Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi we «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy sebitiň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönüden-göni hyzmat edýär

Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi we «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy sebitiň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönüden-göni hyzmat edýär

Aşgabat şäherinde Hytaý Kommunistik partiýasynyň (HKP) döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çärä döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň gatnaşyjylarynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň çykyşy aýratyn gyzyklanma döretdi. Hormatly myhman öz çykyşynda HKP-niň ýolbaşçylygynda Hytaýyň geçen taryhy ýoluna ýokary baha berip, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Ç.Rustemowanyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy dünýäniň öňdebaryjy, senagat taýdan kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Munuň özeninde bolsa ýokary tertip-düzgün, zähmetsöýerlik hem-de bileleşik däpleri durýar. – Bu ýerde jemgyýetçilik bähbitleri hemişe şahsy bähbitlerden ileri tutulýar, aýry-aýry adamyň gazanan üstünligi bolsa tutuş jemgyýetiň üstünligi hökmünde kabul edilýär. Hut şu gymmatlyklar Hytaý Kommunistik partiýasynyň ynsanperwer syýasatynyň binýadyny düzýär. Bu syýasatda adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garalýar – diýip, Ç.Rustemowa çykyşynda belledi. Bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Hytaý Kommunistik partiýasy iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň esasy netijesi bolsa milliarddan gowrak ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlanmagy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy tehnologik döwlete öwrülmegi bolup durýar. Hytaý Kommunistik partiýasy Hytaýyň daşary syýasatynyň esasy hökmünde köp polýarly dünýäni kemala getirmäge gönükdirilen ählumumy başlangyçlary öňe sürýär. Şeýle strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolsa adamzadyň bitewi bir ýaşaýyş-durmuşyny döretmäge gönükdirilen «Bir guşak – bir ýol» başlangyjydyr. Türkmenistan bu başlangyçlary diňe bir goldamak bilen çäklenmän, olary amaly taýdan durmuşa geçirmek işine hem işjeň gatnaşýar. Munuň berk binýadyny iki döwletiň geoykdysady bähbitleriniň ýakynlygy emele getirýär. Ç.Rustemowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan häzirki döwrüň möhüm başlangyçlary bolan «Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi» hem-de «Bir guşak – bir ýol» başlangyçlarynyň özara utgaşdyrylmagy barada aýdylyp gelinýän möhüm garaýyşlary hem nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň ozal belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky milli konsepsiýasy mazmuny we pelsepesi boýunça Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen doly utgaşýar. Bu iki ägirt uly taslama özara bähbitli hyzmatdaşlyk, taryhy söwda ýollaryny dikeltmek hem-de Ýewraziýa giňişligini kuwwatly maliýe-logistika merkezine öwürmek ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi durmuş meseleleriniň çözülmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna we sebit halklarynyň abadançylygynyň artmagyna gönüden-göni ýardam edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýärler. Gazanylan üstünlikleriň binýadynda iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen örän ýokary syýasy ynam durýar. Hut şol ynam iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Source

Read More
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany

Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýändigini bellemek gerek. Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi. Sergide görkezilen sungat eserleri, ýurdumyzyň ösüşine, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuna degişli maglumatlar halkymyzyň däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Soňra Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty türkmen halkynyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmagy esasy ugur edinýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli atçylyk we atçylyk sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi häzirden sazlaşykly işiň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipedir. Biz “Bedewlerimiz — kämilligiň nusgasy, gözelligiň ýokary derejesi” diýýäris. Şonuň üçin bedewlerimize bagyşlanýan eserler hem kämil we nepis bolmalydyr. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýady hasaplanýar. Garaşsyzlyk baýramy bilen bagly her bir işimiz, döredýän sungat eserimiz hem şol belent derejä mynasyp bolmalydyr. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize uly ynam bildirýär. Bu belent ynamdan ruhlanyp, asuda, abadan döwletimiziň tutýan toýlaryna dahylly bolmak belent mertebedir. Taryhdan belli bolşy ýaly, at çapyşyklary, umuman, ynsan gylykly bedewler türkmen toýlarynyň baş bezegine öwrülipdir. Türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke bedewlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ganatly bedewleriň taryhy şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmen çapyksuwarlary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän atçylyk sporty boýunça ýaryşlara, halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri milli atçylyk sportunyň we atçylyk sirk sungatynyň dünýäde giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi. Munuň özi türkmen ilinde taryhy ähmiýeti bolan çäreleriň toý-dabaralar bilen utgaşýandygynyň, halkymyzyň durmuşynyň goşa toýlara beslenýändiginiň güwäsidir. Durmuş toýy iň ähmiýetli we ýatda galyjy pursatlara beslenýän dabara hökmünde ykrar edilendir. Bu hakykat 2016-njy ýylyň aprelinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynda-da öz beýanyny tapdy. Asylly däbe görä, durmuşa çykýan gyzyň bagtynyň açyk bolmagy arzuw edildi. Gyz çykarmak, ogul öýermek ynsan durmuşynyň iň ýakymly pursatlary hasaplanýar. Adamlar tutumly toýlaryň rowaç almagyny we onuň her bir maşgala bagt, agzybirlik, rysgal-döwlet getirmegini dileg etdiler. Türkmen halkynyň maşgala dessurlarynyň çuňňur manysy bar. Çünki bu ýörelge nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy emele getirip, durmuş joşgunlylygyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu ýerde guralan dabaralarda degişmeler, şatlyk-şowhun esasy orunda boldy. Bu bolsa toýuň dabarasyny belende göterip, oňa gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Gelnalyjy dessury türkmen toýlarynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onda paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýagşy dessurlary her döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylýar. Häzirki bagtyýar zamanada bolsa bu ýörelgeleriň dabarasy has-da belende göterilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky durmuş toýy babatda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döredipdir. Munuň özi toý dessurlarynyň derejesini artdyrmak bilen bir hatarda, ýaşlary agzybirlige, birek-birege düşünişip ýaşamaga gönükdirilen çagyryş hökmünde kabul edilýär. Bu bolsa türkmen ilinde tutulýan toýlaryň özboluşly däpleriniň çuňňur mana eýedigini äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyz şol pursatlarda ýaşlary durmuş toýy bilen gutlady. Şeýlelikde, şöhratly “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynda ýene bir maşgala emele gelipdi. Ýaşlaryň ene-atalary toýa gatnaşýanlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar öz maşgalalarynyň bagtynyň türkmen bedewleri bilen berk baglanyşyklydygyny belläp, ýaşlara saýlap alan hünärinden bagt tapmaklaryny arzuw etdiler. Munuň özi türkmen toýlarynyň ýagşy dessurlar bilen utgaşýandygynyň beýanyna öwrüldi. Soňra toý dabaralarynyň şatlyk-şowhuny belende göterildi. Soňra dabaraly mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Beýik Britaniýa, RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda atçylyk sungatyna degişli meseleler boýunça şol ýurtlaryň atşynaslary hem-de hünärmenleri bilen maslahatlary geçirdi. Munuň özi Milli Liderimiziň her bir pursatda milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa edendigine, şeýle hem Patyşa Karl III bilen duşuşyp, atçylyk ugrunda iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyna üns çekildi. Şol bir

Read More
Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň sanly binýady döredilýär

Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň sanly binýady döredilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri we durmuş-ykdysady ösüş bilen bagly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa milli medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Wise-premýer tassyklanan maksatnama laýyklykda, şu ýylyň ýaz möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleriniň gadymy binagärlik ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyryny üstünlikli amala aşyrandyklaryny habar berdi. Şeýle hem häzirki wagtda häzirki zaman tehnologiýalary arkaly öňdebaryjy daşary ýurtly alymlar bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň bitewi sanly binýadyny düzmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň gaýtalanmajak taryhy mirasyny geljek nesiller üçin gorap saklamagyň örän möhümdigini aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere taryhy-medeni miras desgalaryny rejelemek boýunça işleri dowam etdirmek, şeýle hem milli mirasymyzyň baky gymmatyny ýaş nesle düşündirmäge gönükdirilen düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini has-da işjeňleşdirmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Source

Read More
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni

Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň (HKP) döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle-de Türkmenistanda zähmet çekýän diplomatik toparyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi komitetiniň başlygy Ata Serdarow çykyş edip, ol iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklara we döwletara gatnaşyklaryna seljeriş berdi hem-de onuň strategik we ynanyşmak häsiýetini nygtady. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täsirli ösüşini aýratyn belläp geçdi. Ýyl-ýyldan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasyndaky gatnaşyk özara düşünişme, ynam we dowamly tejribe alyşmak esasynda berkeýär, özgerýär – diýip, Ata Serdarow aýtdy. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi jemgyýetçilik-syýasy nukdaýnazardan sebit we halkara gatnaşyklaryň geljegini hemmetaraplaýyn seljermäge mümkinçilik berýän täsirli gural bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtlaryň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary iki döwletiň Baştutanlarynyň öz ygtyýaryna we konstruktiw başlangyçlaryna daýanýar. Bu dialog iş duşuşyklary arkaly geçirilişi ýaly dowamly onlaýn-maslahat arkaly hem geçirilýär. Ata Serdarow Hytaý Halk Respublikasynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşydygyny belledi. Rowaçlanýan häzirki zaman wakalarynyň barşynda Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky gepleşikler deňhukuklylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Baş orunbasary Din Sýuesýanyň jogap sapary bilen Türkmenistana gelmegi syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejedediginiň subutnamasy boldy. Iş saparynyň çäginde geçirilen gepleşikler we çäreler iki ýurduň düýpli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Olar gatnaşyklary ýokary derejede saklamakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Çykyşyny jemläp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi komitetiniň başlygy uzak möhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň has-da kuwwatly ösüş depginine eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. Demokratik partiýanyň agzalarynyň adyndan Ata Serdarow hytaýly kärdeşlerine Hytaý Kommunistik partiýasynyň 105 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, Hytaý Halk Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, Hytaý halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Source

Read More
Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri, şol sanda ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly işler ara alyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Duşanbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda forumy guramaçylykly geçirmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekden we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Mejlise ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de öňdebaryjy hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Wise-premýer öňde boljak geňeşiň wekiliýetiniň düzümi we maksatnamasy boýunça degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit we dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi. Source

Read More
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda sanlylaşdyrmak we ýaşlaryň ylmy-tehniki başlangyçlaryny goldamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň bellemegine görä, her ýyl geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr. 2026-njy ýylda bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, «akylly» şäherler, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly möhüm ugurlar boýunça geçiriler. Şeýle hem iň geljegi uly taslamalary milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işine giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bäsleşigiň jemlerini jemlemek hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy «Türkmentel – 2026» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça yzygiderli we toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň ornunyň barha artýandygyny hem-de olaryň innowasion bäsleşiklere işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti «Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Source

Read More
Täze ugurly senagat önümçiligi

Täze ugurly senagat önümçiligi

Daşoguz pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde, gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Gurluşyk ulgamynda we mebel önümçiliginde zerur bolan serişdeleriň ýylda 7 müň 200 tonnasyny öndürmäge ukyply önümçilik desgasynyň işe girizilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, gaýtadan işleýän senagatyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna welaýatyň häkimliginiň, dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Açylyş dabarasynda çykyş edenler häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň senagat toplumynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan önümçiligi we eksport ugruny nazarlaýan desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda dokma senagatynyň sazlaşykly ösdürilmegi, bu ugra degişli önümçilik toplumlarynyň bina edilmegi täze iş orunlarynyň döremegini şertlendirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ulanmaga berlen täze önümçilik binasy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edilipdir. Ol içerki sarp edijileri mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan ekologik taýdan arassa serişdeler bilen doly üpjün eder. Galyndysyz usulda işleýän önümçilik binasy daşky gurşawa zyýansyz bolmak bilen, onuň önümçiligi ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Täze önümçilikde iş orunlarynyň 60-synyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Çykyşlarda pudaklaryň sazlaşykly ösüşine, dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, häzirki zamanyň kämil enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilmegine giň ýol açýar. Diýarymyzda dokma senagatyna degişli önümçilik kärhanalary üstünlikli hereket edýär. Häzirki döwürde pudagyň garamagynda 59 sany kärhana hereket edip, olarda 24 müňe golaý işgär zähmet çekýär. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň zähmeti hem-de durmuş üpjünçiligi baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrýar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy ýetirildi. Dabara gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize alkyş aýtdylar. Täze önümçilik binasynyň toý bagy kesilip, onda döredilen şertler, önümçilik binasy bilen tanşyldy. Onuň ýokary halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy önümçiligiň yzygiderli esasda ýola goýulmagynyň baş şertini emele getirýär. Önümçilik binasy bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, bu ýerde täze desganyň açylyş dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi. Source

