Mejlisiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň durmuşynda gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň has-da berkidilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler. Türkmenistanda hereket edýän saýlaw kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň dowamynda milli parlamentiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary, hünär we guramaçylyk ukyplary, saýlawlardaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Olaryň esasy maksady Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky maksatnamalaryň wezipelerini anyk beýan edip, dalaşgärler saýlawçylaryň köp sanly sowallaryna jogap berýärler. Dalaşgärler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda öz bilimlerini, ukyplaryny, tejribelerini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar. Milli parlamentde we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz okruglaryna wekilçilik etmek üçin halkyň arasynda uly hormata, ynama eýe bolan mynasyp adamlaryň dalaşgär hökmünde hödürlenilendigini bellemek gerek. Ähli dalaşgärlere milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredilýär. Saýlawlara taýýarlyk işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, şol sanda saýlawçylaryň hukuklary, saýlawlara taýýarlyk işleri barada ýörite gepleşikler ýaýlyma berilýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýörite saýtynda saýlawlar bilen bagly täze maglumatlar ýerleşdirilýär. Bu saýlawlar demokratiýany çuňlaşdyrmagyň, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň we halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda ynamly öňe barýan ýurdumyzda raýatlaryň milli jebislik düşünjesini täze derejä çykarmaga itergi berjek aýratyn ähmiýetli waka bolar. (TDH)

Read More

2026-njy ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan dürli çäreler — iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Bu çäreler berkarar Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna üýtgewsiz eýerýändiginiň aýdyň güwäsidir. 3-nji fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal bilen geçirilen duşuşykda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 3 — 5-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Sammitiň gün tertibine ählumumy dolandyryş meseleleri, emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşine, howanyň üýtgemegine, ykdysady kynçylyklary çözmäge gönükdirilen utgaşykly çemeleşmeler girizildi. Sammitiň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlarda türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 4-nji fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirilip, onda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de köptaraplaýyn meýdançalaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna garaldy. 4-5-nji fewralda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji “B5+1” işewürlik forumyna gatnaşdy. Söwda-ykdysady, maýa goýum, tehnologiýa ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen geçirilen forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň çäklerinde geçirilen “tegelek stol” duşuşygynyň dowamynda makroykdysady ösüşiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, hususy pudagy goldamagyň, söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň, sanly ykdysadyýeti, energetika, ulag-logistika düzümlerini ösdürmegiň esasy ugurlaryna garaldy. 5-nji fewralda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan utgaşykly görnüşli brifing geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada habar berildi. Maksatnamanyň çäklerinde oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daýhan hojalyklaryny goldamak babatda birnäçe taslamalar amala aşyryldy. Şeýle hem häzirki wagtda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. 9-njy fewralda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky ilçileri bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ýakyn wagtda Aşgabatda guraljak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatyna taýýarlyk görmek hem-de ony üstünlikli geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. 10-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalaryň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşanlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda BSGG bilen ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine garaldy hem-de saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlarydyr taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi. 11-nji fewralda ýurdumyzyň wekiliýeti Berlin şäherinde geçirilen Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Onda «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatynda ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň yzygiderli we netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle-de sebit howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Ulag-logistika, energetika, senagat önümçiligi, himiýa pudagy, maşyn gurluşygy, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hem-de suw hojalyk pudaklary, maglumat tehnologiýalary, emeli aň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça ministrleriň Berlin Jarnamasy kabul edildi. Çäreleriň çäklerinde Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Germaniýanyň Bundestagynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Armin Laşet hem-de german işewür jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen bilelikdäki duşuşyklary geçirildi. Olarda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilişine, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝHHG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Berlin şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň direktory Dominik Mutter bilen duşuşygy geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 12-nji fewralda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli bilen geçirilen duşuşykda dürli ugurlarda, şol sanda halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine garaldy. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşliginde taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň dürli ugurlardaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine, öňde boljak bilelikdäki çärelere aýratyn üns berildi. Köptaraply meýdançalaryň çäklerinde, hususan-da, GDA-nyň çäginde, Hazarýaka sebitde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. 10 — 12-nji fewralda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisi geçirildi. Her ýyl doganlyk ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijilerini bir ýere jemleýän giň möçberli ykdysady forum iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny tassyklady. “Iki döwlet — bir millet” ýörelgesine esaslanýan özara hyzmatdaşlyk iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. 16 — 18-nji fewralda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Ýokary derejeli duşuşyk häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli platformany döretmäge gönükdirildi. Bu ugurda işjeň orny eýeleýän Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Fewral aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz dostlukly ýurduň tanymal syýasatşynaslary, işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr. 17-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemirat ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Taraplar BMG-niň çäginde öňe

