19-njy noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň gurnamagynda zyýanly ýa-da howply zähmet şertleri bolan işlerde işleýän işgärleri hökmany, deslapky, döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden geçirmegiň tertibi boýunça umumy düşünje bermek maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy.
Okuw maslahatynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arassaçylyk gigiýenasy bölüminiň zähmet gigiýenasy bölümçesiniň sanitar lukmany G.Garryýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Saglygy goraýyş gullugynyň lukmany A.Mämmetmyradowdagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, ilatymyzyň saglygyny goramak ugrunda ýetilen belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi, şeýle hem kärhanalarda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň degişli maddalaryna laýyklykda iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna işgärleriň zähmet şertnamasy baglaşylanda deslapky we işiň barşynda döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini guramak boýunça borçlary, şunuň bilen baglylykda işgärleriň hukuklary barada umumy düşünjeler berildi.
Şeýle okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi kärhanalarda işgärleriň zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda işlemeklerini gazanmakda, olaryň jan-saglygyny gorap saklamakda, hünär keselleriniň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.
SYLAPBERDI BERDIÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy