10-njy aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagyna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbiniň tutulmagyna bagyşlanan gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow gatnaşdy.
Gepleşigiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen taryhy çäräniň ähmiýeti, Oba milli maksatnamasynda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigi, kemala gelýän obalardyr şäherçeleriň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde giň gerimli özgertmeleriň aýdyň subutnamasydygy barada buýsançly gürrüňler edildi.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy
Leave A Comment