Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän we uly ösüşlere ruhlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylarymyza, talyp ýaşlarymyza, mugallymlarymyza, ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi belentden ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň, uly üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň ylym-bilim, nesil terbiýesi baradaky parasatly wesýetlerine eýerip, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzy bedew bady bilen ynamly ösdürýäris. Ýaş nesilleri sowatly, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji şahsyýetler hökmünde kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Diýarymyzda döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilimi edaralary yzygiderli gurlup, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Asylly däbimizden ugur alyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyna ajaýyp sowgat hökmünde Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalary, şeýle-de welaýatlarymyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylar, ylmy-amaly maslahatlar, bedenterbiýe-sport, medeni çäreler geçiriler. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat gowşurylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň göwün galkyndyryjy bu wakalary eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe, beýik geljegine bolan milli buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Eziz ýaşlar! Siz Watanymyzyň guwanjy we aýdyň geljegisiňiz. Taryhyň dowamynda ylym-bilime, paýhas-parasada belent sarpa goýup, ony nesilden-nesle mukaddes miras hökmünde geçirip gelýän milletimiziň dowamatysyňyz. Bagtyýar nesillerimiz hökmünde eziz Diýarymyza, abadan we parahat durmuşymyza guwanmak, ýurdumyzyň şöhratly, beýik geljegi üçin yhlas bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, zähmetiňiz hem-de ylym-başarnygyňyz bilen il içinde abraý-mertebä, uly sylag-hormata eýe bolmak, döwletimiziň şan-şöhratyny, ylym-bilim kuwwatyny dünýäde dabaralandyrmak siziň mukaddes borjuňyzdyr. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri siziň düýpli bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegiňiz üçindir. Siziň gazanýan her bir üstünligiňiz dünýäniň bilim we intellektual giňişligindäki ornumyzy has-da pugtalandyrýan ajaýyp buýsanjymyzdyr. Siz täze okuw ýylynda döwlet hem-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport, döredijilik festiwallarynda ýokary netijeleri gazanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz. Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri! Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar. Siz täze okuw ýylynda hünär derejeleriňizi yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň ähli ugurlaryna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmalysyňyz. Döwrebap, täze okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlap, bilimiň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmalysyňyz. Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi bagtyýar ýaşlarymyzy bilimler dünýäsine has çuňňur aralaşmaga ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen utgaşýan bilimler baýramynyň şanyna guralýan çäreleriň döwlet berkararlygymyzyň mizemezligini, milli bilim ulgamynyň okgunly ösüşini giňden dabaralandyrjakdygyna pugta ynanýaryn. Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şoňa görä, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okaýan il ozar…», «Zehin zehinden zyýada» diýen paýhasly jümleleri döreden pederlerimiziň toplan tejribelerine eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, täze taryhy döwürde milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky özara baglanyşykly işler bilim ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Sarpasy belent Prezidentimiz! Jemgyýetiň ösüşinde bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenilýär. Şundan ugur alnyp, Siziň baştutanlygyňyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlaryň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Bilim işine okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylyp, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ulgama sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplar, ýaş türgenler abraýly halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belende göterýärler. Şeýle guwandyryjy işler ýaşlaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär. Belent mertebeli Prezidentimiz! Häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» we beýleki möhüm maksatnamalar döwletimiziň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga oýlanyşykly esasda, ylmy taýdan çemeleşilýändigini subut edýär. Siziň öňdengörüjilikli tagallalaryňyz esasynda geljekde bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, sanly ulgamyň, emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlaryň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen işleri has-da rowaçlandyrar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň başda durmagyňyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilip, daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklary, ylym-bilim merkezleri, öňdebaryjy halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi bolsa bu möhüm ulgamy dünýä derejesinde ösdürmekde täze mümkinçiliklere ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz! Sizi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim binýadyny berkitmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Özbegistan Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has depginli hem-de yzygiderli ösdürilýändigini, özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, strategik häsiýete eýe bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde halklarymyzyň bähbidine geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine

Türkmen döwletiniň binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatyň esasy wezipeleridir. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmakda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. 24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri, 28-nji awgustda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Olar döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdylar. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, öz gezeginde, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn hoşallyk bildirdi we Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň mundan beýläk-de ýakyn özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanda we Türkmenistanda geçirilýän köptaraplaýyn forumlara gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek emeli aň ulgamynda howpsuzlyk meseleleri boýunça Akaba prosesiniň mejlisine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny aýtdy. Gazagystanyň döwlet Baştutany şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitiň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň we Hazar ekologiýa sammitiniň işine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama goşulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Täze Stomatologiýa merkezi stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Merkezde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, ýüz-aň böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn otagda döredilen mümkinçilikler bilen tanşyp, näsagyň bejergi almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň özüni örän oňaýly hem-de rahat duýmagynyň wajypdygy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Stomatologiýa merkezini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär. 28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde häzirki wagtda Mejlisde “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Geçirilýän işleriň çäklerinde esasy üns tehnologik desgalaryň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegine, önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylyşyna gönükdiriler. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda jogapkärli möwsüm başlandy. Döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini, pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Energetika pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleri açyp görkezjek ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini geçirmek boýunça teklip hödürlenildi. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň” taslamasyny goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, ýurdumyzda okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapak geçiriler. Täze okuw ýylynyň bosagasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilimiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalaryny we usuly işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýaşlara ruhy-ahlak terbiýesini bermek meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyşlarda ukyplaryna, mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde okadylmagyny üpjün edýän inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda nusgalyk görelde bolup durýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine üns çekildi. 29-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz 30 müň adama niýetlenen metjidiň çäklerinde gurulýan

Read More