Read More

Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar. 15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz 17-nji iýunda Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda kärendeçiniň haýyşy boýunça galla oragyna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz bilen söhbetdeşlikde kärendeçi 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynda öndürijilikli zähmet çekmek, bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Şunda daýhanlar döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ýokary hilli tohumlar hem-de dökünler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady we kärendeçä sowgatlary gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň, miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, bugdaýyň şu ýylky hasylyndan taýýarlanylan çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady. Ýurdumyzda dowam edýän galla oragynyň barşy baradaky hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Geçen hepdede ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileriniň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak hasylyny tabşyrandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna daýhanlaryň mynasyp zähmet sowgady boldy. Galla oragy güýçli depginde dowam edýär, hasyl kabul ediş nokatlary bolsa gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz iş alyp barýar. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda 17-18-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu görnüşde geçirilen ilkinji duşuşyk taryhy ähmiýete eýe bolup, onuň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy boýunça çäreleri utgaşdyrmak, nebitgaz pudagyny enjamlar bilen üpjün etmek, ulag-logistika edaralarynyň we kompaniýalarynyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, oba hojalygyna ýokary netijeli usullary ornaşdyrmak, talyp alyşmalaryny giňeltmek, hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmak, sanly lukmançylyk we telelukmançylyk, biodürlüligi goramak, gidrometeorologiýa babatda tejribeleri öwrenmek ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalar beýan edildi. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. 19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Taraplar halkara giňişlikde hem-de iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny nygtap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksat edinilýändigi aýdyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlary kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz pudagy türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Nebitgaz pudagynda giň möçberli, uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminama taýýarlanyldy. Olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işler başlanar. Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen baglylykda, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň, akademiki we ylmy alyşmalary giňeltmegiň, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň göz öňünde tutulýandygy nygtaldy. Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz plenar mejlisde çykyş edip, Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen 30 ýylyň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ähmiýetini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanar, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek arkaly hyzmatdaşlyk mundan beýläk-de ösdüriler. Iki tarap hem nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek, hil taýdan ösdürmek üçin zerur bolan syýasy, hukuk, guramaçylyk we beýleki mümkinçilikleri döreder. Plenar mejlis

Read More
Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde açylan «Lu Ban ussahanasynyň» üstünlikli işi hem bellenildi. Iş duşuşyklarynyň dowamynda taraplar ugurdaş bilimleriň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, iki ýurduň öňdebaryjy nebit-gaz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalaryny ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Resmi bölegiň tamamlanmagyndan soň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary hem-de türkmen diplomatlary Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekili talyplary ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýörelgäniň ähmiýetini belledi. Source

Read More
Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi

Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde şu ýylyň 11–20-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe, Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerini» geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Medeni-çeperçilik çäre diplomatik, ylym-bilim we döredijilik jemgyýetleriniň wekillerini, beýik türkmen şahyrynyň mirasyny öwrenijileri, mugallymlary, okuwçylary we türkmen ýaşlaryny bir ýere jemledi. Çäreler onlaýn we adaty görnüşlerde geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň pelsepewi mirasy hem-de şahyryň goşgularynyň türkmen halkynyň ruhy-medeni durmuşyndaky ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Çäräniň çäklerinde Magtymgulynyň goşgulary türkmen, ukrain, fransuz we iňlis dillerinde okaldy. Kiýew şäherindäki sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň şahyryň eserleriniň esasynda ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi. Myhmanlar Magtymguly adyndaky kitaphanada ýerleşýän şahyryň muzeý otagyna hem baryp gördüler. Bu ýerde olar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergi, dürli dillerde neşir edilen eserleri, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli saz gurallary bilen tanyşdylar. «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde şahyryň «Soňudagy» goşgusynyň türkmen we ukrain dillerinde okalmagy bilen jemlendi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Magtymguly adyndaky kitaphananyň guramaklarynda geçirilen bilelikdäki bu çäreler nesilleri birleşdirýän, halklaryň ruhy taýdan özara baýlaşmagyna ýardam edýän we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän medeni mirasy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň möhümdigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Source

Read More