Read More

Şanly senäniň hormatyna

Ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günleri Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan dabaralara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirýän dabaralar mährem enelere, gelin-gyzlara döwlet derejesinde goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýar gelin-gyzlarynyň hormatyna bu nurana baýrama bagyşlanyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralýan dabaralar zenanlaryň eziz Watanymyza bolan söýgüsini, eşretli durmuşa, bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyrýar. Ähli ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara, talyp gelin-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan gyzlaryň arasynda guralýan “Talyp gözeli” bäsleşiginiň jeminiň jemlenilmegi, dabaraly maslahatlaryň, aýdym-sazly çäreleriň geçirilmegi bu şanly senäniň giňden bellenilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär. Dabaraly maslahatlardaky çykyşlarda nygtalyşy ýaly, merdana zenanlar maşgalanyň daýanjydyr, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklaryň ýaraşygydyr. Watanymyzda zenanlara uly sarpa goýulmagy, olaryň mertebesiniň belent tutulmagy gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň güwäsidir. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgelerine laýyk gelýän gelin-gyzlara hormat goýmak däbi bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda has-da kämilleşdirilýär. Dürli döwürleridir nesilleri baglanyşdyran ýörelgeleriň dowamata atarylmagy ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýatlardaky seýilgählerde, medeni-bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, çeperçilik sergileri, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary guralýar. Munuň özi Watanymyzyň at-abraýynyň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýan gelin-gyzlaryň mertebesiniň hemişe belent tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan üstünlikleri we beýleki ugurlar boýunça çekýän yhlasly zähmeti nazara alnyp, öňdebaryjy zenanlary “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak, köp çagaly maşgalalara täze, döwrebap jaýlaryň açarlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da bu ýörelgeleriň dowam etdirilmegi zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna, ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda edýän tagallalaryna berilýän mynasyp bahadyr. Halkara zenanlar gününiň hormatyna guralýan çärelerde tutuş halkymyzyň mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza bolan buýsanjy, söýgüsi öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde gelin-gyzlarymyz watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk ýaly türkmen zenanlaryna mahsus häsiýetleri baýdak edinip, bu ýörelgeleriň kämilleşdirilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu bolsa olaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän giň möçberli çäreler, aýdym-sazly dabaralar göwünleri joşdurýan, kalplary galkyndyrýan ajaýyp pursatlary özünde jemleýär. Belent ruha beslenen aýdym-sazlarda gelin-gyzlara goýulýan hormat, zenan mertebesiniň belentligi, eneleriň mähriban Watanymyza, halkymyza bolan çuňňur söýgüsi öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde, gazanylýan uly üstünliklerde eneleriň, gelin-gyzlaryň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Gelin-gyzlaryň asylly zähmetine döwlet derejesinde mynasyp baha berilýär. Olaryň yhlasly zähmeti, jöwher zehini bilen dörän, amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary hökmünde ykrar edilen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar. Şanly sene mynasybetli guralan çäreleriň hatarynda zenan mertebesini açyp görkezýän sergiler hem ýaýbaňlandyrylýar. Suratkeşleriň zehininden dörän sungat eserleri ýurdumyzda gelin-gyzlaryň el hünärine, asylly zähmetine, nesilleri terbiýelemekde edýän tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň subutnamasydyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralara gatnaşyjylar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna geçirilýän çärelere gatnaşmak, gelin-gyzlara aýdylýan hoşniýetli arzuwlara goşulmak ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan edýärler. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar. Halkymyzyň taryhyň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna, döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylmagyna, geljek nesillere ýetirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegi, maşgalany, eneligi, çagalygy goramak jemgyýetde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýär. Bu işleriň ählisi zenanlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar. Sahawatly türkmen topragynyň, ajaýyp tebigatyň janlanýan günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň dabaralary tutuş ýurdumyzy gurşap alýar. (TDH)

Read More

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNDA HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

         5-nji martda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda, toý lybasyndaky gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabarada «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary R.Babaýew, Baş inženeri M.Gurbangulyýew, Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnology O.Annadurdyýewdagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda zähmet çekýän gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi W.Pogosýan çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, eziz Diýarymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa öz beýanyny tapdy.         Dabaranyň ahrynda oňa gatnaşyjylar, zenan sarpasyny belentde tutup, olaryň ähli ugurlarda mynasyp orun almaklary, göwnejaý işlemekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, ýagşy däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda nusgalyk işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. ABDYLLA DÖWLETOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory

Read More