• Türkmenistan, Ahal welaýaty

    Aşgabat-Daşoguz ýolunyň 22-nji km

Preloader Close

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy üpjün edilýär, ýurdumyzyň halkara abraý derejesi has-da pugtalanýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ylyma-bilime daýanýan, uzak gelejegi nazarlaýan kämil işlenip taýýarlanylan döwlet we milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyz Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we hemaýat goldawlary netijesinde sazlaşykly, maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde anyk wezipeleriň hem-de maksatlaryň goýulmagy ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň gelejekde ösüşiniň aýdyň ýoluny kesgitledi. Pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzda bar bolan çig maly gaýtadan işlemegiň hasabyna impordyň ornuny tutýan eksport ugurly bäsdeşlige ukyply, senagat we gurluşyk harytlaryny öz ýurdumyzda öndürmek, täze ýokary kuwwatly döwrebap senagat we gurluşyk harytlaryny öndürmäge niýetlenen zawotlary, kärhanalary gurmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, öňden hereket edýänleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn esasda döwrümiziň ruhuna laýyk derejede işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde bolsa, häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde iň häzirki zaman ösen döwletleriň ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan iri zawotlar we kärhanalar gurulup ulanylmaga berildi we birnäçesiniň gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Uly üstünliklere beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Döwrebap «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgynyň gurulmagy güneşli Diýarymyzda sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Ählimize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewral aýynda açylan «Lebap» sement zawody bu ugurda nusgalyk görkezijidir. Bu önümçilik kärhana sebitde täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dürli maksatly gurluşyklary ýokary berklige eýe bolan sement bilen üpjün etmäge gönüden-göni öz täsirini ýetirdi.

Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldan, iri senagat kärhanasy häzirki zaman sement önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy. Zawodyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm ähmiýetli şertleriň bir hökmünde çykyş edýär. Önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň rugsat edilýän derejesinden hem ep-esli az bolmagy, zawodyň howa goýberýän tozanlaryny toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ullanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Önümçilik işiniň talaba laýyk alnyp barylmagyna, taýýar önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin barlaghana we gözegçilik bölüminiň, abatlaýyş ussahanasynyň bolmagy işleriň has-da ilermegine, öndürilýän önümiň hiliniň ýokary bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşar.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimzi senagat taýdan gülläp ösýän döwletleriň birine öwren we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmaga, ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz ýokary kuwwatly önümçilik kärhanalary we zawotlary gurup ulanmaga berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys.

AMANGELDI DURDYÝEW
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
baş inženeri