1-nji awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetine bagyşlanan «Awazadan uzaýan dostlukly ýollar»ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň meýilnama duýduruş işlerini alyp baryjy inženeri N.Seýitmyradow alyp bardy.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog O.Annadurdyýewdagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründeHalkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndahormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir gününiň taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly senelere, taryhy hem-de şatlykly wakalara beslenýändigini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýurdumyzda geçirmek bilen bagly Kararnamany kabul etmeginiň, bu resminamanyň awtordaşy bolup dünýäniň 57 döwletiniň çykyş etmeginiň has-da guwandyryjy waka bolandygyny belläp, çykyş edenler 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekmeginiň halkara forumynyň ähmiýetiniň ulydygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Bu halkara forumyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, şol taýýarlyk işlerine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gözegçilik etmeginiň, geçiriljek forumyň halkara ähmiýetiniň uludygynyň alamaty bolmak bilen, bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini şertlendirýär diýip çykyş edenler öz çykyşlarynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Täze taryhy eýýamymyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak bu forumyň Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilmegi, Bitarap ýurdumyzyň şanyna-şan goşmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde maslahatyň resmi saýtynyň döredilmegi, halkara forumynyň çärelerini beýan etmekde ýörite döredilen maglumat çeşmesi bolup hymzat etmek bilen, çäräniň maksatnamalary baradaky wajyp maglumatlary, şeýle hem LLDС3 sergisi we ugurdaş wakalar bilen bagly soraglara jogap berer.

Halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreler hem-de işewürlik, medeni çäreleri, mowzuklaýyn sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet günlerini, plenar mejlisleri, ýokary derejeli bäş sany mowzuklaýyn «tegelek stol» we ýedi sany ýokary derejeli forumlary, olaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny we aragatnaşyk boýunça çäreleri, şeýle hem gatnaşyjy döwletler, halkara guramalar we türkmen tarapy tarapyndan birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Olar ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet ýaly mowzuklara bagyşlanar. Maslahatyň çäginde geçiriljek çärelere 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, olaryň hökümetleriniň, şeýle hem BMG agza döwletleriň wekilleriniň, Guramanyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, halkara we sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmekde, ykdysady ösüşi höweslendirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde täze strategiýalary işläp düzmäge kömek eder diýip çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp, Deňizden uzakda, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldaýan bu maslahat halkara ähmiýetini nygtap, forumyň dowamynda ýaşlar forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmeginiň, ýaşlara dünýä liderlerine öz garaýyşlaryny ýetirmek üçin mümkinçilik döretýändigini, halkara forumyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işleriniň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny we bu işler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yzyiderli gözegçilikde saklanylýandygyny bellediler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýurdumyzda geçirmek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Bu resminamanyň awtordaşy bolup dünýäniň 57 döwletiniň çykyş etmegi bolsa has-da guwandyryjydyr. 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekmegi bolsa bu halkara forumynyň ähmiýetiniň ulydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Halkara forumynyň geçirilýän günlerinde myhmanlaryň howa menzilinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanylmagynyň, şäher bezeginiň we çäräniň dowamynda ulanyljak köçeleriň abadanlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi, köçeleriň ugrunda we döwrebap enjamlarda görkeziljek şygarlardyr şekilleriň döwrebap görnüşde bolmagy, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleriň döredilmegi, olarda lukmançylyk we söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemeginiň, ulag üpjünçiliginiň we awtobus gatnawlarynyň rejeli ýola goýulmagy ýaly zerur meseleleriň öz wagtynda çözülmegi, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şeýle halkara derejeli forumlary yzygiderli geçirmekde baý tejribeleri toplandygyny görkezýär.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli ösüşlerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, türkmen halkyny ýagty gelejege sary ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni