Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni taryhy wakalara beslenip türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji martynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenip geçirilýär. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumy adamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Ýadymyzda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň teklibi bilen, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň goldamagynda 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite Kararnama kabul edildi. Şol günden bäri köp asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Nowruz baýramy. halkara derejesinde giňden bellenilýär. Dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýän, medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizililmegi bolsa bu baýramyň many-mazmunyny we ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmen halkynda Nowruz güni Nowruz ösümliklerinden taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berlipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan hem däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr. Şolaryň arasynda bolsa, Nowruzda gadymdan bäri adata öwrülen tagam atýýarlamak däplerimiziň biri hem semeni taýýarlamakdyr. Semenini däp-dessurlarymyza laýyklykda il arasynda uly abraýa we hormata eýe bolan zenanlar tarapyndan taýýarlanylýar. Taýýar bolan semeni goňşy golamalara, myhmanlara paýlanylýar. Nowruzda üýşüp semeni taýýarlamagyň, ony uly il bolup, paýlaşmagyň baş maksady bolsa – Täze ýylyň bol hasylly, rysgal bereketli, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini arzuwlamak bolup durýar.
Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri türkmen halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde saklap gelýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bolsa bu baýramçylyk ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar. Nowruzyň gelmegi bilen baglanşykly döredilen sanawaçlar, läleler, monjukatdylar, hüwdiler, öleňler, gazallar, nakyllar bolsa milli halk döredijiligimiziň genji-hazynasydyr. Türkmeniň milli senedi bolan gazma dutaryň we gyjagyň mukamy, halypa bagşylaryň belent owazy, gargy tüýdügiň ýanyndaky ýanama aýdymlaryň joşgunly sesi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň özüne mahsus bolan däp-dessury ynançlary, milli häsiýetleri nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Gadymy oguzlarda hem bu baýramçylygy Günüň gudratyna bagyşlap geçiripdirler. Oguzlaryň düşünjesinde Güne ýaşaýşyň esasyny döredýän keramat hökmünde garapdyrlar. Günüň ýiti şöhlesi ähli ösümlik dünýäsiniň, janly-jandaryň ýaşamagynyň çeşmesi diýip düşünipdirler. Olar bu baýramçylygy akar suwuň, ýagny uly derýanyň boýunda geçiripdirler. Nowruz baýramynda türkmen milli oýunlaryndan: Ýüzük tapdy (keçe-keçe, çeke-çeke) oýny, Deňňene, Geşdek (keşdek, heşdek), Ýaglyga towusmak, At çapyşygy, Altyn gabak oýny, Çowgan, Göreş, Aşyk oýny, Aýterek – günterek, Öweleme-düweleme, Guşak goýdy, Çilik-hekgal, Çiş oýny, Ak süňk, Çap atym ýaly oýunlar oýnalýar. Nowruz bilen bagly il arasynda dürli ynançlar hem bar olordan: Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş ýa-da bolmasa Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş, Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Pederlerimiziň iň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda ruhubelent türkmen halkynyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz baýramy türkmen döwletiniň şöhratly täze senenamasynda täze mazmuna, täze ruha, täze röwşe eýe boldy» diýip buýsançly belläp geçýär. Hakykatdan hem bu nurana baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryma Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň agzybirligiň jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, dünýä nusgalyk asylly başlangyçlary, beýik işleri hemişe rowaç bolsun.
BÄGÜL GULOWA
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat
bölüminiň baş hünärmeni