Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident! Men hanym Petra Dahtleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin. Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti. Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda yzygiderli giňeldýär. Türkmenistan hem-de Germaniýa halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýarlar. Ýurdumyz GFR bilen halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerinde-de hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan bu formata sebit ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýar. Iki ýurt söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň wajyp guraly hökmünde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň alyp barýan işiniň orny nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygy netijeli gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly bolup durýar. Onuň çäklerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, iň gowy Ýewropa lukmançylyk tejribesini öwrenmek üçin germaniýaly bilermenler bilen yzygiderli gatnaşyk alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup, dostlukly halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga hyzmat edýär. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklara, hususan-da, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, döwrebap bilimleridir tejribäni alyşmak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän german-türkmen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mirza Fahrul Islam Alamgire Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mirza Fahrul Islam Alamgire tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Bangladeşiň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)

Read More

Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap

Geçen hepdäniň wakalary «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede öz beýanyny tapýan, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän özgertmeler maksatnamalarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysallary boldy. 19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna baryp, goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyza 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” hem-de “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň, çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, 4 gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri görkezildi. Taslamalar bilen içgin tanşyp, hormatly Prezidentimiz olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde guraljak binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri boýunça aýratyn tabşyryklar berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejeriş işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigi bellenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini hem-de saglygyny berkidýändiklerini nazara alyp, bu ýere gelýänleriň sanynyň artýandygyny aýtdy we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi tabşyrdy. 20-nji awgustda döwlet Baştutanymyz ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi aýdyldy. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde-de özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan özara ymtylyşy nazara almak bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. 21-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, şunda otaglaryň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglar bilen içgin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz, ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda çagalaryň saglygyny dikeltmekde-de emeli aňyň mümkinçiliklerinden, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyna ünsi çekip, merkeziň otaglarynda gurnalan enjamlaryň netijeli, uzak möhletleýin esasda ulanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi geçirilen bejergileriň taryhy bilen islendik döwürde sanly ulgam arkaly tanyşmak mümkinçiligini üpjün eder. Bu bolsa lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça tejribe toplamaklarynda ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde, anyk netijäni nazarlaýan görnüşde geçirilmegi bilen bir hatarda, arassaçylyk ýagdaýyna-da möhüm üns bermegi tabşyrdy. Bölümleriň arassaçylygy, olarda howa çalşygynyň üpjün edilmegi saglygy goraýyş işgärlerine bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bölümleriň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak maksady bilen, olary rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini ýene-de bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk tabşyryklary berip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy. 22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açylmagy meýilleşdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşan germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak hem-de bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda onkologiýa, howply keselleriň öňüni almak we bejermek bilen bagly ugurlarda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Lukman Arkadagymyz bu gurama bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary

Read More