12-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň guramagynda «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramagyň tertibi» boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.

        Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.R.Döwletow, Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri kapitan A.Ýaňyýew we «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni K.Baýramnurowdagylar çykyş etdiler.

        Çykyşlarda, «Raýat goranyşy hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de «Raýat goranyşy we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň tertibi» boýunça, şeýle hem himiýa, radiasiýa, bakteriologiýa we biologiýa bilen bagly işlerde zähmeti goramak we şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünleri, zäherleýji maddalar olaryň häsiýetnamalary we tebigy hadysalar boýunça giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi.

        Şeýle wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi adamlaryň jan saglygyny we daşky gurşawy gorap saklamakda, ilatymyzyň raýat goranyşy babatyndaky hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmakda, tehnogen häsiýetli howply ýagdaýlarda, weýrançylyklarda, howply tebigy hadysalarda ýerine ýetirilmeli çäreler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

KEREMNUR BAÝRAMNUROW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Raýat goraýyş hünärmeni