26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň öňdebaryjy işgärleri Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda işgärleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog