Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy Aşgabat — Seul, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň şu döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda ýurdumyz bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän iri koreý kompaniýalaryna uly orun degişlidir. Bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz, nebithimiýa, gazhimiýa pudaklarynda bilelikdäki giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi özara tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmaga ýardam berýär. Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ýewraziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan hem-de Koreýa Respublikasy üstaşyr geçelgeleri döretmekde tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, halklarymyzyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär. Ýurdumyzyň bir ýokary we orta okuw mekdebinde bolsa koreý dili öwredilýär. Ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň akademiki toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Akademiki alyşmalar, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylyp, bilim işine döwrebap standartlar, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň senagat we tehnologik ösüşi üçin işgärler kuwwatyny kemala getirýär. Ýurtlarymyz ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýärler. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy esasynda iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla çenli bu forumyň işi daşary işler ministrleri derejesindäki mejlisler görnüşinde alnyp baryldy. 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi. “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi Aşgabatda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň ornuny aýdyň görkezer. …Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmegi mynasybetli hormat topy atyldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň hem-de ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň, çagalar bagynyň we sport toplumynyň gurluşyk hem-de içki bezeg işleriniň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Arkadag şäheriniň keşbinde häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de binagärligiň milli ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly depginde dowam edýär. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär. Ikinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary taýýarlanylanda, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berklik hem-de amatlylyk talaplaryna laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýär. …Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşygy dowam edýän we “Arkadagyň ruhy metjidi” adyna eýe bolan nurana metjidiň ýanyna geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. Metjidiň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň, onda ulanylýan bezeg hem-de gurluşyk serişdeleriniň berklik, amatlylyk babatda ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belläp, Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň her bir tapgyrynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebaplaşdyrylmagy we gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň üsti bilen şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada giňişleýin maglumat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çäginde döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mekdebiň, gurulmagy teklip edilýän çagalar bagynyň, sport toplumynyň şekil taslamalary, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri, durmuş maksatly binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri bar. Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalaryny, olaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri binalaryň içiniň we daşynyň bezeg işlerine, şol bir wagtyň özünde, durmuş maksatly desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, öz maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar bagynyň oglanlar we gyzjagazlar üçin niýetlenen otaglarynda degişli bezeg işleriniň amala aşyrylmalydygyny aýdyp, Milli Liderimiz otaglaryň aýratynlygy nazara alnyp, olarda ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsine degişli şekilleriň ýerleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş nesilleriň aň taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde, çagalarda gözel tebigatymyza söýgini ösdürmekde ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulýan mekdepde okadyljak dersleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtap, mekdepde berilýän bilimiň halkymyzyň milli edep ýörelgeleri bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýaşlarda edeplilik, zähmetsöýerlik, watançylyk häsiýetleriniň uly orun eýelemeginde ähmiýetli ugur hasaplanýar. Halk Maslahatynyň Başlygy halkara giňişlikde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýän sport toplumlarynyň gurluşygyna hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyny, olaryň ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde düýpli döwrebaplaşdyrylýan bilim ojaklarynda, çagalar baglarynda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryny üpjün edýän mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy. Watanymyzyň ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ugrunda has amatly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary işjeň özleşdirmeklerine giň ýol açylmalydyr. Ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek Türkmenistanyň ýaşlar strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda Milli Liderimiziň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap çagalar baglary we mekdepler gurulýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar Watanyň daýanjydyr. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol Koreýa Respublikasynda geçirilýän Halkara ykdysady forumda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. D.Orazow häzirki wagtda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, gurluşyk işlerini ýokary hil derejesinde alyp barmak, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada giňişleýin maglumat berdi. Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýdyp, durmuş maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna döwrüň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyklykda çemeleşilmelidigini nygtady. Aýratyn-da, desgalaryň bezeg işlerinde, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň we ýaş mugallymlaryň pikirleri öwrenilmelidir. Arkadag şäheriniň durmuş, önümçilik maksatly binalar toplumynyň gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmagy we ähli desgalaryň ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanýan maslahatlaryny berdi. Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe maşgalalary täze şäheriň çäklerinde bina edilen ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralarda zähmetsöýer halkymyzyň belent ruhunyň, bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we baýramçylyk dabaralarynyň taryhy ähmiýetli wakalar bilen beslenmegini üpjün etmek babatda öz maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, halkymyzyň saglygyny goramak wezipelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda hereket edýän köpugurly sport toplumlarynyň, stadionlaryň talabalaýyk saklanmagyna, olaryň netijeli peýdalanylmagyna möhüm orun degişlidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde “Arkadag” futbol toparynyň halkara sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýöne toparyň türgenleşik geçýän we halkara derejeli bäsleşikleri guraýan stadionynyň häzirki ýagdaýynyň talabalaýyk däldigini aýdyp, onuň derejesine nägilelik bildirdi. Munuň özi Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň, “Arkadag” stadionynyň ýolbaşçysynyň, galyberse-de, Arkadag şäher häkimliginiň sazlaşykly işiniň ýola goýulmaýandygynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz stadiona ýokary

Read More

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, halkara bileleşik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy ugur öz beýanyny tapdy. 7-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda degişli çäreleri bellenilen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek meselelerine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, gowaça meýdanlarynda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işleriň talabalaýyk guralmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, bugdaý hem-de pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda amala aşyrmak, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi. 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem-de Fransiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň diňe bir döwletara derejede çäklenmän, eýsem, iki ýurduň hususy pudaklarynyň ugry boýunça hem işjeň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym, medeniýet ýaly ugurlarda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini hem kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Bu düzüm ýurdumyzyň wajyp halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Şeýle-de ýurdumyzyň energetika, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdiler. 11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda”, “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, “Kärende hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Neşirýat işi hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak; Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak; Bäherden tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak; uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini halkara standartlara laýyklykda ýokary derejede üpjün etmek üçin birnäçe teklipler hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz teklipleri goldap, olary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy hem-de Bäherden, Balkan, Lebap sement zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky Karara gol çekdi. Mejlisde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahatyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, şu ýylyň oktýabr aýynda käbir ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ýene biri boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym-bilim ýaly ugurlary öz içine alar. 11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Soňky ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýaponiýanyň innowasion tehnologiýalarda, döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý tejribesine ýokary baha berilýändigini, ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyna ünsi çekdi. 11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde guralan mejlise GDA-nyň Baş sekretary, guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan üç gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Mejlisiň gün tertibine köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe meseleler girizildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar ulag howpsuzlygyny ösdürmek boýunça strategik meýilnamalary, ýokary tehnologiýaly pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň konsepsiýasyny, beýleki maliýe we guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin

Read More

Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip

Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün moldowa tarapyndan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Petru Burdužanyň ýolbaşçylygyndaky Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde birnäçe ministrliklerde, şol sanda Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşyklar, Mejlisde milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa bilen duşuşyk hem-de Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Myhmanlar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işi bilen tanyşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan berk kanunçylyk binýady döredildi. Soňky ýyllarda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen möhüm kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere täze itergi berdi. Wekiliýet agzalary Moldowa Respublikasynyň ägirt uly ykdysady we tebigy serişde mümkinçiliklerine eýe bolan, häzirki wagtda okgunly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Taraplar däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleriniň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, diňe bir kanunçylyk ulgamynda tejribeleriň özara alşylmagyna däl, eýsem, netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlamentara dialogy işjeňleşdirmegiň hem wajypdygyny bellediler. Şunda parlament diplomatiýasynyň gurallary arkaly diplomatik, syýasy, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen döredilen parlamentara dostluk toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýändigi aýdyldy. Mejlisiň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, parlament derejesinde duşuşyklary, özara saparlary guramak, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, özara gatnaşyklaryň geljekde hem täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Wekiliýetiň ýurdumyza dowam edýän saparynyň çäklerinde beýleki birnäçe ministrliklerde hem duşuşyklaryň geçirilmegi, ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeklerine gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Read More