19-ny sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabry aralygynda geçirilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle sergileriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mümkinçiliklerini, özygtyýarly Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir.
KERIMGELDI SAPAROW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Işgärler bölüminiň başlygy