Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde açyk sapak geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan açyk sapak geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Çäräniň esasy maksady Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny we ýetip gelýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmekden hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy. Açyk sapaga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynyň diplomatlary, mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary we mekdep okuwçylary bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar. Çäre tamamlanandan soňra myhmanlar, mekdebiň muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşdylar.

Read More

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklaryna goşmaça itergi bermek üçin bar bolan mümkinçiliklere garaldy. Hususan-da, syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde dialogy giňeltmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Taraplar häzirki zaman halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Türkmen tarapy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan çemeleşmelerini beýan edip, çylşyrymly halkara ýagdaýlaryny çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň, syýasy dialogyň we parahatçylykly serişdeleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Duşuşygyň aýratyn ugry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ykdysady ugruna bagyşlandy. Niderland işewürleriniň mümkinçiliklerini Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara has işjeň çekmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, gämi gurluşygy we deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, saglygy goraýyş, innowasion tehnologiýalar, şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bellenildi. Türkmen tarapy Niderlandlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramaga we olaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny bildirdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugruna hem uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Limburg sebitinde atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty geçirilýändigi bellenildi. Türkmen tarapy bu iri halkara çäräniň geçirilmegi üçin döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Iki ýurduň hem atçylyk däplerine bolan gyzyklanmasynyň Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça başlanan dialogy dowam etdirmäge we ara alnyp maslahatlaşylan başlangyçlary amaly ugra geçirmek üçin degişli işleri alyp barmaga gyzyklanma bildirildi.

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrýar

Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň öňünde eden çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň ählumumy ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde eýeleýän möhüm ornuna giňişleýin ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Ýewraziýa ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşýän amatly geografik ýagdaýy netijesinde Aziýa bilen Ýewropanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyna işjeň ýardam berýändigini belledi. Bu ugruň esasynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasy bolup, ol üstaşyr-ulag geçelgelerini we ösen milli infrastruktura ulgamyny döretmegi göz öňünde tutýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny hem nygtady. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamyna degişli eýýäm alty Kararnamany kabul etdi. Şolaryň hatarynda «Birle­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň 2026 – 2035-nji ýyl­lar üçin dur­nuk­ly ulag boýun­ça on ýyl­ly­gy» diýip yglan etmek baradaky Kararnama hem bar.

Read More

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän we uly ösüşlere ruhlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylarymyza, talyp ýaşlarymyza, mugallymlarymyza, ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi belentden ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň, uly üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň ylym-bilim, nesil terbiýesi baradaky parasatly wesýetlerine eýerip, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzy bedew bady bilen ynamly ösdürýäris. Ýaş nesilleri sowatly, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji şahsyýetler hökmünde kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Diýarymyzda döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilimi edaralary yzygiderli gurlup, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Asylly däbimizden ugur alyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyna ajaýyp sowgat hökmünde Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalary, şeýle-de welaýatlarymyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylar, ylmy-amaly maslahatlar, bedenterbiýe-sport, medeni çäreler geçiriler. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat gowşurylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň göwün galkyndyryjy bu wakalary eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe, beýik geljegine bolan milli buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Eziz ýaşlar! Siz Watanymyzyň guwanjy we aýdyň geljegisiňiz. Taryhyň dowamynda ylym-bilime, paýhas-parasada belent sarpa goýup, ony nesilden-nesle mukaddes miras hökmünde geçirip gelýän milletimiziň dowamatysyňyz. Bagtyýar nesillerimiz hökmünde eziz Diýarymyza, abadan we parahat durmuşymyza guwanmak, ýurdumyzyň şöhratly, beýik geljegi üçin yhlas bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, zähmetiňiz hem-de ylym-başarnygyňyz bilen il içinde abraý-mertebä, uly sylag-hormata eýe bolmak, döwletimiziň şan-şöhratyny, ylym-bilim kuwwatyny dünýäde dabaralandyrmak siziň mukaddes borjuňyzdyr. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri siziň düýpli bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegiňiz üçindir. Siziň gazanýan her bir üstünligiňiz dünýäniň bilim we intellektual giňişligindäki ornumyzy has-da pugtalandyrýan ajaýyp buýsanjymyzdyr. Siz täze okuw ýylynda döwlet hem-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport, döredijilik festiwallarynda ýokary netijeleri gazanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz. Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri! Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar. Siz täze okuw ýylynda hünär derejeleriňizi yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň ähli ugurlaryna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmalysyňyz. Döwrebap, täze okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlap, bilimiň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmalysyňyz. Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi bagtyýar ýaşlarymyzy bilimler dünýäsine has çuňňur aralaşmaga ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen utgaşýan bilimler baýramynyň şanyna guralýan çäreleriň döwlet berkararlygymyzyň mizemezligini, milli bilim ulgamynyň okgunly ösüşini giňden dabaralandyrjakdygyna pugta ynanýaryn. Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şoňa görä, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okaýan il ozar…», «Zehin zehinden zyýada» diýen paýhasly jümleleri döreden pederlerimiziň toplan tejribelerine eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, täze taryhy döwürde milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky özara baglanyşykly işler bilim ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Sarpasy belent Prezidentimiz! Jemgyýetiň ösüşinde bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenilýär. Şundan ugur alnyp, Siziň baştutanlygyňyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlaryň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Bilim işine okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylyp, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ulgama sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplar, ýaş türgenler abraýly halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belende göterýärler. Şeýle guwandyryjy işler ýaşlaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär. Belent mertebeli Prezidentimiz! Häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» we beýleki möhüm maksatnamalar döwletimiziň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga oýlanyşykly esasda, ylmy taýdan çemeleşilýändigini subut edýär. Siziň öňdengörüjilikli tagallalaryňyz esasynda geljekde bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, sanly ulgamyň, emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlaryň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen işleri has-da rowaçlandyrar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň başda durmagyňyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilip, daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklary, ylym-bilim merkezleri, öňdebaryjy halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi bolsa bu möhüm ulgamy dünýä derejesinde ösdürmekde täze mümkinçiliklere ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz! Sizi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim binýadyny berkitmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Özbegistan Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has depginli hem-de yzygiderli ösdürilýändigini, özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, strategik häsiýete eýe bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde halklarymyzyň bähbidine geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine

Türkmen döwletiniň binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatyň esasy wezipeleridir. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmakda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. 24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri, 28-nji awgustda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Olar döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdylar. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, öz gezeginde, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn hoşallyk bildirdi we Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň mundan beýläk-de ýakyn özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanda we Türkmenistanda geçirilýän köptaraplaýyn forumlara gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek emeli aň ulgamynda howpsuzlyk meseleleri boýunça Akaba prosesiniň mejlisine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny aýtdy. Gazagystanyň döwlet Baştutany şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitiň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň we Hazar ekologiýa sammitiniň işine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama goşulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Täze Stomatologiýa merkezi stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Merkezde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, ýüz-aň böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn otagda döredilen mümkinçilikler bilen tanşyp, näsagyň bejergi almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň özüni örän oňaýly hem-de rahat duýmagynyň wajypdygy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Stomatologiýa merkezini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär. 28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde häzirki wagtda Mejlisde “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Geçirilýän işleriň çäklerinde esasy üns tehnologik desgalaryň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegine, önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylyşyna gönükdiriler. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda jogapkärli möwsüm başlandy. Döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini, pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Energetika pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleri açyp görkezjek ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini geçirmek boýunça teklip hödürlenildi. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň” taslamasyny goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, ýurdumyzda okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapak geçiriler. Täze okuw ýylynyň bosagasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilimiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalaryny we usuly işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýaşlara ruhy-ahlak terbiýesini bermek meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyşlarda ukyplaryna, mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde okadylmagyny üpjün edýän inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda nusgalyk görelde bolup durýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine üns çekildi. 29-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz 30 müň adama niýetlenen metjidiň çäklerinde gurulýan

