Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde açyk sapak geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan açyk sapak geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Çäräniň esasy maksady Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny we ýetip gelýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmekden hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy. Açyk sapaga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynyň diplomatlary, mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary we mekdep okuwçylary bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar. Çäre tamamlanandan soňra myhmanlar, mekdebiň muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşdylar.

Read More

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklaryna goşmaça itergi bermek üçin bar bolan mümkinçiliklere garaldy. Hususan-da, syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde dialogy giňeltmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Taraplar häzirki zaman halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Türkmen tarapy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan çemeleşmelerini beýan edip, çylşyrymly halkara ýagdaýlaryny çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň, syýasy dialogyň we parahatçylykly serişdeleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Duşuşygyň aýratyn ugry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ykdysady ugruna bagyşlandy. Niderland işewürleriniň mümkinçiliklerini Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara has işjeň çekmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, gämi gurluşygy we deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, saglygy goraýyş, innowasion tehnologiýalar, şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bellenildi. Türkmen tarapy Niderlandlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramaga we olaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny bildirdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugruna hem uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Limburg sebitinde atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty geçirilýändigi bellenildi. Türkmen tarapy bu iri halkara çäräniň geçirilmegi üçin döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Iki ýurduň hem atçylyk däplerine bolan gyzyklanmasynyň Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça başlanan dialogy dowam etdirmäge we ara alnyp maslahatlaşylan başlangyçlary amaly ugra geçirmek üçin degişli işleri alyp barmaga gyzyklanma bildirildi.

Read More