Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolan beýik başlangyçlary, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek boýunça kabul edilen uzak gelejegi nazarlaýan maksatnamalar, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşlygynda döwrüň ruhuna laýyk derejede kämilleşdirmek arkaly üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary, gazanylýan ägirt uly üstünlikler, dürli ulgamlarda ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda täze taryhy eýýamda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi we bu maksatnamada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini geljek 30 ýylyň dowamynda ösdürmek boýunça ileri tutulýan anyk çäreleriň bellenilmegi hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň senagat toplumy özygtyýarly Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda öndürilýän önümler özüniň ýokary hilliligi hem-de ekologik taýdan arassalygy bilen has-da tapawutlanýar. Bu bolsa, önümleriň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarlarda hem uly islege eýe bolmagyny şertlendirýär.

         Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän toýly günlerinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylmagy, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläkde ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, innowasion döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu döwrebap önümhana, ýerli çig malyň hasabyna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, importyň ornuny tutýan dürli görnüşli çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň täze gurlup ulanylmaga berilen bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasy milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny gaplyk çüýşe önümleri bilen doly üpjün etmäge ýardam berer. Önümhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlap, ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Ergin aýna fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän «IS» enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. «IS» enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär.

         Önümhanada döwrebap barlaghananyň işiniň ýola goýulmagy we bu barlaghanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologik enjamlaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we himiki barlaglaryny talabalaýyk geçirmäge mümkinçilik döredýär. Hususanda barlaghanada ornaşdyrylan «BTLT-2» enjamynda çüýşe gaplaryň wertikal basyş çydamlylygynyň barlagy, «Vici vishion» enjamynda awtomatlaşdyrylan geometrik ölçeginiň barlagy, «Labniks» enjamynda çüýşe gaplaryň gidrostatik basyş barlagy, «AGR» enjamynda bolsa olaryň sürtülme we çyzylma barlagy geçirilýär.

         Açylyş dabarasynda önümhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň, çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň gowşurulmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylgynda gurulýan önümçilik desgalarynyň, zawotlaryň we kärhanalaryň öňdebaryjy ulgamlary, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullaryny özünde jemlemegi şeýle desgalara bildirilýän ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

         Täze önümhana möhüm durmuş ähmiýetli kärhana bolmak bilen, onuň bina edilmegi ilatymyzy, ylaýtada türkmen ýaşlaryny täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilikleri döretdi. Ähli önümçilik prosesleriniň doly awtomatlaşdyrylmagy bolsa, önümhanada zähmet çekýän ýokary hünär derejeli inženerleriň, tehnologlardyr işgärleriň öz ukyp-başarnyklaryny döwrebap önümçilikde ulanmaklaryna itergi berýär.

         Önümhanada ýokary energiýa netijeliligini gazanmak maksady bilen, gazy we elektrik energiýasyny tygşytlaýjy innowasion çözgütler giňden ornaşdyryldy. Bu bolsa, önümçilik çykdajylaryny peseltmäge, netijede bolsa, önümhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.

         Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi senagatlaşdyrmakda dünýä nusgalyk işleri amal edýän, türkmen senagatçylaryna döwrebap şertlerde zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys.

ABDYLLA DÖWLETOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory