Preloader Close

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan mähriban Diýarymyzda döwlet derejesinde amala aşyrylýan islendik işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçündir!» diýen asylly pähiminden ugur alynýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan durmuş we ykdysady özgertmeler, ýokary ösüşler, beýik işler eziz Watanymyzyň at-abraýynyň has-da belende göterilýändigini aýdyň ýüze çykarýar. Her bir güni ýokary ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda bina edilen Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda pyýadalar we sürüjiler üçin ähli amatlyklary döredilen köp zolakly ýagty we giň awtomobil köçeleri, halkalaýyn ýollar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, ýerüstü we ýerasty pyýada geçelgeleri, döwrebap köprüler gurulýar. Munuň özi ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramaga, şeýle-de ýol hereketiniň howpsyzlygynyň üpjün edilmegine gönükdürlendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçlyklara beslenýän ulag diplomatýasynyň miwesi bolan ak ýollaryň gurulyp ulanylmaga berilmegi, olarda hereket edýän ulaglaryň sanynyň barha artmagy ýol hereketiniň howpsyzlygyny üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işleri mundan beýläkde has-da kämileşdirmek bilen birlikde sürüjilerdir pyýadalaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümüzüň rahatlygy» atly köçe ýol hereketiniň biraýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary guramaçylyk derejesinde badalga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäre jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Bu biraýlyk bilen baglanşykly geçirilýän çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrünüň rahatlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hut şu nukdaýnazardan, köçe ýol hereketine bagyşlanan biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda wagyz-nesihat duşuşuklaryny geçirýärler. Geçirilýän wagyz-nesihat duşuşuklarynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howupsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny belleýän beýleki hukuk namalary hakynda hem-de olaryň ähmiýeti barada düşündiriş işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmek boýunça, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdürlen kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy we bu ugurda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar

Ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, ýol-ulag hadysalary bilen bagly şikesleriň öňüni almaga mümkünçilik berýär. Howpsyz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakda ýol hereketine gatnaşyjylar bolan pyýadalaryň, ýolagçylaryň we sürüjüleriň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmandyr. Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmäge diňe bir sürüjüler borçly bolman, eýsem pyýadalar hem borçludyrlar. Sebäbi ýol hereketiniň howupsyzlygy biziň her birimize baglydyr.

Merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys.

SYLAPBERDI BERDIÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy