Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan özüniň saýlap alan parahatçylygy söýüjilikli ýoly bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bütin dünýä dostlyk goluny uzadýar. Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri sebitiň we dünýäniň örän amatly ýerde ýerleşmek bilen, bu günki gün üçünji müňýyllykda bu möhüm ugury dikletmekde hem birnäçe milli we halkara derejeli işleriň başyny başlady. Çünki, bu ägirt uly umumy adamzat ähmiýetli başlangyçlaryň başyny başlaýjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman |Arkdagymyz ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlarda görmek bilen, şeýle asylly başlangyçlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutanýerli tagallalary we ýiti zehini netijesinde halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä eýe bolmak bilen giň goldaw tapýar. Şeýle başlangyçlaryň bolsa, bütin dünýäde durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-na agza döwletleriň goldamagy bilen bu guramanyň ýörite Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça strategik taýdan ähmiýetli çäreleri amala aşyrmaklygy göz öňünde tutýan milli maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi hem-de bu maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekde, ulag ugrunda halkara guramalary, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary bilen has-da ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýmakda, ýöriteleşdirilen halkara ulag we logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde; ulag-logistika ulgamynda badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmekde, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we bu geçelgeleriň netijeli ulanylmagyny gazanmak, uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyny gazanmak, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän iň iri taslamalarynyň biri hem umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşydyr. Bu taslama 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi esasynda gurluşyk işlerine badalga berildi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Aşgabat-Tejen, Tejen-Mary, Mary-Türkmenabat ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Awtobanyň birinji böleginiň degişli halkara hil standartyna laýyk gelmegi bu ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny doly subut edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar. Özünde birnäçe döwrebap desgalary jemleýän, alty sany hereket zolagyndan ybarat bolan, ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertleri döredilen, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edilen, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler ornaşdyrylan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň Tejen-Mary böleginiň bu taryhy ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi Bitarap ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Bu döwrebap ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ägirt uly möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistik merkeze öwrülýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Ltd.» kompaniýasynyň Ankaradaky (Türkiýe Respublikasy) şahamçasy tarapyndan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegine «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasynyň, Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasy tarapyndan «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamanyň, Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň halkara güwänamalarynyň birbada üçüsine «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalarynyň gowşurulmagy hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde tapgyrlaýyn esasda gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşygynda, häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylyşyna çenli, tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyny, şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzyň sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny, geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüjilikli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bu bölegini gurmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagy+nyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden-ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we «Tiz kömek» merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygynyň ýörite nokatlary oturdyldy.

Täze döwrebap desgalary gurdurup, Berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürilmegini, ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara üstünliklere beslensin.

ABDYLLA DÖWLETOW
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
direktory