16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birikmesiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Watançylyk taglymaty» atly täze kitabynyň hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň nobatdaky on sekizinji tomunyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny Tehniki-konstruktor býurosynyň meýilnama duýduruş işlerini alyp baryjy inženeri N.Seýitmyradow alyp bardy.

Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyň w.w.ý.ý. G.Baýramdurdyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birikmesiniň başlygy B.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy B.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň baş buhgalteriň orunbasary J.Rahimowadagylar çykyş etdiler.

Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň öňe barýandygyny we gülläp-ösýändigini, täze belent sepgitlere ýetilýändigini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň ýurdumyzda mynasyp derejede dowam etdirilýändigini buýsanç bilen belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Watançylyk taglymaty» atly täze kitabynyň hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň nobatdaky on sekizinji tomunyň çapdan çykmagynyň has-da begendiriji we buýsandyryjy wakalaryň birine öwrülendigini bellediler. Bu ajaýyp kitaplar türkmen ýaşlaryny watansöýüjilik, ýokary ahlakly we ylymly-bilimli ýaşlar hökmünde terbiýeläp ýetişdirmekde, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerini giňden öwrenmekde, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmakda, olardan ýokary hilli dermanlyk serişdelerini hem-de melhemleri taýýarlamakda möhüm orny eýelejekdigi barada çykyş edenler öz çykyşlarynda bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we onuň işini netijeli utgaşdyrmakda möhüm Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda bimöçber işler üstünlikli amala aşyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen döwrebap Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda saglygy goraýyşy halkara ölçeglerine laýyk derejede ösdürmek, pudaga innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy lukmançylyk tejribelerini ornaşdyrmak bilen bir hatarda, binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralaryny gurmak işlerine hem aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güninde Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň açylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän meşhur «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze binalar toplumynyň açylmagy, şeýle hem Balkanabat şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirmekde, keselleri irki döwürlerde anyklamakda we öňdebaryjy usullar bilen bejermekde, çagalara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermekde, amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde, ilatymyza edilýän şypahana hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmakda we ony ösdürmekde möhüm saglygy goraýyş desgalarydyr. Ýurdumyzda bina edilýän saglyk merkezleriniň halkara guramalary tarapyndan güwanamalara we şahadatnamalara mynasyp bolmagy bolsa, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, gazanylýan uly üstünlikleriniň, ýetilýän belent sepgitleriň bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyna hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen sanly lukmançylyk, emeli aň tehnologiýalary we telelukmançylyk giňden ornaşdyrylýar. Häzirki zaman Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri bolsa derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda, bu ugurda döwrebap bilim bermekde, bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamakda iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak we ony milli saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmak arkaly ylmy işleri alyp barjak iň häzirki zaman lukmançylyk klasteri bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly ensiklopedik kitabynyň XVIII tomy her ýyl uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde giň okajylar köpçüligine gowuşdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerini giňden öwrenmek, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmak, olardan ýokary hilli dermanlyk serişdelerini hem-de melhemleri taýýarlamak boýunça beýik işleri durmuşa geçirdi. Kitapda Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň asyrlar boýy sünnäläp, türkmeniň milli gymmatlygyna öwürlen, halk lukmançylygynda ulanylýan 173 sany dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumatlary berýär. Kitapda onkologiýada 400-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň ulanylýandygy, bu ösümlikleriň sitostatik täsirli, çişleriň garşysyna öňüni almakda netijeli, himiki täsirleşmeleriň modulýatory hasaplanylýandygy barada bellenilip geçýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly ensiklopedik kitabynyň XVIII tomunda dermanlyk ösümlikler barada doly we düýpli maglumatlar ýerleşdirilmek bilen, bu kitapda türkmen toparagynyň ajaýyp tebigy künjekleri bolan Annahan jülgesiniň arçalyklary, Gäwers jülgesiniň arguwanlyklarynyň, Keseýol jülgesiniň alyç tokaýlygynyň, Ypaýgalanyň ýokarky jülgesiniň, Deşt, Kyrk gyz şaglawuklarynyň, Saýwan deresiniň, Zäkli jülgesiniň jeňňellikleriniň, Garaagaç deresiniň garaagaçlyklarynyň, Tokly jülgesiniň çitçitliginiň, Hozly jülgesiniň, Hyz jülgesiniň, Bars jülgesiniň, Daraýdere jülgesiniň, Sumbar derýasynyň, Altyýap, Arwaz, Daraýdere, Çyrlak bulaklarynyň, Toraňňally çaýynyň, Bagandyr, Arçabil jülgeleriniň, Heýrabat deresiniň we başgada beýleki tebigy täsin künjekleriň fotosuratlarynyň ýerleşdirilmegi kitabyň täsirini has-da artdyrýar.

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güniniň giňden bellenilip geçilýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşy esasynda neşir edilen «Watançylyk taglymaty» atly täze kitaby türkmen ýaşlaryny watansöýüjilik, ýokary ahlakly we ylymly-bilimli ýaşlar hökmünde terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm gollanma bolup hyzmat eder. Çünki, Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda şahsyýeti kemala getirmek, ýaş nesliň durmuşdaky ornuny we ahlak gözýetimini kesgitlemek bilen bagly düşünjelerden ugur alyp, örän möhüm, esasy garaýyşlaryny paýlaşmak isleýändigini bellemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler barada giňişleýin belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Watançylyk taglymaty» atly täze kitabynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy, merdana ata-babalarymyzyň adamzada söýgi, ynsanperwerlilik, ýokary ahlaklylyk we adalatlyk däpleri, halkara giňişliginde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy we beýleki dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleriniň ähmiýeti, ýurdumyzyň baý energetika serişdeleri, ulag hyzmatdaşlygy, senagat ulgamy, ylym-bilim, türkmen ýazyjy-şahyrlary, kompozitorlary, türkmeniň milli buýsanjy bolan ahalteke bedew atlary, Arkadag şäheri, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişi, dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň baý taryhy we medeni hem-de maşgala gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň berilýär.

«Watançylyk taglymaty» atly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň, olaryň saglygy hakyndaky aladanyň, mynasyp bilim-terbiýe almaklarynyň we saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini belläp, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň edilýän aladalara jogap edip, olaryň baş maksadynyň okamak, öwrenmek, sport we döredijilik bilen meşgullanyp mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmek ugurunda beýik işleri amala aşyrmalydyklaryny buýsanç bilen belleýär.

Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar halkymyzyň saglygy, türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

ARSLAN AŞIROW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň
önümçilik boýunça orunbasarynyň w.w.ý.ý.