Read More

Täze lukmançylyk merkezi — milli saglygy goraýşyň kuwwatyny berkitmäge goşant

Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge goşant goşar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine geldi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp, Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde merkeziň gurluşy, onuň gurluşygynda ulanylan dürli serişdeler, şol sanda bezeg işleri, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary barada giňişleýin maglumat berdi. Mälim bolşy ýaly, merkeziň gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Täze Stomatologiýa merkezi islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda lukmançylyk işlerini dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şeýle hem merkezde işlejek ökde hünärmenleri seçip-saýlap almak işleri alnyp barylýar. Merkez maddy-tehniki binýady, häzirki zaman anyklaýyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanyp, stomatologik, bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerini, şikeslerini anyklamak, öňüni almak we döwrebap bejermek üçin niýetlenendir. Merkez dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly kliniki bölümlerden, hojalyk-tehniki, elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat bolup, ýüz tutýan raýatlaryň elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly maglumatlary ýöredilip, ol ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly dolandyrylar. Hasabatyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň bölümleri barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde kabul ediş otaglary, şol sanda gaýragoýulmasyz kabul ediş bölümi bolup, operasiýa, gije-gündiz işleýän stomatologiýa bejeriş otaglary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, funksional anyklaýyş, birnäçe operasiýa otagly operasiýa we sterilizasiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa, fizioterapiýa bölümleri, dermanhana otaglary bar. Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, äň-ýüz böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow şeýle döwrebap tehnologiýaly täze Stomatologiýa merkezini gurduryp berendigi hem-de merkezde sanly ulgama esaslanýan innowasion mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp, Stomatologiýa merkezini olaryň hünär baýramçylygy mynasybetli açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz desganyň daş-töwereginiň gök zolaklar bilen gurşalyp alynmagynyň zerurdygyny nygtady. Munuň özi ekologik nukdaýnazardan örän wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz täze desgada oturdylan döwrebap enjamlaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmat etmegini gazanmak üçin enjamlar ulanylanda, olardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan hünärmenleriň bolmalydygyny tabşyrdy. “Hünärmenler her bir enjamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmalydyrlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz merkezi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen utgaşykly işlemelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz her bir enjamyň emeli aňyň mümkinçiliklerini halka hödürlemelidigini aýdyp, sanly ulgam arkaly keseli dessin anyklamak mümkinçiliginden peýdalanmagy tabşyrdy. “Merkeziň bir wagtyň özünde birnäçe adamy kabul edip bilýändiginden ugur alyp, ýüz tutjak raýatlaryň tiz kabul edilmegini gazanmak zerurdyr. Şunda lukmanlaryň maslahat beriş ukyby hem ýokary derejede bolmalydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerine aýlanyp, anyklaýyş bölüminiň mümkinçilikleri, bu ýerde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri tarapyndan öndürilen häzirki zaman tehnologik enjamlary arkaly bu ýerde keselleri tiz we takyk anyklap bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz enjamlaryň her biriniň aýratynlyklaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz bejeriş bölümine bardy. Bu ýerde ähli işler multimedialaşdyrylan kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Döredilen şertler operasiýa wagty monitorlaryň üsti bilen beýleki degişli bölümler bilen onlaýn usulda habarlaşyp iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ýüz tutan raýatyň keseli baradaky maglumatlar dessin göni alşylýar. Başga bir monitor bolsa otagyň howasynyň kadaly derejede saklanmagyny awtomatik usulda sazlaýar. Şeýle hem monitorlar arkaly näsag baradaky ähli maglumatlar elýeterli bolýar. Sanly ulgamda işleýän stomatologik mikroskoplar we ulgamlar dişleriň tebigy durkunyň, kökleriniň bozulmalaryny häzirki zaman usullarynda bejermekde hem-de gaýraüzülmeleriň öňüni almakda giňden ulanylýar. Ulgamyň döwrebap stomatologik gurnamalar bilen arabaglanyşykda bolmagy bejerginiň netijeliliginiň ýokary bolmagyny üpjün eder. Stomatologiýa merkezinde ornaşdyrylan, özünde innowasion sanly ulgamlary we emeli aň tehnologiýalaryny jemleýän lukmançylyk enjamlary arkaly çagalarda, uly ýaşly näsaglarda agyrylary howpsuz aýyrmak, dişleri sogurmak, petiklemek, agyz boşlugynyň, kentlewügiň kesellerini irki döwürde anyklamak, öz wagtynda netijeli bejermek, emeli diş goýmak, implantlary ornaşdyrmak, diş hatarlaryny göneltmek, bedeniň äň-ýüz böleginde ýüze çykyp biljek dürli agyrylary irki döwürde takyk anyklamak we dikeldiş hirurgiki bejergileri amala aşyrmak, diş protezleriniň reňklerini näsagyň öz dişlerine mahsus bolan tebigy reňkine gabatlap, gysga wagtda taýýarlamak hem-de oturtmak boýunça lukmançylyk amallaryny gysga wagtyň dowamynda, ýokary hil derejesinde amala aşyrmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen tehnologik mümkinçilikleri emeli aňyň üsti bilen oýlanyşykly, dogry we dürs ulanmagy tabşyrdy. Şunda ýörite monitorlar arkaly ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş edaralaryndaky maglumatlar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyň üpjün edilmegi möhümdir. Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn otagda döredilen mümkinçilikler bilen hem tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz näsagyň bejergi almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň özüni örän oňaýly hem-de rahat duýmagynyň wajypdygy barada aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz implantologiýa bölümine-de baryp gördi. Bölümdäki bejeriş otaglarynda ornaşdyrylan häzirki zaman sanly tehnologiýalary, 3D skanerli ulgamlardaky emeli aňyň esasy aýratynlyklary uly göwrümli maglumatlara gysga wagtda seljerme geçirip, näsagyň äňinde goýuljak implantlaryň ýerleşişi, burçlary, biri-birine bolan aralygy ýokary derejede takyk ölçemäge mümkinçilik berip, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar. 3D skaner enjamlary sanly ulgamda işleýän ýokary çözgütli we takyk şekilleri almaga niýetlenendir. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan diş tehnikleriniň barlaghanasy 45 tehnige niýetlenip, intellektual dolandyrylýan döwrebap kompýuter goldawly taslama we önümçilik (CAD/CAM) toplumlary, awtomatik 3D nusgalary çap ediş hem-de arassalama enjamlary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy aýratynlygy toplumlarda “akylly” emeli aň ulgamynyň bolmagy bilen, garaşylmaýan ýalňyşlyklary aradan aýyrmakdan we takyklygy üpjün etmekden, taslamalary sanly, awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrmakdan, ýokary hilli serişdeleri giňden ulanmakdan; implantyň üstüne berkidilýän çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz bölümiň aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyny tamamlap, bu desgany Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Siziň alyp barýan döwlet syýasatyňyzyň netijesinde häzirki wagtda Gazagystanyň doganlyk halkynyň uzak möhletleýin abadançylygy üçin berk esas boljak düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda giň halk goldawyna eýe bolan ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi, döwlet häkimiýeti we dolandyryşy ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen üýtgetmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädimdir” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlarda depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More