6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Hatyra gününde Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdylar.
Asyrlaryň jümmişinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyrýan şeýle çäreleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilmegi, öten-geçenlerimizi ýatlamakda, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylyklarda pida bolanlary hatyralamakda, ýaşlarymyzy täze taryhy eýýamda Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
RÜSTEM BABAÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary