15-nji aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda geçririlýän «Turkmentravel-2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmak, halkara kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmek maksady bilen geçirilýän forumyň dowamynda, kärhanananyň hünärmenleri halkara serginiň ähmiýeti we guralyşy barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmekde we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, döwrebap şertleri özünde jemleýän dynç alyş we myhmanhana toplumlarynyň işiniň rowaçlanmagynda, daşary döwletleriň syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjy wekillerini – syýahatçylyk operatorlaryny, awiakompaniýalaryny, myhmanhana torlaryny, medeni miras we ekosyýahatçylyk boýunça hünärmenlerini bir ýere jemleýän forumlaryň yzygiderli geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

ŞEMŞAT ÖWEZMURADOWA
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň iş ýöredijisi

Leave A Comment