Binýady berkden tutulan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde «Döwlet–adam üçindir!» şygary baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli durmuş özgertmeleri bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň, erkana zähmet çekmekleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak we kepillendirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Kanunyň ileri tutulmagy türkmen jemgyýetiniň baş ýörelgesidir» diýip bellemek bilen häzirki wagtda döwletimiziň ösen zähmet bazaryna geçiş şertlerinde milli ykdysadyýetiň dünýä ulgamyna goşulmagynda zähmet kanunçylygynyň düýpli kämilleşdirilmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar. 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen raýatlarymyzyň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemäge, zähmetiň amatly şertlerini döretmäge, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybarat bolan Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda zähmet gatnaşyklaryny döwrebap guramagyň ähli ugurlary düzgünleşdirilýär.

Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň zähmete bolan hukugy, olaryň saýlap alan käri boýunça zähmet çekmekleri, özleriniň zähmet endiklerini kämilleşdirmekleri Baş kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan doly kepillendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde raýatlara işlemäge döretmäge ähli şertler döredilýär we bu ugurdaky işler döwrümiziň talabyna laýyk derejede has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasynda (Zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmeleri) raýatlaryň zähmete bolan hukugy, edýän işi we iş ýerini saýlamaga bolan hukugy, her bir raýatyň öndürjilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmegi, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuklary doly beýan edilýär we kepillendirilýär. Şeýle hem bu kanunda işgäriň bellenen tertipde we şertlerde zähmet şertnamasyny baglaşmaga, ony üýtgetmäge, ýatyrmaga, şertnamada şertlendirilen işiň özüne berilmegini talap etmäge, zähmeti guramagyň, tehniki howpsuzlygyň döwlet ülňülerinde göz öňünde tutulan şertlere, sanitariýanyň, arassaçylygyň, köpçülikleýin şertnamanyň talaplaryna laýyk gelýän iş ornuna bolan hukuklary göz öňünde tutulýar.     

Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy özgertmelerini mynasyp ýörelgeler esasynda üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde hem mynasyp işler alnyp barylýar. Täze kabul edilýän we täzeden işlenilip taýýarlanylýan kanunçylyk namalary, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze kabul edilýän kanunlar işlenilip taýýarlanylanda bu ugurda ösen döwletleriň tejribeleriniň düýpli öwrenilmegi, şol tejribeleriň milli tejribelerimiz bilen utgaşykly esasda özleşdirilmegi we kanunlarymyzda beýan edilmegi döwletimiziň milli hukuk ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da berkidýär.

Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn» diýip belleýän sözleriniň iş ýüzünde doly amal edilýändiginiň subutnamasydyr.

Mizemez berk binýatly Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraý derejesini pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, işlemäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys.

KERIMGELDI SAPAROW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Işgärler bölüminiň başlygy