3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleradioýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylyp yzygiderli ýaýlyma berilýän «Türkmen senagaty ösüş ýolunda» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Gepleşigi Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy. Gepleşige Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Türkmenistanyň gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň Barlaghanasynyň hünärmeni Ý.Reýimbaýew, Aýna kesiji operatory K.Balgulyýewdagylar gatnaşdylar.
Gepleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylan ýurdumyzyň senagat taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrülen bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasynyň işine badalga berilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan hem-de «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda alnyp barylýan giň gerimli işler hakynda täsirli gürrüňler edildi.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog