21-nji awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda öz işine başlan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen – eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen sergi, çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemledi.

Geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň golaýlap gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ene-atalara dürli okuw esbaplaryny we lybaslaryny satyn almak üçin iň amatly teklipleri hödürleýän netijeli meýdança öwrülendigini bellemek gerek. Sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzda dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agalarynyň we milli azyk senagatynyň önümlerine aýratyn möhüm orun berilmegi serginiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary halkara sergi-ýarmakasyna gatnaşyjy daşary döwletlerden gelen myhmanlarda uly gyzyklanma döretmegi, işi uly üstünliklere beslenýän bu haýyr sahawat gaznasynyň amala aşyrýan beýik işleriniň barha rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle halkara forumlarynyň yzygiderli geçirilmegi Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny dolulygyna görkezýär.

EZIZ MERDANGELDIÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa
hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni,
kärhananyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy

Leave A Comment