky beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, birnäçe anyk ugurlary öz içine alýan bu resminama 1-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi. BMG-niň işinde öňde duran döwür üçin öz çemeleşmelerini işläp taýýarlamak bilen, Türkmenistan durnuklylygy, abadançylygy, ösüşi üpjün etmegiň esasy, kesgitleýji şerti hökmünde bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyz daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk, açyklyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz eýermegi, dawa-jenjelleri, gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge berk ygrarlylygy esasy ugur hökmünde kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda beýan ediljek Türkmenistanyň täze teklipleri-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olarda Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal öňe sürlen hem-de Baş Assambleýanyň Kararnamalarynda berkidilen başlangyçlaryň logiki dowamy öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda şu ýylyň maý we iýul aýlarynda biragyzdan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» we «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalar bar. Türkmenistan halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek arkaly ynanyşmagy, dialogy hem-de öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Geçen döwrüň içinde ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmak, bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, sebit we ählumumy meseleleriň beýleki wajyp ugurlary boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Bu başlangyçlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy aýdyň beýanyny tapdy. Munuň özi bu filosofiýanyň döwrüň talabyna görä köptaraplydygyny hem-de möhüm ähmiýete eýedigini subut edýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2027 — 2037-nji ýyllary “Birleşen Milletler Guramasynyň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek teklip ediler. Şunda ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlary boýunça sebitleýin we sebitara dialogy ösdürmek üçin meýdançalary döretmek babatda yzygiderli iş alyp barýandygyny nygtamak gerek. Aşgabatda 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi muňa bir mysaldyr. Tejribeden görnüşi ýaly, döredilmegi baradaky başlangyç Milli Liderimize degişli bolan bu merkeziň açylmagy öz wagtynda edilen öňdengörüjilikli ädimdir. Merkez tarapyndan alnyp barylýan işler halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha eýe boldy. 19 ýyldan bäri netijeli iş alyp barýan merkez özüni döwrüň wajyp meselelerini çözmekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa döwletleri bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde tanatdy. Häzirki wagtda merkeziň binýadynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda ýaşlar üçin BMG-niň işi, halkara hukuk, diplomatiýa we parahatçylygy gurmak baradaky bilimlerini ýokarlandyrmaga, liderlik häsiýetlerini ösdürmäge mümkinçilik berýän bilim taslamasy bolan Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatnamalaýyn iş topary we beýlekiler döredildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Ösüş maksatnamasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. Ol sebitiň taryhynda ilkinji özboluşly meýdança bolmak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, zenanlara parahatçylykly we durnukly ösüş işinde öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebit merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Onuň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak üçin ýurdumyz nobatdaky sessiýada «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Parahatçylyk döredijilik hem-de köptaraply diplomatiýany ilerletmek işinde Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Şunda ozal ýurdumyz tarapyndan Halkara araçylyk gününi hem-de Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky teklipleriň öňe sürlendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde beýan eden bu başlangyçlary gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olary kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtamaga, dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynamy, özara düşünişmegi, inklýuziw dialogy berkitmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda öňe sürlüpdi. Bu teklip forumyň netijeleri boýunça kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resmi resminamasy derejesine eýe bolan Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu başlangyjy amala aşyrmak ugrunda nobatdaky ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek bilen bagly geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde sanly özgertmeler, sanly ulgama geçmek, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistan bu ugurda deňhukuklylyk, ynanyşmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we emeli aňyň parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe zyýan ýetirmek üçin ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň gerimini barha giňeldýän köptaraply diplomatiýasynda hem bu ugra aýratyn üns berilýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürer. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň ýardam bermeginde Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalarynyň adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly özgerdýändigi şübhesizdir. Halkara giňişlikde emeli aň diplomatik işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň guraly, maslahatlaşmalaryň we düzgünleşdirmegiň mowzugy hökmünde ýüze çykýar. Emeli aňyň esasy tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de uly göwrümli maglumatlary ýokary tizlikde işläp taýýarlamaga hem-de seljermäge

Read More