25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň «Dokma we ýeňil senagatynyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek» hünärinde okaýan talyplary özleriniň halypa mugallymlarynyň halypalyk etmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikleriň üsti bilen has-da berkitmek maksady bilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara kärhananyň hünärmenleri tarapyndan kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar, öndürilýän önümler barada giňişleýin gürrüňler berildi.
Şeýle göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hünär taýýarlygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan işleriniň aýdyň beýanydyr.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň inžener tehnology (metallurgiýa boýunça) |