• Türkmenistan, Ahal welaýaty

    Aşgabat-Daşoguz ýolunyň 22-nji km

Preloader Close

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurmagyň we döretmegiň, dostlugyň-doganlygyň, parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Gurýan döwlet – guruply döwletdir!» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, taýsyz yhlasyndan, ýürek owazyndan kemal tapan sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgeleri we «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy esasynda, gojoman Köpetdagyň iň bir gözel ajaýyp tebigy taýdan arassa künjeginde bina edilen Arkadag şäheri ýaşlygyň we juwanlygyň, baky bagtyýarlygyň şäheri hökmünde tutuş halkymyzyň guwanjyna hem-de buýsanjyna öwrüldi. Milli binagärligimiziň häzirki zaman öwüşgünleri, iň häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda bina edilen Arkadag şäherine birnäçe dünýäniň iri halkara guramalary tarapyndan güwänamalaryň we sylaglaryň berilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde bolsa, dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherlerini, şeýle hem kompaniýalaryny özünde jemleýän Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri üç sany baýrak bilen sylaglanmagy bolsa bu şäheriň halkara derejesindäki ähmiýetini has-da pugtalandyrdy.

Akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäherine «akylly şäher» ulgamyndaky belent üstünlikler üçin (Smart City Excellence Award) sylagy, «Daşary ýurt «akylly şäheri» (Foreign city award) we ««World Smart City Expo 2024» Bütindünýä «akylly şäherleriň» sergisine goşan goşandy üçin» ýaly ugurlardaky baýraklar gowşuryldy. Şunda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn nygtamak has-da buýsandyryjydyr. «2024 World Smart City Expo 2024» Bütindünýä sergisine Koreýa Respublikasynyň sebitlerinden başga-da Türkmenistan, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Taýland Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň, Ysraýyl döwletiniň we şol sanda ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy bu serginiň geriminiň has-da ulydygyny görkezýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik başarnygyndan binýat bolan Arkadag şäherine şeýle halkara derejeli baýraklaryň berilmegi diňe bir Arkadag şäherine berilen mynasyp baha bolman, eýsem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ussatlygyna halkara derejesinde berilen ýokary baha hökmünde garamak bolar. Döwrümiziň beýik syýasatçysynyň, bütin dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň adynyň bu ajaýyp şähere halkymyzyň arzuw-islegleriniň gözöňünde tutulup dakylmagy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň külli türkmen halkynyň öňünde bitren aýratyn hyzmatlaryna beren ýokary bahasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde bu şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyryna badalga berilmegi bu şäheriň ösüş ýolunda täze tapgyry açdy. Binýady berkden tutulan Arkadag şäherinde halkara çäreleriň, maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa bu şäheriň mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyň subut edýär. Beýik ösüşlerimiziň, ýeten belent derejelerimiziň, asuda we abadan Watanymyzyň, döwletliligimiziň çeper binagärlik keşbi bolan Arkadag şäheri baky bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň nusgasy bolup täze taryhy eýýamymyzyň ýalkymy bolup asyrlara ýaň salar.

Döwrebap şäherleri, nusgalyk obalary gurup halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.

MUHAMMET BERDIÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Hil sozma sehiniň başlygy